Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýyladyş bilen bagly problemalaryň fonunda prezident häkimlere binalary ýylatmagy tabşyrdy


Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji noýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Aşgabadyň hem-de welaýatlaryň häkimlerine beýleki meseleler bilen bir hatarda durmuş düzümine degişli binalaryň ýyladylmagyna gözeçilik etmegi tabşyrdy.

Bu tabşyryk Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň ýurduň dürli regionlarynda keselhanalarda we beýleki möhüm binalarda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemeýändigi barada berýän maglumatlarynyň yzýanyna gabat gelýär.

Prezidentiň geçiren wideoşekilli iş maslahatyna paýtagtyň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdyryldy. TDH-nyň ýazmagyna görä prezident Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ş. Durdylyýewe, Ahal welaýatynyň häkimi S. Berdimuhamedowa, Balkan welaýatynyň häkimi Ý. Gylyjowa hem-de Daşoguz welaýatynyň häkimi N. Nazarmyradowa “howanyň sowap başlandygyny nazarda tutup, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň bökdençsiz ýyladylyşyna” üns bermegi tabşyrdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurt içindäki durmuş düzümine degişli desgalaryň kadaly ýyladylmaýandygy barada yzyzgiderli habar berip geldi.

8-nji noýabrda paýtagtly habarçymyz Aşgabadyň Parahat we Gaudan etrapçalaryndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemeýändigini, jaýlaryň içiniň köplenç sowuk bolýandygyny habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Aşgabadyň häkimiýetleri köp gatly jaýlardaky ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezliginiň sebäpleri barada anyk düşündiriş bermeýärler.

Azatlygyň lebaply habarçysy 8-nji noýabrda iberen maglumatynda welaýatyň Farap we Saýat etrap hassahanalarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemeýändigini habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, bu etraplardaky hassalar keselhanalarda ýylanmak üçin özleri çäre görmeli bolýarlar:

“Bu hassahanalarda saglyk bejergisini alýan näsaglar palatany ýylatmak üçin indi elektrik peçlerini hem öz ýany bilen alyp barmaly edildi. Şeýle-de, olar ýorgan-düşekleri hem eltmeli. Öňler näsaglar dermanlaryny öz ýany bilen alyp barmalydy, indi bu zatlary hem eltmeli” diýip, howpsuzlyk sebäpli atlandyrylmasyzlyk şertinde söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

15-nji noýabrda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy bu welaýatyň käbir obalarynda gazyň we elektrik togunyň kadaly berilmeýändigi sebäpli ýaşaýjylaryň peçlerde odun we sygyr tezegini ýakyp, ýylanmaga mejbur bolýandyklaryny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän maryly habarçylarynyň biri bu ýagdaýy Murgap etrabynyň “Hyrlsan Juma” we “Türkmenistan” daýhan birleşikleriniň ilatynyň başdan geçirýändigini aýdýar.

“Marynyň oba ýaşaýjylary gazyň pesliginden şikaýat edýärler. Käbir adamlar odun, sygyr tezegini ýakyp, käbiri solýarka peç gurnap, öýlerini ýylatmakçy bolýar. Emma bu öýüň içini gara gurumdan doldurýar we ýakymsyz ys çykarýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde maglumat beren habarçy 15-nji noýabrda gürrüň berdi.

Noýabryň başynda Azatlygyň lebaply habarçysy welaýatyň demirgazyk etraplarynda, hususan-da Darganata etrabynyň Halkabat we Gyzylbaýdak ýaşaýyş nokatlaryndaky çagalar baglarynyň we mekdepleriň tas ählisinde ýyladyş ulgamlary işlemeýändigini habar berdi.

Döwlet metbugaty ýyladylmaýan durmuş düzümine degişli desgalar barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG