Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen weterinarlary mallary bejermekde prezidentiň kitabyndaky dermanlyk ösümliklerden peýdalanmagy maslahat berýär


Altyn Asyr telekanalyndan düşürilen surat. Türkmen weterinarlary mallary bejermekde prezidentiň kitabyndaky dermanylk ösümliklerden peýdalanmagy maslahat berdi.
Altyn Asyr telekanalyndan düşürilen surat. Türkmen weterinarlary mallary bejermekde prezidentiň kitabyndaky dermanylk ösümliklerden peýdalanmagy maslahat berdi.

Golaýda Türkmenistanyň “Altyn Asyr” döwlet telekanalynda efire berilýän, görnüşinden, “Berkarar Döwletim” gepleşiginde çykyş eden türkmen weterinarlary iri we ownuk şahly mallarda döreýän keselleri bejermek üçin prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryndaky dermanlyk ösümliklerden peýdalanmagy maslahat berdiler.

Gepleşige tomaşa eden Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy türkmen weterinarlarynyň döwlet kanallaryndaky çykyşlary barada habar berýär.

Maglumata görä, döwlet telewideniýesinde efire berlen gepleşikde ak halatly saglyk pudagynyň işgäriniň aňyrsyndaky diwarda haýwanlaryň, şol sanda atlaryň we sygyrlaryň suratlaryny görmek bolýar. Türkmen telewideniýesi mallar üçin hödürlenýändigi aýdylýan ösümliklerden taýýarlanan şypaly önümleriň hatarynda “mikstura”, “jöwher (nastoý)” ýaly önümleri görkezýär.

Türkmenistanyň döwlet telekanallarynda efire berilýän gepleşikleriň onlaýn arhiwi saklanmaýar. Türkmen weterinarlarynyň, görnüşinden, “Berkarar Döwletim” gepleşiginde efire berlen çykyşlary Azatlyk Radiosynyň ýurduň dürli regionlarynda mallarda döreýän keseller we olara garşy sanjym ýetmezçiligi barada beren habarlarynyň yzýanyna gabat gelýär.

Şu wagta çenli Prezident Berdimuhamedowyň adyndan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly birnäçe tomluk kitap çap edildi. Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň lukmanlary ýurt raýatlarynyň bu kitaplardaky dermanlyk ösümliklerinden peýdalanmagy barada wagtal-wagtal çykyş edip durýar.

Altyn Asyr telekanalyndan düşürilen surat. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri" kitabynyň esasynda mallar üçin taýýarlanýandygy aýdylýan dermanlar
Altyn Asyr telekanalyndan düşürilen surat. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri" kitabynyň esasynda mallar üçin taýýarlanýandygy aýdylýan dermanlar

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy oktýabr aýynyň ortalarynda regionyň çäginde sygyrlaryň näbelli keselden köpçülikleýin gyrylýandygyny habar beripdi.

Onuň maglumatlaryna görä, welaýatyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy bu kesele sarygetirme diagnozyny goýdy, ýöne beýleki tarapdan Döwlet weterinariýa gullugynyň weterinarlary bu gelnen netijä soragly çemeleşdi. Şonda Azatlygyň ýerli habarçysy bilen anonimlik şertlerinde gürrüňdeş bolan maryly bir weterinar sarygetirmä garşy ulanýan däri-dermanlarynyň netije bermeýändigini aýtdy.

Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň düzüminde hereket edýär. Döwlet weterinariýa gullugy Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişlidir.

Şol bir wagtyň özünde türkmen weterinarlarynyň efir çykyşlary ýurtda mallara garşy sanjymlaryň ýetmeýändigi barada peýda bolýan maglumatlaryň yzýanyna gabat geldi.

Ýatlasak, oktýabryň başynda Azatlygyň Lebapdaky habarçysy welaýatyň Amyderýa we Kerkiçi şäherçelerinde hem-de Köýtendag etrabynda iri we ownuk şahly mallaryň arasynda dörän guduzlama keseline garşy sanjymlaryň ýetmezçilik edýändigini habar beripdi.

Mundan ozal, iýul aýynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary türkmen tebipleriniň prezidentiň dermanlyk ösümliklere bagyşlan kitabyndan gollanma hökmünde peýdalanýandyklaryny habar beripdi.

Geçen ýylyň oktýabrynda ýurduň saglyk ministrligi döwlet metbugatynyň üsti bilen ýurt raýatlaryna prezident Berdimuhamedowyň adyndan çap edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyndaky melhemlik çaýlary içmegi maslahat berdi.

Prezident Berdimuhamedowyň dermanlyk ösümliklere bagyşlan birnäçe kitaplaryndan daşgary, atlara, itlere, halkara gatnaşyklara we şulara meňzeş dürli-dürli temalara bagyşlap ýazan 50-ä golaý kitaby bar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG