Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanadanyň premýer-ministri “adalaty” söz berýär, eýranlylar uçaryň urulmagyna protest geçirýär


13-nji ýwanrda Tähranyň Şarif uniwersitetinde hökümete garşy protestler geçirildi.
13-nji ýwanrda Tähranyň Şarif uniwersitetinde hökümete garşy protestler geçirildi.

Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeau geçen hepdede Eýran tarapyndan atylyp gaçyrylan Ukrainanyň ýolagçy uçarynda heläk bolanlar üçin “adalatyň” ýerine ýetirilmegi ugrunda tagalla etjekdigini aýtdy.

“Jogaplar berilýänçä rahat oturmarys” diýip, Trudeau uçarda heläk bolan Kanadanyň 57 raýatynyň hatyrasyna 13-nji ýanwarda ýurduň Alerta welaýatynyň merkezi Edmontonda geçirilen çärede aýtdy. Eýranda bolsa resmileriň uçaryň atylyp gaçyrylmagy bilen baglylykdaky hereketlerine nägilelik bildirilip, geçirilýän protestler indi iki gün bäri dowam edýär.

Eýranyň harbylary howa-goranyş güýçleriniň 8-nji ýanwarda Boeing 737-800 uçaryny ýalňyşlyk bilen atyp gaçyrandygyny aýtdy. Bu hadysada uçardaky 176 ýolagçy heläk boldy.

Bu pajyga Eýranyň Yrakdaky amerikan güýçleriniň harby bazalaryna raketaly eden hüjüminden birnäçe sagat soňra ýüz berdi.

Tähran ukrain uçarynyň atylyp gaçyrylmagynda özüniň günäkärdigini ilki ret etdi.

Eýran uçary urup ýykandygyny 11-nji ýanwarda boýun alansoň, Tähran we beýleki şäherlerde protestler turdy. Demonstrantlar ýurduň ýolbaşçylarynyň garşysyna şygarlar bilen çykyş edenlerinde, polisiýa bilen çaknyşyklaryň bolandygy habar berildi.

Habar gullugy AP-niň bildirmegine görä, internetde ýerleşdirilen wideolarda polisiýanyň 12-nji ýanwar gijesi Tähranyň Azadi skwerindäki protestçileri dargatmak üçin, demonstrantlara ok atýandygy we göz ýaşardyjy gaz ulanýandygy görünýär.

Habar gullugy Reutersiň maglumatynda hem aýdylmagyna görä, ýerde dökülen gan bar we protestçileriň töwereginde howpsuzlyk işgärleri diýlip çaklanýan elleri ýaragly adamlaryň suratlaryny görmek bolýar

Habar gullugynyň aýtmagyna görä, beýleki wideolarda polisiýanyň protestçileri rezin tokmak bilen urýandygy görünýär.

15-nji ýanwarda Eýranyň döwlet neşiriniň internet saýtynda ýerleşdirilen beýannamada, Tähranyň polisiýa başlygy Hoseýn Rahimi protestçilere ot açylandygyny inkär etdi.

“Protestlerde polisiýa asla ot açanok. Sebäbi paýtagtyň polisiýa işgärlerine sowukganlylygy saklamak boýunça buýruk berildi” diýip, Rahimi aýtdy.

Amerikan prezidenti Donald Tramp 12-nji ýanwarda bir tweetde Eýran häkimiýetlerine hökümete garşy protestçileri nyşana almazlyk barada duýduryş berip: “Siziň tarapyňyzdan müňlerçe adam öldürildi ýa-da tussag edildi, dünýä sizi synlap otyr. Has möhümi sizi ABŞ synlaýar” diýip ýazdy.

13-nji ýanwarda Eýran hökümetiniň metbugat wekili Ali Rabiýi Trampy eýranlylar barada alada bildirmek bilen “krokodil gözýaşyny” dökýänlikde aýyplady.

Rabiýi şeýle hem Eýranyň ýaragly güýçleriniň uçary atyp gaçyranyndan soňra ony ençeme günläp, “bassyr-ýussur” edendigini ret etdi.

“Ol gaýgyly günlerde degişli resmilere we häkimiýetlere garşy köp tankytlar gönükdirilidi ... Käbir resmiler ýalançylykda we bassyr-ýussur etmekde aýyplanyldy. Ýöne, dogrusyny aýtsaň, beýle däldi” diýip, Rabiýi döwlet telekanalynda berlen beýanatda aýtdy.

Ukrainanyň halkara uçarynyň PS752 reýsinde 82 sany eýranly, 11 sany ukrainaly, 10 şwesiýaly, 10 owganystanly, üç germaniýaly we üç britaniýaly-da bardy.

Eýran Kanadany we Ukrainany uçar heläkçiligi baradaky derňewlere gatnaşmaga çagyryp, günäkärleriň jogapkärçilige çekiljekdigini aýtdy.

Kiýewde prezident Wolodymyr Zelenskiniň aýtmagyna görä, Ukraina özüniň 11 raýatynyň jesedini üstümizdäki hepdäniň aýagyndan bärde ýurda getirmegi umyt edýär.

Prezidentiň internet saýtyndaky beýannamada bildirilmegine görä, Zelenskiý garyndaşlary “olar bilen hoşlaşar ýaly” jesetleriň “19-njy ýanwardan bärde” ýurda getirilmegini isleýändigini aýdypdyr.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranyş geňeşiniň sekretary Oleksiý Danilow BBC telekanalyna 11 jesediň aýdylýan wagtdan gijiräk getirilmegi mümkin diýdi.

“Jesetleriň otuz prosentiniň kimlerdigi anyklandy. 20-21-nji ýanwar töwereklerinde Ukraina gelerler” diýip, Danilow aýtdy.

Uçardaky ukrainleriň dokuzy ekipaž agzasy we ikisi hem ýolagçydy.

11-nji ýanwarda Eýranyň yslam rewolýusiýa sakçylarynyň howa giňişligi baradaky bölüminiň başlygy Amirali Hajizadeh öz bölüminiň tragediýanyň “doly jogapkärçiligini” öz üstüne alýandygyny aýtdy.

Ýurduň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameniýi hem heläk bolan 176 adamyň hossarlaryna “çuň duýgudaşlyk” bildirip, ýaragly güýçleri “bu dertli hadysada ýüze çyklan bolmagy mümkin kemçilikleri we ýazygy yzarlamaga” çagyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG