Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow nobatdaky kadr çalşygyny geçirdi


Türkmen prezidenti soňky kadr çalşygyny “oba milli maksatnamasy boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilmändigi” bilen düşündirdi.
Türkmen prezidenti soňky kadr çalşygyny “oba milli maksatnamasy boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilmändigi” bilen düşündirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy ýanwarda Ministrler kabinetiniň başlygynyň oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, bäş welaýatyň we paýtagtyň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirip, “işde goýberen kemçilikleri üçin” diýen kesgitleme bilen etrap häkimleriniň sekizsini, orunbasarlarynyň hem bäşisini işden boşatdy.

Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda, "işde goýberen kemçilikleri" üçin:

  1. Kürtow Kakamyrat Begençmyradowiç Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
  2. Annagurbanow Beggeldi Musranhanowiç Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy
  3. Amandurdyýew Serdar Myratdurdyýewiç Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy
  4. Goçmyradow Hojamyrat Şamyradowiç Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy
  5. Myradow Durdymuhammet Geldiýewiç Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy
  6. Duşemow Aýmuhammet Babajanowiç Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy
  7. Allamyradow Agamyrat Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
  8. Gandymow Merdan Çarygeldiýewiç Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy

Şeýle-de, ýokardarky kesgitleme bilen:

  1. Nepesow Hydyr Atabaýewiç Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy
  2. Baýramgeldiýewa Arazbibi Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy
  3. Muradow Nardurdy Agamuradowiç Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy
  4. Soltanow Atajan Jumaýewiç Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
  5. Muhammedowa Jemile Allaberdiýewna Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Berdimuhamedow wezipesinden boşadylan resmileriň “goýberen kemçiliklerini” anyklaşdyrmasa-da, ol soňky kadr çalşygyny “oba milli maksatnamasy boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilmändigi” diýen umumy kesgitleme bilen düşündirdi.

Şol bir wagtda, Berdimuhamedow 27-nji dekabrda ýylyň jemlerine bagyşlanan hökümet mejlisinde şu ýyl 1 million 700 müň tonna golaý galla hasylynyň ýygnalyp, ýurduň azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigi, 1 million tonnadan gowrak pagta hasylynyň ýygnalandygy barada ozal aýdan sözlerini gaýtalapdy.

Emma synçylar, syzyp çykýan maglumatlara we ýerlerdäki hünärmenlere, kärendeçilere salgylanyp, ýurtda sowet döwrüniň artdyryp ýazmak, pripiska praktikasynyň “doly güýjünde” dowam etdirilýändigini öňe sürýärler.

Azatlyk Radiosy ýurduň oba-hojalyk pudagyndaky meseleler, kärendiçileriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada dowamly maglumatlary berip gelýär.

Türkmenistanda soňky 29 ýylda dürli derejelerdäki resmileriň prezident tarapyndan “işde kemçilik goýberdi” diýlip wezipeden boşadylmagy, olaryň ornuna köplenç orunbasarlarynyň bellenmegi we birazdan ýene bu ýadaýyň gaýtalanmagy kada öwrüldi.

Wezipesinden boşadylan öňki ýolbaşçylaryň soňky ykbaly barada köplenç açyk maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG