Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji polisiýasy protestçileri dargatmak üçin suw toplaryny ulanyp, birnäçe aktiwisti tussag etdi


Tbiliside polisiýa protestçileri dargatmak üçin suw toplaryny ulandy.
Tbiliside polisiýa protestçileri dargatmak üçin suw toplaryny ulandy.

Gürji polisiýasy daňdanyň öň ýany 30 minut ultimatum bereninden soňra parlamentiň golaýyndaky protestçileri dargatmak üçin, suw toplaryndan peýdalanyp, birnäçe aktiwisti tussag astyna aldy. Ondan birnäçe sagat ozal müňlerçe adam paýtagtda ýygnanyp, saýlaw reformalaryny talap edipdiler.

Içeri işler ministrligi 26-njy noýabrdaky bir beýannamasynda “polisiýa boýun bolmazlykda we huligançylykda” aýyplanyp, 28 protestçiniň tutulandygyny aýtdy. Gowşan irki habarlarda aýdylmagyna görä, tutulanlaryň arasynda oppozision “Birleşen milli hereket” partiýasynyň iki agzasy Ako Minaşwili bilen Gia Tewdoradze-de bar.

Saglyk ministrligi dört adamyň ýaralanandygyny, üçüsiniň hem keselhana ýerleşdirilendigini mälim etdi. Ýerli medianyň habarynda ýaralananlaryň biri “Mtawari Alhi” telekanalynyň žurnalisti Wasil Dabrundaşwili diýilýär. Ýöne ol şindi-de keselhanadamy ýa däl, munuň entek bellisi ýok.

Häzir parlamentiň girelgesine polisiýa kontrollyk edýär, onlarça demonstrant hem şol ýerde dur. Öz aýtmaklaryna görä, olaryň maksady kanun çykaryjylary parlamente goýbermezlik.

Oppozision “Täze Gürjüstan” partiýasynyň başlygy Giorgi Waşadze 26-njy noýabrda telewideniýeden berlen interwýusynda häkimiýet başyndaky “Gürji arzuwy” partiýasy “parlament mejlisini diňe polisiýany ulanmak bilen geçirmegi başarýar” diýdi.

“Polisiýa mümkinçilik berse, biz parlamente gireris” diýip, Waşadze aýtdy.

Protestçiler mundan bir gün ozal häkimiýet başyndaky “Gürji arzuwy” partiýasy geljek ýyldan başlap, garyşyk saýlaw ulgamyndan proporsional ulgama geçmegi ret edeninden soňra ýygnandylar.

20 çemesi oppozision toparyň tarapdarlary Tbilisiniň esasy Rustaweli köçesini baglap, şäheriň Respublika skwerinden parlamente tarap ýöriş geçirdiler.

Protestçiler möhletinden öňki saýlawlar geçiriler ýaly, hökümeti wezipeden çekilmäge çagyryp, kanun çykaryjylara 26-njy noýabra planlaşdyrylan umumy mejlise gatnaşara parlamente ýol bermejekdiklerini aýtdylar.

25-nji noýabrda häkimiýet başyndaky partiýanyň baş sekretary Tbilisiniň meri Kaha Kaladze partiýada geçen maslahatdan soňra: “Mesele gutardy, saýlaw ulgamynda üýtgeşiklik bolmaz” diýdi.

Oppozisiýanyň aýtmagyna görä, häzirki saýlaw ulgamy 2012-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyryp gelýän “Gürji arzuwy” partiýasynyň bähbidine.

Parlament 14-nji noýabrda proporsional ulgama geçmek barada Konstitusiýa girizilmek teklip edilen düzedişi ret edeli bäri bu mesele uly mesele bolup durýar.

Reforma – iýun we iýul aýynda, indi-de soňky hepdelerde Tbiliside üýşmeleň geçirýän müňlerçe protestçiniň edýän talaplarynyň biridir.

Polisiýa zorluk ulanyp, 18-nji noýabrda protestleriň birini dargadyp, 37 demonstrantçy tutuldy.

Häzir kanun çykaryjy organyň orunlarynyň ýarpysy proporsional wekilçilikli. Ýöne oppozisiýa bu ulgamda adalatsyz ýagdaýda “Gürji arzuwy” partiýasy ileri tutulýar diýýär.

Günbatarly diplomatlar täze protestleriň zorlukly hereketlere ýazmagy mümkin diýip alada bildirýärler.

17-nji noýabrda Tbiliside 20 müň adam üýşmeleň geçireninden soňra Birleşen Ştatlar bilen Ýewropa Bileleşigi gürji hökümetini syýasy partiýalary we raýat jemgyýetini “asudalyk we birek-birege hormat esasynda dialoga” çagyrdylar.

Ýewropa Bileleşigniň Gürjüstan baradaky delegasiýasy bilen ABŞ-nyň ilçihanasy tarapyndan bilelikde çykarylan beýannamada olar “parlamentiň konstitusional düzedişleri ret etmeginiň gürji jemgyýetiniň uly böleginde lapykeçlik döredendigini bilýändiklerini” aýtdylar.

Beýannamada proporsional saýlawlara geçilmeginiň togtadylmagy “ynamsyzlygy artdyryp, häkimiýet başyndaky partiýa bilen beýleki syýasy partiýalaryň we raýat jemgyýetiniň arasyndaky dartgynlygy güýçlendirdi” diýilýär.

Ses berişlik Ýewropa geňeşiniň parlamentar ýygnagy tarapyndan hem tankytlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG