Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebapda ösüp çykan bugdaýlar näbelli keselden guraýar, Maryda kärendeçilere gyşyň öňýany güýzlük bugdaý ekdirilýär


Illýustrasiýa suraty. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bugdaý meýdanlary

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri Türkmenistanyň dürli regionlarynda güýzlük bugdaý ekişinde we oňa ideg etmekde agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeýändigini habar berýärler.    

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Jeýhun, Jendi, Goýgala, şeýle-de Galkynyş etrabynyň Watan, Parahat we Azatlyk daýhan birleşiklerinde ösüp çykan bugdaýlar näbelli keselden guraýar. Welaýatyň ähli etraplarynda heniz hem bugdaý ekişiniň dowam edýän obalary bar. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda häkimiýetler gyşyň öňýany kärendeçilere güýzlük bugdaý ekdirýär, daýhanlar gijä galan bugdaýdan hasyl alyp bilmän döwlete bergili çykmakdan gorkýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we çeşmeleri 21-nji noýabrda habar berdiler.

Lebaply habarçynyň maglumatlaryna görä, welaýatyň ençeme obalarynda bugdaýlaryň çogdamlanýan döwründe olar näbelli keselden guraýar.

“Köp meýdanlar tutuşlygyna, käbirleriniň tas ýarysy gurapdyr. Agronomlaryň şire keseli we aklama diagnozlarynyň esasynda beren himiki dermanlary netijesiz bolupyr” diýip, welaýatyň obalaryna aýlanan habarçy maglumat berdi.

“Bugdaý güýzde giç ekildi, ösüş suwy wagtynda tutulmady, şonuň üçin her dürli keseller we zyýan beriji mör-möjekler ekinleri guradýar” diýip, atlandyrylmazlyk şertinde çykyş eden ýerli agronom Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, welaýatyň çäginde heniz hem bugdaý ekişiniň dowam edýän obalary bar.

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine resmi derejede 4-nji sentýabrda girişildi.

Habarçy bugdaýyň Lebap welaýatynyň esasan Çärjew, Farap, Galkynyş we Darganata etraplarynda ekilýändigini, günorta etraplarda şaly we pagta, az mukdarda bugdaý ekilýändigini aýdýar.

Bugdaýlary näbelli keselden guran gallaçy kärendeçiler olara zerur bolan dermanyň ýeter-ýetmezçiliginden şikaýat edýärler.

Oba hojalyk hünärmenleri Türkmenistanda bugdaýa zyýan berýän zyýankeşleriň hatarynda ýasmyk, sülükpisint, däne sowkasy, däne şirejesi we däne hozanagy ýaly mör-möjekleri agzaýarlar, olara garşy insektisidleriň pürkülip sepilmegini maslahat berýärler.

Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy 21-nji noýabrda ýetiren habarynda welaýatyň çäginde gyşyň öňýany bugdaý ekişiniň heniz hem tamamlanmandygyny habar berýär. Şu günler Maryda howa gijelerine – 8 gradusa çenli sowaýar.

“Wekilbazar etrabynyň häkimligi obalaryň başlyklaryna kärende ýerlere bugdaý ekdirmegi tabşyrdy. Bugdaý ekişine gijä galan daýhanlar ýeterlik hasyl alyp bilmän döwlete bergili çykmakdan gorkýar” diýip, habarçy maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, şertnama esasynda kärendeçiler bugdaýyň her 1 gektaryndan 2.5 tonna hasyl almaly, hökümet ondan artykmaç döwlete tabşyrylan her 1 kilogram bugdaý üçin 40 teňňe möçberinde goşmaça töleg tölemegi daýhanlara wada berýär.

Türkmen hökümeti göz öňünde tutýan nobatdaky bugdaý hasylynyň möçberini geçen ýylkydan kemeltdi. Türkmenistan öňümizdäki galla hasylyndan ýurt boýunça 1 million 400 müň tonna bugdaý almagy planlaşdyrýar, geçen ýyl döwlet plan borçnamasy 1 million 600 müň tonna diýlip kesgitlenipdi. Beýleki tarapdan, ýurtda öňümizdäki ýyl üçin pagta plan borçnamasyny artdyrmak meýilleşdirilýär.

Döwlet metbugaty güýzlük bugdaýyň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ekilýändigini, ýeterlik suw, tehnika we dökün üpjünçiligini gaýtalaýar, ýöne ýerlerde Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri daýhanlaryň bularyň ýetmezçiliginden şikaýat edýändiklerini aýdýarlar.

Oba hojalyk hünärmenleri ýurduň günorta sebitlerinde bugdaýa jemi 4-5 gezek demirgazyk sebitlerde 3 gezek ösüş suwunyň tutulmagyny, şeýle-de ösüş döwründe oňa iki gezek azotly dökünleriň berilmegini maslahat berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG