Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda müňlerçe adam öldürilen generalyň ýasyny tutýar, eýranly komandir 'amerikanlary jezalandyrmak wadasyny' berýär


Bagdatda ABŞ zarbasynda öldürilen general Suleýmani we beýlekiler üçin ýas çäresi gurnaldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:09 0:00

Bagdatda ABŞ zarbasynda öldürilen general Suleýmani we beýlekiler üçin ýas çäresi gurnaldy

Bagdatda 4-nji ýanwarda, ABŞ-nyň şäheriň halkara aeroportunyň golaýynda uran zarbasynda öldürilen adamlaryň ýas çäresine müňlerçe adam toplandy. Eýran "harby urşuň başlanandygyny" duýdurdy.

Günorta Eýranyň harby komandiri 4-nji ýanwarda öz ýurdunyň “amerikanlary Tähranyň eliniň ýetýän ýerinde nirede bolsa jezalandyrjakdygyny” wada berdi.

General Gholamali Abuhamzeh, Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň Kerman welaýatyndaky komandiri “ABŞ-nyň sebitde we Tel-Awiwde durmuş ähmiýetli iň zerur 35 pozisiýasynyň bardygyny aýtdy” diýip, “Roýters” habar gullugy Eýranyň "Tasnim" neşirine salgylanyp habar berdi.

“Hormuz bogazy Günbatar üçin iň zerur durmuş ähmiýetli ýer bolup durýar, amerikan weýran edijileriniň we uruş gämileriniň köpüsi şol ýerden geçýär.... regiondaky wajyp amerikan nyşanalary Eýran tarapyndan kän wagt öň kesgitlendi... Regionda we şol sanda Tel-Awiwde ABŞ-nyň 35 çemesi nyşanasy bolup, olar biziň golumyzyň aşagynda” diýip, agentlik Abuhamzehiň aýdan sözlerine salgylandy.

Merhumlaryň jesetleri harby awtoulaglara ýüklenip, ýörişiň gapdaly bilen alnyp gidildi. Ýasa gelenleriň käbiri “Amerika ölüm!” diýip gygyrdy.

Yragyň premýer-ministri Adil Abdul-Mahdi hem ýörişe toplanan adamlara goşuldy.

Abdul-Mahdi geçen aý, hökümetiň iş başarmazlygy we Eýranyň Yraga ýetirýändir öýdülýän täsirleri, şeýle-de ABŞ ýolbaşçylygyndaky koalisiýa 2003-nji ýylda Saddan Huseýini häkimiýetden çetleşdirenden soň gurlan syýasy ulgam babatdaky aladalar üstünde dörän jemgyýetçilik protestleri netijesinde wezipesinden çekileli bäri, wagtlaýyn hökümete ýolbaşçylyk edýär.

Ýas çäresine gelenleriň köpüsi Yragyň milli baýdaklaryny ýa-da bu çäräni guran milisiýa toparlarynyň şygarlaryny, şol sanda Halk mobilizasiýa güýçleriniň şygarlaryny galdyrdy.

Bu toparyň başlygynyň orunbasary Eýranyň “Kuds” güýçleriniň komandiri Kasem Suleýmani bilen bile öldürildi. Guramaçylar şäheriň berk goragly Ýaşyl zolagyndan mukaddes şäherler kerbela we Al-Najafa tarap ýöriş etmegi planlaşdyrýarlar.

Eýranyň BMG-däki ilçisi Majid Takht Rawançi (Ravanchi) şu aralykda, 3-nji ýanwar güni giçlik bu hüjümi “hakykatda Birleşen Ştatlar tarapyndan Eýranyň halkyna garşy edilen uruş hereketi” hökmünde häsiýetlendirdi.

“Öten agşam olar terror akty arkaly kast edip, biziň ýokary derejeli generallarymyzyň birini öldürmek bilen harby urşa başladylar. Onsoň Eýranyň indi näme etmegine garaşyp bolar? Biz diňe dymmak bilen kanagatlanyp bilmeýäris. Biz hereket etmeli we hereket ederis” diýip, Rawançi CNN-e aýtdy. Bu barada AFP berýär.

Eýranyň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi "gazaply öç alynjakdygyny" duýdurdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp zarbanyň "urşy duruzmak üçin" urlandygyny aýdýar.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp zarbanyň "urşy duruzmak üçin" urlandygyny aýdýar.


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň uly derejeli harby komandirine hüjüm etmek baradaky buýrugy “urşy togtatmak” üçin berendigini we öldürilen generalyň ABŞ bähbitlerine we ýaranlaryna garşy “ýakyn we elhenç” hüjümleri gurnamak bilen meşgullanandygyny aýtdy.

3-nji ýanwardaky düşündiriş 4-nji ýanwarda, ir sagatlarda Bagdadyň demirgazygyndaky Taji lageriniň golaýynda urlan ikinji dron zarbasy barada çykan habaryň öň ýanyndan berildi.

Bu maglumata görä, Eýranyň saýlama “Kuds” güýçleriniň komandiri Kasem Suleýmanini öldüren zarbadan 24 sagat çemesi soň Eýran tarapyndan goldanylýan milisiýanyň konwoýyna urlan ikinji zarbada azyndan bäş adam öldürildi.

Emma muňa garamazdan, ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky koalisiýanyň Yrakdaky sözçüsi 4-nji ýanwar güni irden öz güýçleriniň soňky günlerde Taji lageriniň golaýyna hiç bir zarba urmandygyny aýtdy we ýagdaý nähilidir bir syrlylyk döretdi. Sebäbi milisiýa güýçleri biraz öň öz awtulag kerwenlerine zarba urlandygyny tassyklapdy.

Yragyň harbylary hem biraz soň beýle hüjümiň bolandygyny ret etdiler.

Tramp hüjüm baradaky beýanatyny Floridada gurnalan metbugat ýygnagynda, goldawçylarynyň bu gelnen karary öwýän, içerki we daşary ýurt tankytçylarynyň alada bildirýän, dünýä jemgyýetçiliginiň köp agzasynyň dartgynlyklary gowşatmaga çagyrýan wagtynda etdi.

Ol özüniň Suleýmanini öldürmek baradaky kararyny gorap, özüniň “urşy togtatmak üçin” hereket edendigini aýtdy.

"Biz urşy duruzmak üçin hereket etdik. Biz urşa başlamak üçin hereket etmedik” diýip, Tramp aýtdy.

"Biz Eýranda režim çalyşjak bolmaýarys” diýip, ol sözüni dowam etdirdi we Birleşen Ştatlar öz duşmanlarynyň ýerleşen ýerlerini bilýär diýip, özüniň hususan-da Eýran babatynda “zerur bolan islendik çäräni görmäge taýýardygyny” nygtady.

Waşington Eýran tarapyndan goldanylýan milisiýa toparlaryny ABŞ we Yrak işgärlerine we ýerlerine, şol sanda Bagdatdaky ABŞ ilçihanasyna, şu hepdäniň başynda Eýrana tarapdar toparlar tarapyndan daşy gurşalan desga hüjüm etmekde günäleýär.

Tramp we Günbatarada köp adam Eýrany sebitdäki terror toparlanyşyklaryna howandarlyk etmekde günäleýär, Tähran bu aýyplamany ret edýär.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo geçen iki günde Ýakyn Gündogar we beýleki hyzmatdaşlar bilen geçirilen gepleşiklere salgylanyp, Waşington bilen Ýewropanyň arasyndaky dartgynlyklary ýaňzytdy.

"Men soňky gün ýarymy, iki güni regiondaky hyzmatdaşlar bilen gepleşip geçirdim, olara biziň näme edýändigimizi, näme üçin beýle edýändigimizi gürrüň berdim we olardan kömek isledim. Olaryň hemmesi ajaýyp boldy” diýip,Pompeo“Fox News” telekanalyna aýtdy.

"Ondan soň beýleki ýerlerdäki hyzmatdaşlarymyz bilen gürleşdim, bu beýle bir gowy bolmady. Dogrusyny aýtsam, ýewropalylar meniň isleýşim we özleriniň bolup biljek derejesinde ýardamçy bolmady” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Suleýmani Eýranyň “Kuds” güýçleriniň, Yslam rewolýusiýasynyň gorsagçylary korpusynyň daşary ýurt bölüminiň başlygydy we sebitde ganly hüjümleri gurnamakda günäkärlendi.

“Kuds” güýçleri Birleşen Ştatlar tarapyndan “daşary ýurt terrorçy guramasy” diýlip kesgitlendi.

Bu hüjümde Eýran tarapyndan goldanylýan Haşd Şaabiniň, Halk mobilizasiýa güýçleriniň, Yrakdaky milisiýa toparynyň komandiriniň orunbasary Abu Mahdi al-Muhandis hem öldürildi.

4-nji ýanwar güni irden çykan habarlarda dron zarbasynyň Halk mobilizasiýa güýçleriniň awtoulag kerwenini urup, bäş adamy öldürendigi aýdylýar.

ABŞ-nyň bu hüjüme dahyllydygyny resmi taýdan inkär etmezinden öň, “Newsweek” neşiri Pentagondaky ady aýdylmadyk resmileriň sözlerine salgylanyp, dron zarbasynyň Iman Ali brigadalaryny nyşana alandygyny, ol ýerde lider Şubul al-Zaidiniň öldürilen bolmagynyň “uly ähtimallygynyň” bardygyny habar berdi.

Milisiýa toparyhüjüm edilen awtoulag kerweniniň “ynsanperwer missiýaly” bolandygyny öldürilenleriň uly derejeli milisiýa liderleri däl-de, lukmanlar bolandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň 3-nji ýanwarda uran howa zarbasy netijesinde Eýranyň iň güýçli harby serkerdeleriniň öldürilmegi Tähranyň ar alyş çärelerini görmegi we munuň giň ýaýran ýaragly çaknyşyga alyp gelmek ähtimallygy baradaky aladalary döretdi.

Eýran 3-nji ýanwarda BMG-niň Baş sekretaryna we Howpsuzlyk geňeşine hat ýollar, Tähranyň bu adam öldürmelerine jogap bermek babatynda “halkara kanunçylygyna laýyklykda zerur çäreleri görmek boýunça özüniň ähli hukugyny özünde saklaýandygyny” aýtdy.

Eýranyň BMG-däki ilçisi Majid Takht Rawançi öz hatynda Suleýmaniniň öldürilmegini “döwlet terrorçylygynyň görnetin mysaly” hökmünde häsiýetlendirdi we onuň “halkara kanunçylyk ýörelgelerini bozýan jenaýatçylykly hereket bolandygyny, şol sanda BMG-niň düzgünnamasyndaky ýörelgeleri hem bozandygyny” aýtdy.

Birleşen Ştatlar Ýakyn Gündogara ýene 3 müň çemesi esger iberýändigini aýtdy we, ýokarlanan dartgynlyklar arasynda, amerikanlary derhal Yragy terk etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG