Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda tok we gaz üçin bergili maşgalalaryň suda çekiljegi duýduryldy


Türkmenistanyň obasy (arhiw suraty)
Türkmenistanyň obasy (arhiw suraty)

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda hojalyk hyzmatlary, ýagny gaz, elektrik energiýasy we suw üçin bergili maşgalalaryň suda çekiljegi barada duýduryş berildi. Azatlyk Radiosynyň welaýatdaky habarçysy jemagat gulluklaryň ýaşaýjylardan tölegleri doly tölemegi talap edip, 27-nji dekabra çenli wagt möhletini berendigini habar berýärler.

"Lebapda gaz, tok we suw üçin bergidarlara bildiriş gowşuryp, 27-nji dekabra çenli tölenmedik ýagdaýynda, jemagat gulluklaryň ýaşaýjylardan tölegleri suduň üsti bilen talap etjekdigini duýdurdylar" diýip, regiondaky habarçymyz 23-nji dekabrda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, ýerli jemagat guramalarynyň düzgünlerine görä, hojalyk tölegleri, şeýle-de gaz we tok üçin tölegler her aýyň 10-njy gününe çenli üpjün edilmeli.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Lebap welaýatynda öý hojalyk hyzmatlary üçin ýarym ýyllyk bergileri bar bolan maşgalalar az däl.

"Käbirleriň gaz we elektrik energiýasy üçin bergileri 6 aýa ýetýär. Köpüsiniň tölemäge puly ýok. Gaz hojalyklarynyň we elektrik edaralarynyň işgärleriniň we hasaplaýjylarynyň sözlerine görä, bergidarlaryň sany ilatyň 60% ýetýär" diýip, habarçymyz ýerli döwlet edaralarynyň işgärlerine salgylanyp, habar berýär.

Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynda gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçilige jogapkär döwlet edaralaryndan resmi maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanda hojalyk hyzmatlary üçin bergidar raýatlara garşy göreş çäreleri ýaşaýyş jaýlarda gazy we togy kesmek ýaly çäreleri hem öz içine alýar.

"Häzir gyş paslynda welaýatda gazyň we togyň kesilýän ýagdaýlary köpeldi. Sowukda ýyladyşsyz galýan pulsuz maşgalalar köpelýär. Farap we Saýat etraplarynda gazsyz we toksuz galýan hojalyk köp" diýip, habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, hojalyk hyzmatlary üçin bergiler welaýat ýaşaýjylarynyň maddy ýagdaýynyň gowşamagynyň fonunda artýar.

"Adamlarda pul ýok, girdejiler nyrhlaryň yzyndan ýetmeýär. Gyşda 5 müň kubmetr gaz 100 manada durýar, elektrik togy 150 manat, beýleki jemagat hyzmatlary we ýangyn howpsuzlygy ýene 200 manata golaý durýar" diýip Lebapdaky habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanda aýlyklar 790 manatdan başlanýar, pensiýalar 300-400 manat.

Häzirki wagtda ýurduň ilaty gaz, elektrik energiýasy we suw üçin tölegleri, 2018-nji ýylyň güýzünde gaz, tok we suw mugtçulygynyň ýatyrylmagyndan soň gyssagly oturdylan hasaplaýjy gurallaryň esasynda töleýär. Türkmenistanyň ilatyna 25 ýylyň dowamynda suw, gaz we belli möçberde elektrik energiýasy mugt berilýärdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ilatyň hojalyk hyzmatlary üçin bergisi bilen bagly agyr meseläni açyk gozgamaýar, emma munuň bilen bir wagtda-da ýurtda ilaty bu hyzmatlar üçin tölemäge mejbur etmek boýunça çäreler güýçlenýär.

Hususan-da, jemagat hyzmatlary üçin bergili raýatlara zerur dokumentler we resminamalar berilmeýär, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden jemagat hyzmatlary üçin bergileriniň ýokdugyny subut etmek talap edilýär, aýlyk berilmejegi duýdurylýar, işden kowulmak haýbaty atylýar.

Bellemeli ýeri, soňky bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda jemagat hyzmatlary ortaça hasapdan 60 esse gymmatlady. Üstesine, Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary ilatdan "mugtçulyk" döwründe üpjün edilen hyzmatlar üçin tölegleriň talap edilýändigini, şeýle-de entek üpjün edilmedik hyzmatlar üçin tölegleriň öňünden soralýandygyny habar beripdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG