Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Eýran raketa hüjümlerinden soň 'yza tesene' meňzeýär diýýär


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň 'yza tesene' meňzeýändigini aýdýar.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň 'yza tesene' meňzeýändigini aýdýar.

Tähran Birleşen Ştatlaryň goňşy Yrakda ýerleşýän harby bazalaryna ballistik raketa hüjümini edeninden soň öz goranyş başlygynyň bu hüjüm barada doly hasabatyny diňlän ABŞ prezidenti Donald Tramp Eýran “yza tesene meňzeýär” diýdi.

Tramp 8-nji ýanwarda halka ýüzlenip eden çykyşynda bu hüjümlerde “amerikanlaryň we yraklylaryň hiç biriniň ölmändigini”, “hiç bir amerikana zeper ýetmändigini” aýtdy we bazalara ýeten zyýanyň ujypsyz bolandygyny belledi.

Eýran Ain al-Assad howa bazasyna weHarir howa bazasyna edilen hüjümleriň Yslamçy rewolýusiýa goragçylary korpusynyň general-maýory Kasem Süleýmaniniň öldürülmeginiň aryny almak üçin gurnalandygyny aýtdy.

“Kuds” güýçleriniň komandiri geçen hepde ABŞ-nyň Bagdatda uran zarbasynda ölüp, Tähran bilen Waşingtonyň arasyndan öňdenem dartgynly bolan ýagdaýlaryň has beter gyzyşmagyna alyp geldi.

Dünýä liderleri Eýranyň hüjümini ýazgardylar we Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky gapma-garşylygyň mundan aňryk gyzdyrylmagyny derhal bes etmäge çagyrdylar.

Bu hüjüm 62 ýaşyndaky Suleýmani 7-nji ýanwarda öz dogduk şäherinden jaýlanandan birnäçe sagat soň amala aşdyryldy. Suleýmani Tähranyň daşary ýurtlardaky gizlin we harby operasiýalaryny gurnamaga kömek edipdi.

Bu Eýran tarapyndan Birleşen Ştatlara garşy 1979-njy ýylda Tähranda ABŞ ilçihanasy ele geçirileli bäri edilen iň gönümel hüjüm hökmünde häsiýetlendirildi.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esper Eýran azyndan üç nokatdan pesinden 16 sany gysga aralyga ýetýän ballistik raketa atdy diýdi.

Ol ABŞ harbylarynyň hüjümleriň dowam etmek ähtimallygyna “taýýar we hüşgär” bolup durandyklaryny aýtdy we olaryň Eýran babatynda zerur bolan “öňüni alyş çäreleriniň derejesini” ýokarlandyrandyklaryny sözüne goşdy.

Ýarygijeden sähel öň Yragyň paýtagty Bagdatda berk goragly Ýaşyl zonanyň içine iki raketa gelip düşdi, emma ejir çeken bolmady diýip, yrak harbylary aýtdylar. ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň ilçihanalary, sol sanda yrak hökümetiniň oturýan ýeri şol zolakda ýerleşýär.

Yrakdaky Eýrana tarapdar toparlar hem Suleýmaniniň ölümi üçin ar almagy wada berdiler.

Şu aralykda ABŞ-nyň Wekiller öýüniň spikeri Nancy Pelosi özleriniň “prezidentiň Eýran babatynda harby çäre görmegini çäklendirmek üçin” rezolýusiýa kabul etjekdiklerini aýtdy.

Tramp ozal, eger-de ABŞ işgärlerini we bazalaryny nyşana alsa, Eýrana garşy harby çäre görjekdigini aýdyp, haýbat atypdy.

Emma prezident özüniň 8-nji ýanwarda eden ýüzlenmesinde “Biziň şeýle ajaýyp goşunymyzyň we enjamlarymyzyň bolmagy... biziň olary hökman ulanmalydygymyzy aňlatmaýar” diýmek bilen çäklendi.

"Eýran yza tesen ýaly görünýär we bu degişli taraplaryň ählisi üçin gowy zat” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Waşington Eýrana garşy täze maliýe we ykdysady gadaganlyklary girizer diýip, Tramp sözüni dowam etdirdi we olar bu ýurt “gylygyny üýtgedýänçä” saklanyp galar diýdi.

Eýran “özüniň ýadro ýaragyny edinmek tagallalaryny we terrorçylyga goldaw bermegini bes etmeli” diýip, Tramp aýtdy.

Şeýle-de ol NATO-dan “ýakyn Gündogar prosesine has kän gatnaşykda bolmagyny” sorajakdygyny aýtdy we Birleşen Ştatlar “oňa ymtylýanlaryň ählisi bilen parahatçylygy kabul etmäge taýýar” diýdi.

Eýranyň döwlet TW-si Eýran 8-nji ýanwar güni irden ABŞ-nyň Yrakdaky nyşanalaryna 15 raketa atdy diýdi.

AP iki ABŞ resmisine salgylanyp, ol raketalaryň 10 sanysynyň Yragyň günbatar welaýaty Anbarda ýerleşýän aýn al-Assad howa bazasyny urandygyny, biriniň Yragyň kürt awtonom regionyndakyErbilde ýerleşýän Harir howa bazasyny nyşana alandygyny habar berdi.

Resmileriň tassyklamagyna görä, Eýrandan atylan raketalaryň dördüsi atylan ýerine ýetmedi.

XS
SM
MD
LG