Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iwan Urgant Berdimuhamedowyň dijeýlik etmegine ünsi çekdi


Iwan Urgant (arhiw suraty)
Iwan Urgant (arhiw suraty)

Russiýanyň belli “Weçerniý Urgant” gepleşiginiň nobatdaky sanynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň saz çalmagyna we dijeýlik etmegine üns çekildi.

27-nji dekabrda Berdimuhamedow Täze ýyl baýramy mynasybetli guralan döredijilik dabarasyna gatnaşyp, onuň dowamynda saz çaldy, dijeýlik etdi we erk edýän saz gurallarynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

“Weçerniý Urgant” gepleşiginiň 4-nji ýanwarda efire berlen sanynda, onuň alyp baryjysy Iwan Urgant türkmen prezidentiniň saz çalan çäresine saz muşdaklarynyň, hökümet agzalarynyň, deputatlaryň dagy hem çagyrylandygyny aýdyp, olaryň prezidentiň sazyna “bir heňde” tans edendigini belläp geçdi.

“Bu Türkmenistandaky düzgün: Kim tans etmese, ol oturýar” diýip, Urgant belledi.

“Diskotekalaryň muşdaklary, ýadyňyzda saklaň: Türkmenistan – bu dünýädäki elektrik sazynyň täze nokady” diýip, Urgant sözüni jemledi.

XS
SM
MD
LG