Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň dermanhanalarynda uzyn nobatlar döredi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary şäherindäki hususy dermanhanalaryň öňünde adamlaryň uzyn nobatlary emele geldi. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän maryly habarçysy munuň sebäplerini ilat arasynda keselçiligiň artandygy we döwlet dermanhanalarynda dermanlaryň gymmatdygy bilen düşündirýär.

“Maryda öýme-öý diýen ýaly grip keseli ýaýrady. Şol sebäpden haýsy dermanhana barsaň, uly nobatlara gabat gelýärsiň. Has-da Akrap Farseýi”, “Magdan” we “Aba-Jan” ýaly hususy dermanhanalaryň öňünde nobatlar gaty uly. Halk dermanlary bir manat bolsa-da arzandan almak üçin birnäçe sagatlap nobata durýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 26-njy noýabrda gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, adamlar irden sagat 7-den nobata durup başlaýar we sagat 10 töweregi nobatlar has-da artýar. Bu ýere derman satyn almak üçin uzak obalardan hem adamlar barýar.

“Häzir döwlet dermanhanalarynda 'Ampicillin' dermany 15 manatdan satylýan bolsa, onuň hususyýetçilerdäki bahasy 10 manatdan bahalanýar. Beýleki dermanlaryň bahasy hem şonuň ýaly” diýip, habarçy belledi.

Dermanlaryň döwlet dükanlarynda gymmat, hususyýetçilerde arzan bolmagynyň sebäpleri häzirlikçe nämälim bolup galýar. Bu barada ilat köpçüligine resmi düşündiriş hem berilmeýär.

Ýöne Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolýan marylylar ýurtda ykdysady kynçylyklaryň ýiti duýulýan wagtynda, derman gymmatçylygynyň özleriniň güzeran eklenjini has-da ýaramazlaşdyrýandygyny aýdýarlar.

Olar “Türkmenistanyň raýatynyň saglyk ätiýaçlandyryş pasportunyň” hem döwlet dermanhanalaryndan ýeňillikli derman satyn almaga mümkinçilik döretmeýändigini belleýärler.

“Ilki bilen degişli bolan Saglyk öýüňden sprawka düzetmeli. Şonuň esasynda döwlet dermanhanasyna ýüz tutmaly. Ýöne gynansakda, gerek dermanlar tapdyrmaýar. Bu pasport üçin aýda aýlygyň 2%-ni tutup galýarlar” diýip, habarçy ýerli ýaşaýjynyň sözlerini sitirledi.

Soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanda azyk harytlary we hyzmatlar bilen bir hatarda, dermanlaryň bahasy yzygiderli gymmatlaýar. Munuň bilen bir wagtda, olaryň käbir görnüşleriniň gytçylygy hem ençeme gezek ýüze çykdy.

26-njy iýunda bolsa, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri Türkmenistanyň dermanhanalarynda dermana derek ösümlikleriň şiresiniň, hususan-da, ýürek-damar dermanlaryna derek otlaryň teklip edilýändigini aýtdy.

Geçen ýyl Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi raýatlara prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtorlygynda ýazylandygy aýdylýan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda görkezilen çaýlary içmegi maslahat berdi.

Türkmenistanda dermanhanalaryň öňündäki nobatlar we dermanlaryň gymmatçylygy, ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän ýurtda aýlyklaryň, pensiýalaryň öz wagtynda berilmeýän, bankomatlarda nagt puluň tapdyrmaýan we un, çörek, şeker hem-de ösümlik ýagy ýaly azyk harytlarynyň gytçylygynyň dowam edýän mahalyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG