Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýag, ýumurtga we şeker iň geçginli haryt bolmagynda galýar


Aşgabadyň "Jennet" bazary

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, täze ýyl baýramçylygynyň golaýlamagy bilen paýtagt ýaşaýjylaryna azyk önümleri öňküsinden has elýeterli bolupdyr, emma çäklendirmeler hem saklanýar.

- Indi döwlet dükanlarynda bir kilogramy 7 manatlyk şekeri hem bank kartlaryna satýarlar. Şeýlelikde şu gün adamlar harytlary şeýle goşup satyn alýarlar. Bir çüýşe "Oleýna" ýagyny 13 manatdan, 11 sany ýumurtgany 5 manatdan, we bir kilogram şekeri 7 manatdan. Bularyň ählisine 25 manat töleýärler" diýip, habarçymyz 9 dekabrda Aşgabatdan habar berdi.

Onuň sözlerine görä, şu günler ýerli bazarlarda satylýan azyk önümleriniň dürlüligi hem biraz artypdyr. Emma ilat köpçüligi tarapyndan iň islenilýän harytlar döwlet dükanlarynda kesgitli nyrhdan satylýan ýumurtga, ösümlik ýagy, şeker, un we çörek ýaly önümlerden ybarat.

Bu önümler ençeme wagt bäri döwlet dükanlarynda san taýdan çäklendirilip satylýar. Üstesine noýabrda Aşgabadyň döwlet dükanlarynda bu harytlaryň ençemesi diňe nagt bolmadyk töleg, ýagny bank kartlaryna satylyp başlandy.

Döwlet dükanlaryndaky bahalar bazarlardaky we hususy dükanlardaky nyrhlardan brinäçe esse tapawutlanýar. Hususan-da, "Ahal" pagta ýagy bazarlarda 16 manada satylýar, onuň döwlet dükanlary üçin göz öňünde tutulan bahasy 3 manat 60 teňňe. Günebakar ýagynyň bazarlardaky bahasy 20 manat töwereginde.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy, Aşgabadyň dükanlarynyň birinde azyk gytçylygy döwrüne mahsus bolmadyk bir ýagdaýa duş gelipdir, ýagny onuň gözüniň öňüde bir alyjy arzan bahaly harytdy almakdan meýletin ýüz öwrüpdir.

- Düýn goňşym meniň öňümde şeker we ýumurtga satyn aldy, emma ýagy almakdan ýüz öwürdi, satyjy muňa "nähili gowy adam diýdi" - diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Düýn goňşym meniň öňümde şeker we ýumurtga satyn aldy, emma ýagy almakdan ýüz öwürdi, satyjy muňa "nähili gowy adam" diýdi.

Şu günler Aşgabadyň bazarlarynda gök-önümleri we miweleri arkaýyn satyn alyp bolýar, emma bu banana degişli däl.

- Banan satyn almak üçin kart bilen tölemeli, bahasy bir kilogramy 10 manat - diýip, habarçymyz aýdýar. Onuň sözlerine görä, iki hepde mundan öň bananyň bahasy bir kilogramyna 6 manatdy.

Aşgabadyň käbir söwda nokatlarynda bananyň söwdasyna polisiýa işgärleri gözegçilik edýärler. Habarçymyz bilen gizlinlik şertlerinde gürrüňdeş bolan aşgabatly polisiýa işgäri özlerine dükanlarda gözegçilik etmegiň tabşyrlandygyny we söwdegärleriň galplyklara baş goşmagynyň öňüni almak wezipesiniň goýlandygyny gürrüň berdi.

- Her gün Aşgabatda bazara 6 tonna banan çykarylýar. Azyk üpjünçiliginiň tas ählisiniň paýtagta getirilýändigi üçin, welaýatlarda azyk önümleri tas ýok bolansoň, dükan müdirleri bananlary, towuk ýumurtgasynyň, pagta ýagynyň ýarysyny paýtagtda satýarlar, beýleki bölegini welaýatlarda satýarlar. Şonuň üçin söwda ministrligi esasy azyklary nagt bolmadyk görnüşde satmagy tabşyrdy we günde elektron görnüşde hasabaty talap edýär - diýip, polisiýa işgäri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň beýleki welaýatlarynda azyk üpjünçiliginiň örän ýaramazdygyny aýdýarlar.

Hususan-da, Marynyň döwlet dükanlarynyň ençemesinde şu günler ýumurtga, ýag we şeker tapdyrmaýar.

- Mollanepes köçesiniň daşynda ýerleşýän döwlet dükanynda sary alma satýarlar, bir kilogramy 5 manatdan. Muňa seržant derejeli iki polisiýa işgäri gözegçilik edýär. Nobat ýok, sebäbi adamlar dükana alma üçin däl-de, eýsem başga azyk önümleri üçin barýarlar. Emma ýumurtga, towuk budy, şeker we pagta ýagy ýaly gerekli azyk önümleri dükanlarda ýok - diýip, Marydaky habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary baýramçylygyň öňýany paýtagtyň azyk üpjünçiligini berjaý etmegi tabşyrdylar. Emma häkimiýetler ýurtda uzaga çeken azyk gytçylygyny açyk boýun alman gelýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG