Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaplylaryň gije sagat 9-dan soň hereketi çäklendirildi


Türkmenabat şäheri. Arhiwden alnan surat

Lebap welaýatynyň käbir şäherlerinde we etraplarynda raýatlaryň gije sagat 21:00-dan soň hereket etmek mümkinçiligi çäklendirildi.

“Türkmenabat şäherinde we welaýatyň Saýat, Farap etraplarynda gije sagat 9-dan soň köçede ýören raýatlary, şol sanda ýaşlary polisiýa bölümine alyp gidýärler. Olar raýatlary irdene çenli şol ýerde saklaýar. Olary soragy çekýärler we gije köçä çykmajakdyklary barada düşündiriş ýazdyryp, öýlerine goýberýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply habarçy 26-njy dekabrda gürrüň berdi.

Habarçy bilen söhbetdeş bolan polisiýa işgärleri munuň sebäplerini ýetip gelýän Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda, howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi bilen düşündirýärler.

“Her ýyl uly baýramçylyklaryň öň ýanynda, howpsuzlyk güýçlendirilýärdi, ýöne beýle adamlary saklap, düşündiriş ýazdyrmaýardylar. Raýatlar öz köçelerinde türmedäki tussaglar ýaly duýýandyklaryny aýdyp, hereket azatlyklarynyň çäklendirilmeginden şikaýat edýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Mundanam başga, ol etrabyň degişli edaralarynda hasaba duran, spirtli içgileri we neşe serişdelerini ulanýan adamlaryň ençemesiniň şu günler Tejendäki ýörite bejeriş merkezine mejbury iberilýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosyna bu güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleri barada Lebap welaýatynyň polisiýa bölüminden we beýleki degişli edaralaryndan kommentariý almak häzirlikçe başartmady.

Türkmenistanda bellenilýän ýa-da geçirilýän uly baýramçylyklaryň we halkara çäreleriň, şeýle-de döwlet baştutanynyň regionlara edýän saparlarynyň öň ýanynda, adatça howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär. Adamlaryň we awtoulaglaryň hereketi çäklendirilip, köçelerdäki polisiýa we howpsuzlyk işgärleriniň sany artdyrylýar.

Şu aýyň başynda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylary welaýatyň çäginde howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilip, hususy dükanlaryň ýapylýan wagtyna gözegçilik edilýändigini we raýatlaryň gije sagat 22:00-dan soň hereket etmek mümkinçiliginiň çäklendirilendigini aýtdylar.

“Welaýatyň etraplaryndaky we Mary şäherindäki dükanlar sagat 21:30-a çenli işlemeli edildi. Polisiýa işgärleri şondan soň açyk bolan dükanlara jerime salýarlar. Gije goňşylary bilen jaýyň daşynda oturan 3-4 adam bolsa, polisiýa işgärleri olara ‘öýüňize giriň’ diýip aýdýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 10-njy dekabrda gürrüň berdi.

Şonda Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan polisiýa işgärleri munuň sebäplerini ýetip gelýän baýramçylyklaryň öň ýanynda, howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi bilen düşündiripdiler.

Türkmen häkimiýetleri bu howpsuzlyk çäreleri we olaryň sebäpleri barada resmi düşündiriş bermeýärler. Bu barada ýurduň döwlet mediasynda hem hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG