Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylar Täze ýyly 'aýlyk ýokarlanmasy' we 'täze gymmatlaşyk' bilen garşylady


Türkmenabatda bir dükan

Türkmen mediasynyň azyk bolçulygy, bahalaryň elýeterliligi hakynda beren maglumatlaryna garamazdan, geçen ýylyň soňky iki gününde Türkmenabatdaky söwda merkezlerinde azyk harytlarynyň bahalary gymmatladyldy.

Türkmenistanda soňky ýyllarda adat bolşy ýaly, prezident her ýyl esasy baýramçylyklaryň, hususan-da Täze ýyl baýramçylygynyň öňünden bazarlarda harytlaryň bolçulygyny we elýeterli bahalardan satylmagyny üpjün etmegi tabşyrýar. Emma, ýurtda dowam edýän hroniki haryt gyçylygy sebäpli, bu tabşyryk gereginçe ýerine ýetirilmeýär diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Daşary ýurtdan import edilen we ozal 18 manatdan bolan towuk butlary döwlet dükanlarynda 30 manatdan we ondan ýokary bahalardan satyldy” diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berdi.

Onuň sözlerine görä, alyjylar azyk harytlarynyň bahalary “emeli, pursatdan peýdalanmak üçin ýokarlandyryldy” diýip, gaty nägile boldular. 30-31-nji dekabr günleri etiň kilogramy, ozal ortaça 30 manat bolanlygyndan, hiline laýyklykda 70 manada çenli ýokarlandy.


Aýdylmagyna görä, 2019-njy ýylyň soňky iki gününde balyk bahalary hem gymmatlady: “Kepir balyklarynyň kilogramy öň 35 manatdy, emma ol baýramçylyk saçagyny bezeýän adamlara 60 manatdan düşdi; ozal bir kilogramy 50 manatdan satylan lakga balyklarynyň kilogramy ýönekeý maşgalalara 80 manatdan düşdi” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy. Şeýle-de ol süýji-köke önümleriniň, tortlaryň bahalarynyň ýylyň soňky iki gününde azyndan 30% gymmatlandygyny habar berdi.

Mary welaýatynda azyk önümleri 30-njy dekabrda gymmatlady: kilogramy 18 manatdan satylan bananyň bahasy 40 manada çykdy, üzümiň kilogramy 5 manatdan 20 manada çykdy, beýleki gök önümler 3, 3,5 esse gymmatlady; alkogolly içgiler hem gymmatlady: 20 manatdan satylan “Arassa” aragy 27 manada çykdy diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Şeýle-de Maryda hindi guşunyň etiniň her kilogramynyň 50 manada çykandygy, “sudak” balygynyň kilogramynyň 30 manatdan satylandygy habar berilýär.

Bu gymmatlaşyk baýramçylyk sebäpli, baýramçylyk geçse, hemme zat ýene öňki nyrhyna gaýdyp geler öýtdük, emma soňky iki günde bahasy arzanlaýan zat görnenok, nyrhlar şol ýokarlanan ýerine galjaga meňzeýär” diýip, bazardaky alyjylaryň biri habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.


Ýaşaýjylaryň köpüsi bu gymmatlaşygy hem baýramçylyk, hem-de aýlyklaryň ýyl başyndan 10% ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýar.

“Mary welaýatynda her 9 hojalykdan 1 adam býujet edarasynda işleýän bolsa zor boldugy, işleýän adamdan işlemeýän kän” diýip, anonimlik şertinde pikirini aýdan maryly alyjy aýtdy.

Türkmenbaşy we Nebitdag şäherleriniň söwda merkezlerinde ýylyň soňky iki gününde alyjy adaty günlerdäkisinden aşa kän boldy we bu ýagdaý haryt ýetmezçiligine alyp geldi, çörek we et önümleri günüň ikinji ýarymynda tapdyrmady, şäherlerde suw, elektrik we jemagat hojalygy problemalary döredi diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

31-nj dekabr güni öýlän, ýerli wagt bilen sagat 2-den soň welaýatyň merkezi köçesinde ýerleşýän marketleriň, göz bazarlarynyň harytlarynyň bahasy gymmatladyld: pomidoryň 1 kilogramyny gök bazarda 12 manatdan alyp bolsa, beýleki bazarlarda 14 manatdan satdylar.

“Turkmen.News” neşiriniň maglumatyna görä, Daşoguzda restoranlaryň, kafeleriň, disko-barlaryň işine baýramçylyk günlerinde, 30-31-nji dekabrda, şeýle-de 1-nji ýanwarda wagtlaýyn gadaganlyk girizildi.


Neşir bu baradaky resmi hatyň, häkimligiň, salgyt gullugynyň, ýangyn söndürijileriň we sanitar-epidemologiýa gullugynyň wekilleriniň goly çekilen talapnamanyň göçürmesiniň redaksiýada bardygyny, emma Aşgabatda 30-31-nji dekabrda Daşoguzdaky ýaly çäklendirmäniň bolmandygyny belleýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl gutlagynda, her ýylda bolşy ýaly, aýlyklaryň we pensiýalaryň, kömek pullarynyň möçberleriniň 1-nji ýanwardan 10% ýokarlandyrylandygy bellenilýär.

Emma türkmen häkimiýetleri ilatyň jan başyna düşýän girdeji, manadyň hümmetiniň gaçyşy, harytlaryň bahalarynyň gymmatlaýşy, iş bilen üpjünçiligiň derejeleri barada açyk-aýdyň, ynamdar maglumatlary çap etmeýär. Şu aralykda ýurduň gara bazarlaryndaky dollar bahasynyň 18 manatdan 19 manada golaýlandygy habar berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG