Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda aýlyklar 10 % ýokarlandy, ýöne aşa gymmatçylykdan ejir çekýän raýatlar nyrhlaryň peseldilmegini isleýär


Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda bir binanyň basgançaklarynda mekgejöwen satýan aýal.
Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda bir binanyň basgançaklarynda mekgejöwen satýan aýal.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň (TDH) habar bermeginde görä, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurtda aýlyk zähmet haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary 10 % ýokarlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary munuň bilen bahalaryň hem gymmatlaýandygyny habar berýärler.

“Adamlaryň aýlyklarynyň 10 % galmagynyň hiç hili peýdasy ýok. Sebäbi gara bazarda dollaryň nyrhy 19 manat. Şonuň üçin harytlaryň bahalary gaty ýokary. Ondan daşary aýlyklaryň 10 % köpelmegi bilen harytlar hem şoňa görä galdyrylýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji ýanwarda ýurt içinden habar berdi.

“Ähli harytlar dollaryň gara bazardaky kursuna görä satylýar. Gara bazarda 1 dollar 19 manat 20 teňňeden satylýar” diýip, ikinji habarçy maglumat berdi.

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň ýokarlanmagy prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 5-ji iýulynda gol çeken permanyna esaslanýar. Oňa laýyklykda, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurtda iň pes pensiýa 338 manat, döwlet kömek pullarynyň iň pes möçberi 322 manat hem-de ýurtda iň pes aýlyk haky 870 manat möçberinde kesgitlenildi. Şeýle-de talyp haklary, döwlet edara-kärhanalarynda işleýän raýatlaryň zähmet haklary, döwlet kömek pullary we pensiýalar öňküsinden 10 % möçberinde ýokarlandyryldy.

“Adamlar aýlyklaryň 10 % göterilmegini ýöne bir “masgaraçylyk” atlandyrýarlar” diýip, Azatlygyň beýleki bir habarçysy aýdýar.

“Aýlyklary galdyrman dollaryň nyrhyny peseltseler ýaşaýyş şertleri ýeňilleşerdi” diýip, bir ýerli ýaşaýjy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda üç ýyldan gowrak wagt bäri walýutanyň gara bazary hereket edýär. Türkmenistanyň Merkezi banky 1 dollaryň manada bolan gatnaşygyny 3,5 manat möçberinde saklap gelýär. Walýutanyň gara bazarynda onuň bahasy resmi kursdan 5-6 esse ýokarydyr.

Azatlygyň habarçylarynyň tassyklamagyna görä, ýurtda inflýasiýanyň derejesi aşa ýokary bolmagynda galýar. Türkmen hökümeti ýurtda inflýasiýanyň derejesi we işsizlik barada, synçylara görä, ynamdar maglumatlary äşgär etmeýär.

“Aýlyklary götermegiň deregine, iýmit önümleriniň bahalarynyň gymmatlamagy togtadylsa has gowy bolardy” diýip, ýene bir ýaşaýjy anonim şertlerde Azatlygyň habarçysyna içini dökdi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizis, şol sanda giň ýaýran işsizlik ýerli ilatyň durmuş şertlerine agram salýar.

“Işsiz adamlar gaty kän. Olar zordan günlerini görýärler. Şäher ýerlerinde dilegçi adamlar, çagalar köpeldi. Swetoforda duran maşynlaryň ýanyna garryja adamlar, çagalar ylgaşyp gelip, ‘çörege pul beräýiň’ diýip soraýarlar. Ýa-da zir-zibilden baklaşka, çüýşe toplap pul gazanýan adamlar bar. Hiç hili işlemeýän adamlar üçin aýlyklaryň köpelmegi, harytlaryň galmagy olaryň günleriniň öňküsinden hem pese gaçmagyny aňladýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy öz maglumatlaryna salgylanyp, tutuş ýurduň iri şäherlerindäki ýagdaýlary suratlandyrdy.

Ýurtda ýaşaýyş-durmuş şertleriniň agyrlaşmagy köpsanly raýaty eklenç gözleginde ýurduň daşyna çykmaga mejbur edýär.

“Daşary döwletlerde işleýän lebaplylar Türkmenistandaky aýlyk alýan ýa-da pensioner hossarlaryny eklemek üçin gidip işleýärler. Işsizler hakda özüňiz pikir edip görüberiň!” diýip, lebaply bir ýaşaýjy ýerli ilatyň gün-güzerany ýagdaýy barada Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçylar ýurtda sarp edilýän harytlaryň agramly böleginiň daşary ýurtlardan import edilýändigini aýdýarlar.

Hökümet resmileri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary boýun almaýar. Döwlet baştutany Täze ýylyň öňýany geçiren hökümet maslahatynda 2019-njy ýylyň dünýäniň ähli ýurtlary üçin agyr geçendigini aýtdy, ýöne muňa garamazdan, ol bu ýylyň Türkmenistan üçin “oňat bolandygyny” öňe sürdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG