Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda parlament saýlawlary geçýär


Belarusyň Goradni şäherindäki saýlaw uçastogy. 17-nji noýabr, 2019 ý.
Belarusyň Goradni şäherindäki saýlaw uçastogy. 17-nji noýabr, 2019 ý.

Belaruslylar parlament saýlawlarynda ses berýärler.

Saýlawlarda oppozisiýa kandidatlarynyň hem bardygyna garamazdan, prezident Aleksandr Lukaşenka ygrarly dalaşgärleriň üstün çykjakdygyna garaşylýar.

17-nji noýabrda geçirilýän saýlawlaryň fonunda, Belarus häzir çatrygyň öňünde dur.

Moskwa has köp harby we ykdysady gatnaşyklaryny ilerletmek üçin Minske basyş edýär. Bu hem öz gezeginde, Lukaşenkany Ýewropa Bileleşigi, ABŞ we Hytaý bilen hyzmatdaşlyk etmäge itekleýär.

Lukaşenka 9.5 million ilatly Belarusa 25 ýyl töweregi ýolbaşçylyk edýär. 2020-nji ýylda Belarusda nobatdaky prezidentlik saýlawlary geçiriler. Şol bir wagtda, Lukaşenkanyň awtoritar dolandyryşynyň ýene näçe wagt dowam etjekdigi sorag astyna alynýar.

Milli Geňeşiň 110 orunlyk aşaky öýüne 500 töweregi kandidat dalaş edýär.

200 töweregi, aglaba oppozisiýa bilen ilteşikli dalaşgär saýlawlara goýberilmedi. Olaryň ýeterlik gollary toplap bilmändigi aýdyldy.

XS
SM
MD
LG