Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tabşyryklary 120% ýerine ýetiren resmä, ýagdaýy düzetmese, işini ýitirjegi duýduryldy, 'syýahata' gidýän köpelýär


Hökümet mejlisine gatnaýşaýn resmiler. 6-njy dekabr, 2019. Türkmen TW-sniň "Altyn asyr" kanalyndan alnan surat
Hökümet mejlisine gatnaýşaýn resmiler. 6-njy dekabr, 2019. Türkmen TW-sniň "Altyn asyr" kanalyndan alnan surat

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýene bir wise-premýere, bu gezek Baýramgeldi Öwezowa örän tiz wagt içinde wezipesinden boşadylmagynyň ahmaldygyny duýdurdy.

Adatça, türkmen hökümetiniň agzalary ýylyň dowamynda edilen işleriň netijeleri boýunça geçirilýän mejlislerde hasabat berenlerinde, öz işleriniň netijelidigini tassyklamak üçin uly-uly ösüş sanlaryny mysal getirýärler. Ýöne bu ösüş sanlary ýa-da resmileriň mynasyp bolýan döwlet sylaglary, tejribeden görnüşine görä, olaryň wezipede näçe wagt saklanjagyny asla aňlatmaýar.

Şonuň bilen bir wagtda, soňky on ýylda ýurtdan çykyp, başga ýurtlarda ýaşýan we işleýän türkmen raýatlarynyň möçberi barada syzyp çykan maglumatlar, gitmek isleýänleriň köpelişi barada garaşsyz neşirlerde çap edilenden soň, hökümet başlygynyň iş orunlaryny köp açmak baradaky talaplary hem güýçlenýän ýaly görünýär.

Görnüşinden, soňky aýlarda prezident daşary ýurt maýalaryny çekmek, pudaklaryň walýuta gazanjyny köpeltmek talaplaryny has ýygjam ýatladyp, getirilýän ösüş sanlaryndan kän kanagatlanman başlady.

Transport, aragatnaşyk we senagat pudagyna jogap berýän wise-premýer Baýramgeldi Öwezowyň basym wezipesini ýitirmek ähtimallygy şu kanagatlanmazlyk bilen bagly bolup görünýär.

Öwezow Ministrle kabinetiniň 6-njy dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýylyň 11 aýy boýunça beren hasabatynda tabşyryklaryň ýokary derejede ýerine ýetirilýändigi aýtdy. Has anygy, ol önümçilik meýilnamasyny 120% berjaý edendigini, ösüş depgininiň 118 göterime barabar bolandygyny habar berdi.

Emma Berdimuhamedow bu pudagyň işinden örän nägiledigini bildirdi.


“Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 143 göterime ýetirildi. Senagat we kommunikasiýa ministrligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek we önüm öndürmek boýunça ösüş depgini 107 göterim üpjün edildi. Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamakda ösüş depgini 103,3%, ýolagçy gatnatmakda görkeziji 100,5 göterim derejesine ýetirildi” diýip, wise-premýeriň hasabatynda aýdylýar.

Emma prezident başga pikirde. Ol “Türkmensenagat” agentliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň tabşyryklary ýene-de ýerine ýetirmändigini, himiýa senagatynyň ösüş depginini çaltlandyrmak, himiýa dökünleriniň, sementiň we beýleki gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek zerurlygy barada beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmändigini aýdýar.


Şeýle-de prezident "kuwwatly söwda flotuny gurmak üçin maliýeleşdirmegiň çeşmelerini gözlemegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny köpräk çekip, demir we awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemegi" talap edýär.

Berdimuhamedowyň sözlerine görä, eger-de hökümetiň ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlisine çenli ýurduň senagat toplumyndaky ýagdaý düzedilmese, bu pudagyň ýolbaşçylyk meselesine serediler.

Ol Öwezowa “Türkmensenagat” agentliginiň we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işindäki kemçilikler barada 15-nji noýabrda geçiren mejlisinde hem igendi, ýogsa wise-premýer şonda hem tabşyryklaryň ýerine ýetirilýändigini ynandyrmaga çalyşdy.

Berdimuhamedow 20-nji noýabrda senagat we aragatnaşyk toplumyna jogap berýän ýolbaşçylar bilen geçiren mejlisinde hem bu pudagyň işinden nägilelik bildirdi.


Türkmenistanda geçirilýän hökümet maslahatlarynda yglan edilýän uly-uly ösüş sanlary, tabşyryklaryň 100 prosentden hem aňyrda ýerine ýetirilýändigi döwlet eýeçiligindäki mediada ýurtda geçirilýän reformalaryň anyk netijeleri hökmünde wagyz edilýär.

Şonuň bilen bir wagtda, ýurtda ýeterlik derejede öndürilýändigi aýdylýan önümleriň, hatda unuň we ösümlik ýagynyň hem gytçylygy, gymmatlamagy dowam edýär, döwlet baştutany işleriň aýdylyşy ýaly gowy däldigini gytaklaýyn tassyklap, emele gelen ýagdaýa çözgüt hökmünde, pudaklaryň jogapkär ýolbaşçylaryny täzeleýär we köplenç wezipesinden boşadylan ýolbaşçynyň ornuna onuň orunbasaryny belleýär.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary soňky onýyllyklrda kada öwrülen soňsuz kadr çalyşmak praktikasynyň görnüp duran esasy netijesiniň işsizligi köpeltmek bolandygyny, hökümetiň ýagdaýy üýtgedip bilmeýändigini gören raýatlaryň çykalgany köplenç zähmet migrasiýasynda görýändiklerini aýdýarlar.

Şu aralykda, "Trend" habar gullugynyň maglumatyna görä, Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministrligi şu ýylyň oktýabrynda Türkiýä Türkmenistandan 25 224 syýahatçynyň gelendigini, munuň geçen ýylyň degişli aýyndaky bilen deňeşdirilende 20-23% köpdügini habar berdi.

Ýanwardan oktýabra çenli aralykda bolsa, Türkiýä 256 müň türkmen syýahatçysy bardypdyr, bu 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20% ýokary görkeziji.

Türkiýä we beýleki ýurtlara syýahat wizasy bilen çykýan türkmenistanlylaryň köpüsiniň esasy aladalarynyň iş, ýurtdaky ykdysady krizis sebäpli, esasan iş gözlemek, eklenç etmek bilen baglydygy aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG