Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şweýsar hökümeti Türkmenistanyň Şweýsariýada konfiskasiýa edilen 1,3 mln dollaryny Aşgabada gaýtarýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Bikanun ýollar bilen edinilip, şweýsar banklarynda goýlan goýumlary yzyna ugratmak syýasatynyň çäginde Şweýsariýa konfiskasiýa eden 1,3 mln dollar töweregi puluny Türkmenistana gaýtaryp berýär. Bu barada Şweýsariýanyň Daşary işler ministrliginiň 15-nji ýanwarda ýaýradan beýanatynda aýdyldy.

Beýanata görä, agzalýan maliýe serişdesi Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistanda saglyk pudagynda alyp barýan taslamalaryna gönükdiriler.

Beýanatda aýdylmagyna görä, Şweýsariýa, Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy 15-nji ýanwarda Bernde degişli ylalaşyga gol çekdi. Türkmenistana gaýtarylýan maliýe serişdeleri bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň saglyk taslamasynyň çäginde Türkmenistan üçin satyn alynjak inçekesele garşy dermanlar maliýeleşdiriler.

“Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bu taslamanyň üsti bilen türkmen jemgyýetiniň iň garyp gatlagyna zerur saglyk hyzmatlaryny elýeterli edip, olara netijeli we ýokary hilli saglyk hyzmatlaryny hödürlemegi maksat edinýär” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Bu syýasatçylaryň bikanun ýollar bilen gazanan pullarynyň daşary ýurtlardan Türkmenistana gaýtarylyp berilmegi bilen bagly mälim bolan ilkinji wakadyr. Ýöne daşary ýurtlarda türkmen emeldarlary bilen ilteşigi bolan korrupsiýa wakalary barada mundan ozal-da habar berlipdi.

Ýatlasak, MAN Group kompaniýasynyň öňki ýolbaşçysy ozalky ýyllarda türkmen emeldarlaryna para bermekde aýyplanyp geçen dekabrda sud edilipdi.

Soňky beýanata görä, Türkmenistana gaýtarylýan pul Şweýsariýanyň möhüm syýasy şahslaryň bikanun ýollar bilen gazanan pullaryny doňdurmak, konfiskasiýa etmek we yzyna gaýtarmak strategiýasynyň çäginde Aşgabada ugradylýar.

Maglumatda Aşgabada gaýtarylýan puluň haýsy syýasy şahsyň ýa-da şahslaryň bikanun ýollar bilen gazanyp, şweýsar banklarynda saklan emlägidigi mälim edilmeýär.

Şweýsariýada konfiskasiýa edilen pullaryň Türkmenistanda inçekesel dermanlaryny satyn almaga gönükdirilmegi inçekeslden ejir çekýän türkmenistanlylaryň kynçylyklary barada mediada peýda bolan maglumatlaryň yzýanyna gabat gelýär.

Bütindünýä saglyk guramasynyň sanlaryna görä, 2015-nji ýylda Türkmenistanda 3 müň 800 adam, 2016-njy ýylda 2 müň 232 adam inçekesel bilen hasaba alyndy. Guramanyň soňky sanlaryna görä, 2018-nji ýylda Türkmenistanda jemi 2 müň 700 adam inçekesel bilen bagly hasaba alyndy, olardan inçekeseliň derman serişdelerine durnukly görnüşi (MDR-TB) bilen kesellän 1 müň 98 adam saglyk bejergisine başlapdyr. Bütindünýä saglyk guramasyna görä, Türkmenistanda 2018-nji ýylda hasaba alnan inçekeselli erkek adamlaryň sany bu kesele ýolugan aýallaryň sanyndan köpdür.

AIDS, inçekesel we gyzzyrma keselleriniň garşysyna göreşmek üçin Global gazna 2010 – 2018-nji ýyllar aralygynda Türkmenistana 23 million dollardan gowrak maliýe hemaýatyny berdi. 2016-njy ýylda Bütindünýä banky Türkmenistany ortadan ýokary girdejili ýurtlaryň sanawyna goşandan soň, Türkmenistan inçekesele garşy global gaznanyň hemaýat mümkinçiliginden mahrum boldy. Gaznanyň Türkmenistana degişli maliýe kömegini kabul ediji we ýerine ýetiriji gurama BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky ofisidir. Türkmenistan 2018 – 2021-nji ýyllar aralygy üçin inçekesele garşy global gaznanyň 4 million dollar töweregi geçiji maliýe hemaýatyna ýüz tutdy.

Galyberse-de, Şweýsariýada konfiskasiýa edilen pullaryň Türkmenistana gaýtarylyp berilmegi barada Şweýsariýanyň Daşary işler ministrliginiň beýanat ýaýratmagy bilen Türkmenistanyň daşary ýurt banklaryndaky maliýe serişdeleri barada ilkinji gezek habar berilmeýär. Ýatlasak, mundan ozal, 2018-nji ýylyň iýul aýynda The Economist neşiri Germaniýanyň banklarynda Türkmenistanyň 23 milliard dollarynyň bardygyny, ýöne banklaryň maglumatlarynda olaryň eýeleriniň aýan edilmeýändigini habar beripdi. Deňeşdirmek üçin aýdylsa, 23 milliard dollar Türkmenistanda "gara bazaryň" bahasyndan soňky kabul edilen býujeti göz öňünde tutup hasaplananda ýurduň tas 6 ýyllyk umumy býujetine barabar bolýar. Bu serişde bilen 6 ýyl üznüksiz Türkmenistandaky ähli býujet işgärleriniň aýlyk haklaryny, pensiýalaryny we döwlet kömek pullaryny töläp bolýar.

Şweýsariýa Türkmenistanyň garaşsyzlygyny 1991-nji ýylyň 23-nji dekabrynda ykrar etdi. Türkmenistan Ženewada 2011-nji ýylyň aprelinde öz ilçihanasyny açdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG