Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň ýaşaýjylaryndan golaýda oturdylan suw ölçeýjileri gaýtadan barlatmak talap edilýär


Aşgabadyň ýaşaýyş
Aşgabadyň ýaşaýyş

Aşgabadyň ýaşaýjylary suwuň sarp edilişini ölçemek boýunça gurallara degişli täze talaplar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary şu günler şäher ýaşaýjylarynyň suw ölçeýji gurallaryny söküp olary barlaga tabşyrmaga mejbur bolýandygyny, sebäbi jerime salynýandygyny habar berýärler.

"Ýaşaýjylardan ölçeýjileri özbaşdak sökmegi ýa-da olary sökmek üçin özleriniň ussa tapyp, "Aşgabatagyzsuwuň" laboratoriýasyna we olaryň ulanylmagyna rugsat berýän standartlar öýüne barlaga getirmegi talap edýärler. Mundan soň olary möhürlemek üçin ussa çagyrmaly" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 26-njy noýabrda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, ýaşaýjylara suw ölçeýjileriň barlagdan geçirilmändigi üçin salynýan jerime 87 manat. Guraly barlagdan geçirmegiň bahasy 30 manat, ony sökmek, gaýtadan oturtmak we möhürlemek boýunça işleriň çykdajysy 50-150 manat aralygynda.

"Sentýabr aýyndan bäri ýaşaýjylardan öz ölçeýjilerini iki ýyllap ulananlaryndan soň gaýtadan oturtmandyklary üçin uly möçberde pul talap edýärler. 'Möhleti geçen' her bir aý üçin diýip 87 manatdan. Şol bir wagtyň özünde-de, olar oturdylanda iki ýyldan gaýtadan oturdylmalydygy barada hiç ýerde aýdylmandy, Aşgabatagyzsuwda hem bildiriş bolmandy" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri 26-njy noýabrda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, ýaşaýjylar ölçeýjileriň barlagdan geçirilmeginiň zerurlygy we salnan jerime barada sarp edilen suwuň tölegini etmek üçin edara ýüz tutanlarynda bilip galýarlar.

Ýene bir habarçymyzyň sözlerine görä, ölçeýjileriň barlagdan geçirilmegi we gaýtadan oturtmak işi uzaga çekýär.

"Mundan bir aý öň sökülip äkidilen suw ölçeýjimi şu gün getirip gurup berdiler. Ol laboratoriýa barlaga äkidilipdi. Men ony 2017 ýylda oturdypdym 220 manada, ol täzedi. Golaýda we täzeligine oturdylan ölçeýjileri näme üçin gaýtadan barlatmaly, munuň sebäplerini düşündirmeýärler" diýip, habarçymyz belleýär.

Suw ölçeýjileriň köpçülikleýin barlanmagynyň sebäplerini "Aşgabatagyzsuw" guramasynyň işgärlerinden anyklap bolmady.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary ýaşaýjylaryň ölçeýjileri özbaşdak söküp barlaga alyp baran ýagdaýynda munuň düzgüne ters gelýändigini, şu sebäpden ýaşaýjylaryň goşmaça jerimeden howatyrlanyp, ussa tapmagyň ugrunda alada edýändigini belleýärler.

Azatlygyň habarçysy ölçeýjileriň öňünden yglan edilmezden köpçülikleýin barlagdan geçirilmeginiň ilat arasynda nägilelik döredendigini belledi.

"Dokumentlerde görkezilmändigi üçin 'möhleti geçen aýlar' üçin diýlip, berilýän jerimeleri tölemekden boýun gaçyrýarlar. Adamlar 'Aşgabatagyzsuwuň' laboratoriýasynda asylan bildirişlere salgylanýarlar. Ol ýerde gaýtadan oturtmagyň möhleti iki ýyl däl-de, eýsem dört ýyl diýlip görkezilýär. Häzir ölçeýjileriň gaýtadan oturdylmagyndan soň dokumentlerde indiki möhlet 2023-nji ýyl diýlip görkezilýär" diýip, habarçymyz aýdýar.

Aşgabatda suw ölçeýjileri 2016-njy ýylyň aýagynda oturdyp başladylar.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, paýtagtyň häkimiýetleri ilatyň suw ölçeýjileri oturmaga itermek üçin çäreleriň ençemesini amala aşyrdylar.

"Öý dolandyryş edaralaryň ählisine suw ölçeýjileri oturtmadyk ýaşaýjylara islendik resminamalary bermek gadagan edilipdi. Üstesine, “Aşgabatagyzsuw” jaýlaryny hususylaşdyran ýaşaýjylara, olaryň suw ölçeýjileri oturtmakdan boýun gaçyran ýagdaýynda, suw tölegi hakyndaky resminamalary bermändi. Suwuň mugt bolan döwürleri 2015-nji 2016-njy ýyllar üçin töleg alnypdy. 2017-nji ýylda suw ölçeýjileriň oturdylmagy hökman edildi we olaryň bolmadyk ýagdaýynda ägirt uly möçberde jerime salnyp başlandy” diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

2018-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň ýolbaşçysynyň ilatyň 1993-nji ýyldan başlap mugt peýdalanan kommunal hyzmatlaryň tölegli ediljegini yglan etmeginiň yzýany suw ölçeýjileriň oturdylmagy tutuş ýurt boýunça köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Şonda ilatdan hojalyk hyzmatlary üçin bergilerini talap etmek çäreleri güýçlendirildi. Ilata tölenmedik suw we gaz üçin sud jogapkärçiligine çekilmek hakynda duýduryş berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG