Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda iki gün bäri buhanka çörek satylmaýar


Aşgabadyň döwlet dükanynda satylýan buhanka çöregi (arhiw suraty)
Aşgabadyň döwlet dükanynda satylýan buhanka çöregi (arhiw suraty)

Türkmenistanyň paýtagtynyň döwlet dükanlarynda iki gün bäri täze buhanka çörek satylmaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary aýdýarlar.

"Şu gün köp ýerlerde 60 teňňelik çöregiň ýetmezçiligi duýulýar. Käbir ýerlerde getirilen hem bolsa, ol täze däl, beýleki ýerlerde irden asla getirmediler" - diýip, 22-nji noýabrda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda azyk önümleri resmi taýdan kesgitlenen nyrhdan satylýar. Bir buhanka çöregiň bahasy 60 teňňe.

Azatlygyň habarçylarynyň bellemegine görä, soňky aýlarda bu arzan çöregi diňe ertirlerine satyn alyp bolýar, sebäbi ol dessine gutarýar.

"Käbir dükanlarda ony yzky gapylardan çykaryp, soň 1 manatdan satýarlar. Emma bu öňňi güne çenli şeýledi" - diýip, habarçymyz habar berýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtda ençeme döwlet dükanynda çöregiň satylmandygyny 21-nji noýabrda hem habar beripdi.

"Şu gün çörek getirmediler, ony irden getirýärdiler we tiz satyn alyp gutarýardylar. Günüň ikinji ýarymynda çöregi Änewden getirip başladylar. 60 teňňelik çörek barada gürrüň gidýär, her gün irden onuň gözlegine çykýarlar" diýip, habarçymyz aýtdy we paýtagtyň käbir dükanlarynda buhanka çöregiň Aşgabadyň eteginde ýerleşýän kärhanalardan getirilendigini belledi.

Habarçylarymyzyň we paýtagt ýaşaýjylaryň sözlerine görä, häzirki wagtda köpçülik çöregi bazarlardan we hususyýetçilerden satyn almaly bolýarlar. Onuň bahasy 2 manatdan, ýagny döwlet bahasyndan üç esse ýokary.

​"Kimsi öň çöregi köpräk satyn alyp goýan bolsa, kimsi has gymmat bahadan satyn alýar, kimsi türkmen çöregini alýar" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy aýdýar.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, çörek gytçylygynyň sebäpleriniň biri tehniki problemalaryň, Aşgabadyň un üweýän kärhanasynda gurallaryň sandan çykmagy bilen bagly bolmagy çak edilýär.

"Şonuň üçin şu gün çörek bişirilmedi" diýip, habarçymyz aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýy resmi çeşmelerden anyklaşdyryp bilmedi. Redaksiýa paýtagtyň il içinde çörek zawody diýlip atlandyrylýan un üweýji döwlet kärhanasy bilen habarlaşmaga synanyşýar.

Şu ýylyň aprel aýynda habarçylarymyz paýtagtyň bu iň köne kombinatlarynyň birinde gurallaryň könelişip, täzelenmäge mätäçdigini habar beripdi.

16-njy sentýabrda Türkmenistanyň döwlet mediasy un öndüriji täze kärhananyň açylandygyny, Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda ýerleşýän bu kärhananyň günde 300 müň tonna un öndürmek üçin niýetlenýändigini habar beripdi.

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda çörek üpjünçiliginde dörän bökdençlikler ýurtda azyk üpjünçiliginiň, şol sanda un, çörek gytçylygynyň dowam edýän wagtyna gabat geldi. Käbir regionlarda çöregiň we unuň satuwda bolmaýan wagty birnäçe günden başlanyp, birnäçe aýa çenli uzaýar.

Hususan-da, Mary welaýatynda unuň gytçylygy ýarym ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Käbir döwlet dükanlarynda un almak üçin ýaşaýjylar indiki aýyň nobatyna ýazylmaly boldular.

“Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda un gytçylygy dowam edýär. Eger hökümet dükanlaryna un gelse-de, onuň üsti basa-bas bolýar. Hemme adama ýetmeýär" diýip, regiondaky habarçymyz habar berdi.

Döwlet dükanlarynda 1 kilogram unuň bahasy 1 manada durýar, bazarlarda we hususy dükanlarda unuň bahasy 6 manada ýetýär.

Ýurtdaky agyr ykdysady ýagdaý, işsizlik we ilatyň aglaba böleginiň maddy mümkinçiliginiň agyrlygy sebäpli, kesgitli nyrhly döwlet dükanlarynda hödürleýän azyk ilat köpçüliginiň güzeran görmeginiň esasy çeşmesi bolýar.

​Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri azyk gytçylygy meselesini gozgamaýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG