Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryň nyrhy esli peseldi


Aşgabat, maý, 2019.

Aşgabatda soňky ýylyň dowamynda ýaşaýyş jaýlaryň nyrhy çürt-kesik peseldi. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, jaýlar ortaça 30 prosent çemesi arzanlapdyr.

Häzirki wagtda paýtagtyň merkezinde ýerleşýän we öň 45 müň amerikan dollaryna satyp bolýan iki otagly jaýyň häzirki bahasy 30-35 müň amerikan dollaryndan geçmeýär.

Ýerli synçylaryň sözlerine görä, Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryň arzanlamagy ýurtda dowam edýän ykdysady krizis we ilatyň ýurduň daşyna köpçülikleýin migrasiýasy bilen bagly.

Ilatyň maddy ýagdaýynyň agyrlaşmagy sebäpli, raýatlar gazanjyň gözleginde, şeýle-de hemişelik daşary ýurtlara köp gidýärler.

"Köpler ýurduň daşyna göçüp gitmek hakynda oýlanýarlar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar we göçüp gidýänleriň öz jaýlaryny satmak üçin ony hasaba goýmalydygyny belleýär.

Şol bir wagtyň özünde-de, jaýy satmagyň düzgünleri hem has çylşyrymlaşdyrylypdyr.

"Jaý satmak ýa-da ony başgasyna çalyşmak boýunça islendik operasiýany Adalat ministrliginiň ýanyndaky gullukda hasaba goýmak borjy girizildi. Bu gullugy jaýlaryň satylmagyny kynlaşdyrmak üçin döretdiler, sebäbi ýurtdan gidýänler gaty köp" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Azatlyk Radiosy agzalan gullugyň işi we jaý söwdasyny hasaba almak boýunça düzgünleriň jikme-jikleri barada Adalat ministrliginiň özünden resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Azatlygyň täze düzgünlerden ygtybarly çeşmesiniň maglumatyna görä, raýatlaryň öz jaýyny satmagy üçin olardan şeýle resminamalar talap edilýär:

1. Gozgalmaýan emlägi hasaba alýan (GPTI) döwlet edarasyndan jaýyň bankda girew goýulmandygy hakynda resminama.

2. Döwlet arhiwinden resminama.

3. Içeri işler ministrliginiň adres býurosyndan hat.

4. Öý dolandyryş edarasyndan hat, zil-zibiller, elektrik togy, suw we jaý üçin bir ýyllyk tölegleriň edilendigi hakynda resminama.

​Aşgabatda jaýlaryň nyrhynyň peselmegi Türkmenistandan Orsýete göçüp gitmäge rugsat almak isleýän türkmenistanlylaryň Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde uly nobatlara düzülýän döwrüne gabat geldi.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda içlihananyň öňünde saklanýan uly nobatlarda duranlaryň ençemesi etniki türkmenler.

“Hepdäniň başynda men ol ýere baryp gaýtdym. Russiýa Federasiýasyna göçmek üçin nobata garaşýan adamlaryň sany gaty köp. Ýöne geň ýeri, nobata garaşýanlaryň arasynda milleti türkmen bolan adamlar hem köp. Çen bilen aýtsam, garaşýanlaryň tas ýarysy, 40 %-e golaýy türkmendir. Entek köp sanly adam nobata-da ýazylýar. Bu gün aýyň soňy üçin nobata ýazyldylar” diýip, Azatlygyň habarçysy 10-njy maýda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasy türkmenistanly raýatlara Russiýa Federasiýasynyň Uzak Gündogar sebitlerine göçüp barmak mümkinçiliklerini hödürleýär, türkmenistanlylar muňa-da razy bolýarlar.

“Ýöne adamlar muňa-da razy. Türkmenistanda ýaşaýyş şol derejede agyrlaşan bolmaly!” diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary Türkmenistandan göçüp gitmek isleýänleriň Orsýetiň ilçihanasynyň öňündäki uly nobatlary barada dekabr aýynda hem habar beripdi. Şonda olar nobatda duranlaryň ençemesiniň türkmenlerdigini we olaryň türkmen howpsuzlyk gulluklary tarapyndan gürrüňdeşlige çagyrylýandygyny habar beripdi.

Orsýetiň 2006-njy kabul edilen watandaşlary göçürmek diýlip atlandyrylýan programmasy öňki sowet ýurtlaryň raýatlarynyň Orsýet Federasiýasynyň territoriýasyna göçürilmegine we soň olara raýatlygyň berilmegine gönükdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Rus dilinde hem okaň

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG