Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran öldürilen komandir jaýlanandan soň ABŞ-nyň Yrakdaky nyşanalaryna hüjüm etdi


Eýran ABŞ-nyň Yrakdaky howa bazasyna hüjüm etdi.

Eýran 8-nji ýanwarda Yrakda ençeme nokady, şol sanda ABŞ we koalsiýa güýçleriniň ýerleşýän azyndan iki harby bazasyny nyşana alyp, ondan gowrak ballistik raketa atdy diýip, Pentagon aýtdy.

Goranmak departamentiniň sözçüsi Jonathan Hoffman “bu raketalaryň Eýrandan atylany ap-aýdyň” diýdi. Aýn Assaddaky we Erbildäki harby bazalar uruldy diýip, ol aýtdy we “başlangyç söweş zyýany syny geçirilýär” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

“Biz Yrakdaky ABŞ desgalaryna edilen hüjümler baradaky maglumatlardan habarly” diýip, Ak tam žurnalistlere aýtdy. “Prezident [Donald Tramp] habardar edildi we ýagdaýy ýakyndan synlaýar we milli howpsuzlyk topary bilen maslahatlaşýar” diýip, beýanatda aýdylýar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bu raketa hüjümlerinden gysga wagt soň “Hemmeler sag-gurgun” diýip, twitterde ýazdy we pidalar babatynda “şu wagta çenli gowulykdygyny” belledi.

Tramp 8-nji ýanwarda beýanat etjekdigini hem sözüne goşdy.

NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg bu hüjümi ýazgardy we Tährany yza tesmäge çagyrdy.

"Men Yrakdaky ABŞ we koalisiýa güýçlerine edilen ballistik raketa hüjümlerini ýazgarýaryn. NATO Eýrany mundan aňryk zorlukly çäreleri görmekden saklanmaga çagyrýar” diýip, Stoltenberg twitterde ýazdy.

NATO-nyň bir resmisi ýaranlygyň Yrakdaky tälim missiýasynyň işgärleriniň arasynda pidalaryň bolmandygyny aýtdy.

Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusy bu hüjümleriň jogapkärçiligini öz boýnuna aldy diýip, Eýranyň döwlet TW-siwe döwlet habar gulluklary habar berdi.

Eýranyň döwlet TW-si, subutnama getirmän, zarbalaryň “azyndan 80 terrorçyny, ABŞ esgerlerini” öldürendigini, şeýle-de Aýn al-Assad howa bazasyndaky dikuçarlara, dronlara we beýleki enjamlara zyýan ýetirendigini aýtdy.

Yrak harbylary 22 raketanyň atylandygyny aýtdylar. “Yrak güýçleriniň arasynda pida bolan ýok” diýip, harbylar aýtdy.

Eýranyň ýokary ruhany lideri, aýatolla Ali Hameneýi TW-de berlen sözünde bu hüjümleriň Birleşen Ştatlaryň “ýüzüne urlan şarpyk” bolandygyny aýtdy. Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bolsa aýratynlykda, “Fars” habar gullugynyň maglumatyna görä, Waşington Suleýmaniniň “goluny kesip biler”, emma muňa jogap hökmünde Amerikanyň sebitdäki “aýagy” kesilip biler diýdi.

Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary bu hüjümleriň Eýranyň tanymal harby serkerdesi Kasem Suleýmaniniň geçen hepde ABŞ howa zarbasynda öldürilmegi sebäpli ar alyş bolandygyny aýtdy.

Eýran harbylarynyň jarnamasynda “weýran ediji gaýtawullaryň köp” boljakdygy bilen haýbat atylsa, Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif sosial mediada Tähranyň özüni goramak üçin proporsional çäreleri görmeli boljakdygyny aýtdy.

"Eýran, BMG-niň Düzgünnamasynyň 51-nji maddasy esasynda, özüni goramak üçin proporsional çäreleri aldy wegördi.... Biz ýagdaýy gyzdyrmak ýa uruş turuzmak islemeýäris, emma biz islendik agressiýa garşy özümizi gorarys” diýip, Zarif twitterde ýazdy.

Şeýle-de ol, öz esgerleriniň öldürilmeginiň öňüni almak üçin, Birleşen Ştatlara bu regiondaky goşunlaryny çykarmagy maslahat berdi.

Eýranyň goranmak ministri Amir Hatami döwlet TW-sinde Waşington ar alsa, Eýran “proporsional” güýç bilen gaýtawul berer diýdi.

"Biz gysga aralyga ýetýän raketalary ulandyk... Men bu Amerika üçin ýatda galjak sapak bolar diýip umyt edýärin” diýip, Hatami aýtdy.

"Eýranyň (ABŞ-nyň islendik ar almasyna) berjek gaýtawuly proporsional bolar” diýip, ol Tramp “(ABŞ) administrasiýasyny terrorçy hökümete öwürdi” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu hüjümden soň esasy howa ýollarynyň birnäçesi, şol sanda “Air France” we Germaniýanyň “Lufthansa” 8-nji ýanwarda, Yragyň we Eýranyň üstünden aýlanyp geçmek üçin, uçar ugurlaryny üýtgetdi, Federal Awiasiýa adminstrasiýasy bolsa, ABŞ uçarlarynyň ählisiniň bu sebitdäki uçuşlaryny gadagan etdi.

Yraga edilen hüjümler Suleýmaniniň 7-nji ýanwarda dogduk şäherinde jaýlanmagynyň birnäçe sagat yz ýanyndan edildi.

Eýranyň harby ýolbaşçylary we Yragyň harbylaşdyrylan toparlarynyň liderleri onuň ölümi üçin ar almagy wada berdiler.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esper bir gün öň Waşingtonda žurnalistlere Eýranyň Suleýmaniniň ölümi üçin “ol ýa-da beýleki bir görnüşde” ar alyş gaýtawulyny bermegine garaşýandygyny aýtdy.

"Biz islendik görnüşdäki öňünden görülmedik ýagdaýa taýýar. Şondan soň biz olar näme etse, şoňa görä jogap gaýtararys” diýip, ol aýtdy.

Jon Hopkins uniwersitetiniň professory Stephen David “Amerikanyň sesine” Eýranyň ar aljak bolmagy garaşylmadyk zat däl, emma Tähranyň bu hüjümi öz topragyndan etmegi geň diýdi. Onuň pikiriçe, bu hüjümiň soň inkär edilip bilinmejekdigini aňladýar, şeýle-de ol ballistik raketanyň - ýöne raketadan has güýçli ýaragyň ulanylandygyny belledi.

Döwlet eýeçiligindäki türkmen mediasy we türkmen resmileri goňşy Eýranda bolýan wakalara hiç bir reaksiýa bildirmeýärler.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG