Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda bir aýaly öldürmekde güman edilýän türkmenistanly barada täze maglumatlar peýda boldy


Jenaýatda aýyplanýan raýat. Belarusyň Derňew komitetiniň websaýtyndan alnan surat.
Jenaýatda aýyplanýan raýat. Belarusyň Derňew komitetiniň websaýtyndan alnan surat.

Belarusda bir aýaly öldürmekde aýyplanýan türkmenistanly barada täze maglumatlar peýda boldy. Onuň garyndaşy we tanyşlary Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugyna beren maglumatlarynda aýyplanýanyň şahsyýetiniň Batyr A.-dygyny tassykladylar. Batyr 6-njy ýanwarda Belarusyň Witebsk sebitinde tussag edildi.

“Ol aýaly öldürendigini boýun aldy we derňewiň barşynda hyzmatdaşlyk edýär” diýlip, Belarusyň Derňew komitetiniň websaýtynda habar berilýär. Oňa eýýäm günä ýöňkeldi. Ýöne maglumatda onuň şahsyýeti köpçülige mälim edilmeýär.

Mundan ozal, Internetde tussag edileniň Batyr A.-dygy barada maglumatlar we suratlar peýda bolupdy. Azatlyk Radiosy bu barada 7-nji ýanwarda habar beripdi.

Häzirki wagt tussag edileniň garyndaşlarynyň biri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugyna beren maglumatynda onuň Batyr A.-dygyny tassyklady.

“Onuň erkek dogany Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen habarlaşdy. Olar bu maglumaty tassykladylar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan türkmenistanly aýtdy. Şeýle-de, ol Belarusyň Derňew komitetiniň websaýtynda çap edilen wideony hem gördi we Batyry sesinden tanady.

Ol Belarusy haçan we näme üçin bardy?

Batyryň garyndaşy onuň Minskiň Döwlet lingwistika uniwersitetinde okamak üçin Belarusa gidendigini aýdýar.

“Men we Batyr umumy ýaşaýyş jaýynyň bir gatynda ýaşaýardyk” diýip, Minsk Döwlet lingwistika uniwersitetiniň öňki studenti Ýana aýtdy.

Tussag edilen türkmenistanly Batyr bilen Serdar hem, Minskiň Döwlet lingwistika uniwersitetinde bile okaýardylar. Serdaryň sözüne görä, ol Batyr bilen okuw döwründe dost bolupdyr.

“Ol ýerde näme bolan bolsa-da, ol muny etjek adam däl” diýip, Serdar aýdýar.

2018-nji ýylda Batyr Minskden Witebske göçýär. Şondan soň ol Witebskiň döwlet uniwersitetinde rus filologiýasy boýunça bilim alýar.

2019-njy ýylyň noýabrynda Witebskiň döwlet uniwersiteti Batyry okuwdan çykarýar. Azatlyk Radiosy uniwersitetiň daşary ýurt raýatlaryna bilim berýän bölümi bilen habarlaşanda, ýokary okuw jaýynda şeýle adamyň okamaýandygyny aýtdylar. Internetde Batyryň 2019-njy ýylyň 13-nji noýabrynda okuwdan çykarylandygy barada maglumatlar bar. Onuň okuwdan çykarylmagyna okuwa ýetişiginiň pes bolmagynyň we okuw tölegleriniň öz wagtynda tölenmezliginiň sebäp bolandygy aýdylýar. Internetde onuň okuw tölegleri üçin karzynyň $559-a barabardygy bellenilýär.

Batyryň garyndaşynyň sözüne görä, şondan soň Batyr ene-atasy bilen soňky gezek habarlaşyp, özüniň Türkiýä gitmäge taýýarlanýandygyny aýdypdyr.

“31-nji dekabrda men onuň ejesi we kakasy bilen gürleşdim. Olar maňa Batyryň Türkiýededigini aýtdylar” diýip, onuň türkmenistanly garyndaşy aýtdy. Ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen habarlaşandan soňra, Batyryň ene-atasyna gaýtadan jaň etdi.

“Batyryň kakasy bu waka barada hiç zat bilmeýär. Olar onuň bilen habarlaşyp bilmeýär, olarda onuň telefon nomeri ýok. Ol öýüne jaň edip bilerdi, ýöne jaň etmändir. Batyryň ene-atasy häzir şok ýagdaýynda” diýip, ol aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu mesele barada Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasy bilen habarlaşyp, öz raýatynyň tussag edilmegi barada soranda, telefona jogap beren resmi trubkany taşlamak bilen çäklendi.

Näme boldy?

Ýatlatsak, 2-nji ýanwarda Minskiň polisiýasyna Swisloç derýasynda arassalaýyş işlerini geçiren şäheriň kommunal gullugynyň işgärleri jaň edýär. Olar polisiýa işgärlerine derýadan içinde adamyň bedeniniň bölekleri bolan sumkany tapandyklaryny aýdýarlar.

Şondan soňra Belarusyň derňew komiteti ýurduň Jenaýat kodeksiniň 1-nji bölüminiň 139-njy maddasy boýunça derňew işini gozgaýar.

5-nji ýanwarda öldürilen aýalyň şahsyýeti anyklanyp, onuň 37 ýaşyndaky Ýuliýadygy habar berildi. Onuň Minskdäki kwartirasynda gözleg işleri geçirildi.

6-njy ýanwarda Belarusyň derňew komiteti aýaly öldürmekde güman edilýän 26 ýaşly daşary ýurtlynyň tussag edilendigini habar berdi. Şonda onuň öldürilen aýaly öňden tanaýandygy we onuň kwartirasynda wagtlaýyn ýaşandygy aýdyldy.

Tussag edileniň aýtmagyna görä, 28-nji dekabrda onuň we kwartiranyň eýesiniň arasynda konflikt döredi. Munuň netijesinde ol kwartiranyň 37 ýaşyndaky eýesini bogup öldürdi.

Belarus türkmenistanlylaryň ýokary bilim almak ýa-da zähmet migrasiýasyna gitmek üçin saýlap alýan esasy ýurtlarynyň hatarynda agzalýar.

Munuň bilen bir wagtda, Belarusyň media serişdelerinde türkmenistanlylar, şeýle-de eklenç üçin bikanun işlere, şol sanda altyn gaçakçylygyna ýüz urýan türkmen raýatlary barada häli-şindi habarlar peýda bolýar.

Türkmen metbugaty ýurt raýatlarynyň daşary döwletlerde düşýän agyr ýagdaýlary barada maglumat bermeýär. Bu barada türkmen häkimiýetleri hem dymýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG