Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatly pensionerler özleriniň diridigini subut etmek üçin nobatda durmaly bolýarlar


Köpetdag etrabynyň sosial üpjünçilik bölümi, Aşgabat, ýanwar, 2020
Köpetdag etrabynyň sosial üpjünçilik bölümi, Aşgabat, ýanwar, 2020

Aşgabatly pensionerler özleriniň diridigini hasaba aldyrmak üçin şu günler uly nobatlarda durmaly bolýarlar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy häzirki wagtda sosial üpjünçilik edaralarynyň etrap bölümlerinde günde onlarça adamyň ýygnanýandygyny habar berýär.

"Men şu gün hut özüm hasaba durmak üçin Köpetdag etrabynyň sosial üpjünçilik edarasyna bardym. Garrylaryň, maýyplaryň we çagaly eneleriň uly nobatlary bar" - diýip, habarçymyz 13-nji ýanwarda habar berdi we nobatlaryň ýylyň başyndan bäri saklanýandygyny belleýär.

Köpetdag etrabynyň sosial üpjünçilik bölümi, Aşgabat, ýanwar, 2020
Köpetdag etrabynyň sosial üpjünçilik bölümi, Aşgabat, ýanwar, 2020

Özlerini hasaba aldyrmak talaby diňe bir pensionerlere däl-de, eýsem, maýyplyk sebäpli ýa-da 3 ýaşyna ýetmedik çagalary üçin kömek puluny alýan raýatlara hem degişli.

"Pensioner, maýyplar, çagaly eneler olaryň ählisi ýylda iki gezek hasaba durmaly. Olaryň diridigini hasaba almakdan daşary, pensionerleriň ätiýaçlandyryş kitapçalarynda pensiýalaryň 10% ýokarlanmagyndan soňky täze möçberini belleýärler" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz belledi.

2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda pensiýalaryň möçberi 10% ýokarlandyryldy. Pensiýalaryň minimal möçberi 338 manada, döwlet kömek pullarynyň möçberi 322 manada barabar boldy.

Pensionerleriň özleriniň diridigini hasaba aldyrmagy tutuş ýurt boýunça amala aşyrylýar.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary bilen söhbetdeş bolan resmileriň sözlerine görä, bu çäreleriň esasy maksady pensionerleriň ýogalan ýagdaýynda olaryň plastik kartlaryna geçirilýän puldan olaryň ýakynlarynyň peýdalanmazlygynyň öňüni almakdan ybarat.

7-nji ýanwarda Azatlygyň Lebapdaky habarçysy özleriniň diridigini subut etmedik raýatlara pensiýasynyň geçirilmändigini habar berdi.

Ýatlatsak, dekabrda türkmenabatly pensionerlere ýaşaýan ýerlerindäki pension bölümlerine ýüz tutup, hasaba durmagyň zerurdygyny duýdurdylar. Şonda habarçymyzyň aýtmagyna görä, pensionerlerden ýaşaýan ýerinden we keselhanadan resminama getirmek talap edilipdir.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň habar bermegine görä, şu günler paýtagtly pensionerler sosial üpjünçilik bölümlerinden daşary, medisina edaralaryna hem ýüz tutup, özleriniň saglyk ätiýaçlandyryş şahadatnamalaryny täzelemeli bolýarlar.

"Bu olaryň her aýlyk ätiýaçlandyryş şahadatnamalary üçin alynýan tölegi kesgitlemek üçin edilýär. Käbir pensionerler ätiýaçlandyryş üçin tölemeýärler, sebäbi gerekli dermanlar hiç wagtda bolmaýar, bar bolanda-da olary ýazdyrmak gaty kyn we bu iş ýadadýar. Başda terapewt ýazýar, möhüri baş lukman goýýar, ony tapmak hem kyn" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 14-nji ýanwarda habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary pensionerleriň diridigini hasaba almak çäresiniň ýylda iki gezek ýerine ýetirilmelidigi barada 2018-nji ýylyň güýzünde habar beripdi. Şonda köpçüligiň bu talabyň güýje girmegi barada diňe pensiýalarynyň hasaba geçmedik ýagdaýynda bilip galandygy mälim bolupdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG