Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda oba ýaşaýjylary, şol sanda çagalar gowaça çöpüni ýygnaýarlar


Gowaça çöpleri

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, şu günler Mary welaýatynyň oba ýaşaýjylary çagalary bilen bilelikde, tutuş maşgala bolup gowaça çöpüni ýygnamaga mejbur bolýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Adamlar eklenç üçin günde irden pagta meýdanlaryna gidýärler. Olar birinji klas çagalaryny we günortanlyk naharlaryny hem şol ýere eltip, howanyň sowuklygyna seretmän, öz kiçi çagalary bilen agşama çenli pagta meýdanynda bolýarlar. Olar gowaça çöpüni elleri bilen goparyp, traktoruň arkasyna ýükleýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 6-njy ýanwarda gürrüň berdi.

Habarçy häzirki wagt ýurduň orta mekdeplerinde 12 günlük gyşky dynç alşyň dowam edýändigini, ýöne iş tapylsa, köp sanly hojalyklaryň öz çagalaryny okuw günleri hem okuwdan alyp galýandygyny aýtdy.

“Ýer eýeleri uly adamlara gündelik 10 manat, kiçi çagalara 5 manat töleýärler. Olar bir traktor gowaça çöpüni 400 manatdan satýarlar. Adamlar gowaçany tamdyr we daşarda gazanda nahar bişirmek üçin odun hökmünde ulanýarlar. Şeýle-de, gyş günlerinde gaz ýok ýerlerinde, peç odunlyk üçin hem ulanylýar” diýip, habarçy belledi.

Gowaça çöpi
Gowaça çöpi

Oba ýaşaýjylarynyň gowaça çöpüni ýygnamaga gitmegi bilen bagly ýagdaýy Marynyň ähli obalarynda, şol sanda Garagum we Oguz han etraplaryndaky daýhan birleşiklerinde synlasa bolýar.

Azatlygyň habarçysy howanyň temperaturasy 5-6 gradusa çenli ýetýän şu günlerde oba ýaşaýjylarynyň gowaça çöplemäge gitmegini işsizlik we adamlaryň güzeran eklenjiniň kyndygy bilen düşündirýär.

“Adamlaryň köpüsi işsiz. Azyk harytlary we hyzmatlar bolsa häli-şindi gymmatlaýar. Adamlar gowaça çöpläp bolanlaryndan soň, başga ýene nirede iş tapyp bolarka diýip pikir edýärler. Sebäbi diňe gara iş bilen eklenip, günlerini zordan görýän adamlar gaty kän” diýip, habarçy gürrüň berdi.

8-nji noýabrda türkmen häkimiýetleri ýurduň ähli oba hojalyk işgärleriniň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirendigini aýdyp, döwlet harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak hasylyň tabşyrylandygyny yglan etdiler.

Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary býujet işgärleriň, esgerleriň mejbury pagta ýygymyna çekilmeginiň we “ýygym üçin” pul toplamak işleriniň noýabr we dekabr aýlarynda hem dowam edendigini habar berdiler.

Türkmenistan soňky üç ýyla golaý wagt bäri ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Ýurt raýatlary azyk harytlarynyň gymmatlamagy we gytçylygy, iş orunlarynyň kemeldilmegi, aýlyklaryň öz wagtynda berilmezligi, bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi we munuň bilen bagly uly nobatlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Azatlygyň ýerli habarçylary we türkmen hökümetine ýakyn çeşmeleriýurtda işsizligiň derejesiniň örän ýokarydygyny aýdyp, soňky aýlarda zir-zibil dörýän, günlükçilik etmek üçin iş gözleýän we dilegçilik edýän işsiz adamlary has köp görse bolýandygyny belleýärler.

Munuň bilen bir wagtda, daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gidýän türkmenistanlylar, eklenç üçin bikanun işlere, şol sanda altyn we walýuta gaçakçylygyna ýüz urýanlar barada hem häli-şindi habarlar peýda bolýar.

Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler.

Bu habarlaryň fonunda, Berdimuhamedow 27-nji dekabrda eden çykyşynda 2019-njy ýylyň “ähli ýurtlar üçin örän kyn”, emma “Türkmenistan üçin oňat ýyl bolandygyny” aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG