Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmengaz” $13 milliona TOPH-uň türkmen bölegi üçin tehniki konsultanty tutdy


Synçylar TOPH geçirijisiniň öňünde esasan howpsuzlyk we maliýe kynçylyklarynyň durandygyny aýdýarlar.

“Türkmengaz” döwlet konserni Italiýanyň RINA S.p.A kompaniýasy bilen 13 million dollarlyk ylalaşyk baglaşdy. Kompaniýa TOPH gazgeçirijisiniň Türkmenistandan geçmeli böleginiň gözegçiligini we hemaýatyny amala aşyrmak üçin tehniki konsultant hökmünde çykyş eder.

Italýan kompaniýasynyň maglumatyna görä, şertnamanyň çäklerinde kompaniýa Türkmenistanda çekilmeli 214 kilometrlik gazgeçirijiniň gurluşygy, şeýle-de iki kompressor stansiýasy bilen baglylykdaky tehniki maslahaty we hemaýat hyzmatlaryny berer.

Bellemeli ýeri, ozal Türkmenistanyň TOPH-yň öz çägindäki gurluşygyny tamamlandygy habar berlipdi we soňra ýurduň bu gurluşyk üçin turba satyn alýandygy hakynda maglumatlar çykdy.

Mundan soň, türkmen mediasy taslamanyň türkmen böleginiň gurluşygynyň häzirki wagtda tamamlanýandygyny, onuň Owganystandan we Pakistandan geçýän bölekleriniň çäginde degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar beripdi.

Synçylar TOPH geçirijisiniň öňünde esasan howpsuzlyk we maliýe kynçylyklarynyň durandygyny aýdýarlar. Emma soňky döwürde Türkmenistanyň satjak gazynyň bahasy hakynda hem ylalaşmazlyklar eşidilip başlandy.

Uzynlygy 1840 kilometrden gowrak TOPH taslamasynyň üsti bilen Türkmenistan goňşy Owganystana, Pakistana we Hindistana ýylda 33 milliard kub metr gaz ibermegi meýilleşdirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG