Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda, Lebapda mejbury arassaçylyk işleri geçirilýär


Tam süpüriji prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň portretini düşektaýak bilen ýuwýar. (arhiw suraty)
Tam süpüriji prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň portretini düşektaýak bilen ýuwýar. (arhiw suraty)

18-nji ýanwarda Marynyň kommunal hojalyk gullugynyň işgärleriniň uly bölegi irden sagat 07:30-den aeroportuň töwereginde arassaçylyk işlerini geçirmäge çykaryldy.

“[Kommunal hojalyk gullugynyň] işgärleri aeroportuň töwereginde we ondan uzap gaýdýan ‘Obýezdnoý’ ýolundan tä ‘Şatlyk’ aýlawyna çenli arassaçylyk işlerini geçirdiler. Olar guran otlary çapdylar, ýoluň boýundaky atyzlary agdardylar, dyrmaladylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri gürrüň berdi.

Bu aralykda, mejbury arassaçylyk işleri Lebapda hem geçirilýär. Emma, Marydan tapawutlykda ýurduň gündogar welaýatynda bu mejbury işlere býujet işgärleri, şol sanda mekdep mugallymlary hem çekilýär.

“Býujet işgärleri uly we kiçi gatnawly awto-magistral ýollaryň gyralaryny arassalaýarlar, haşal otlary çapyp aýyrýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň bu regiondaky habarçylarynyň biri maglumat berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmagyny islemedik habarçymyz Lebapda eýýam arassaçylyk işleriniň birnäçe günden bäri dowam edýändigini aýtdy. Ol munuň netijesinde edara-kärhanalaryň işine, şol sanda mekdep sapaklarynyň hiline hem ýaramaz täsir ýetendigini belledi.

“Bu mejburlyk sebäpli mugallymlar göz öňünde tutulan ähli sapaklaryny okadyp bilmeýärler. Köçe arassalamaga çykarylan mugallymlaryň sapaklaryny, hiç hili goşmaça töleg edilmezden, beýleki mugallymlara okatmak tabşyrylýar. Hatda okuwçylaryň 2 sagat sapakdan soň öýlerine goýberilen halatlary hem boldy” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly mugallymlaryň biri bilen söhbetdeş bolan habarçymyz belledi.

Habarçy häzirki arassaçylyk işleriniň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýewiň sebite etmeli sapary bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Emma muny, şeýle-de Marydaky duýdansyz arassaçylyk işleriniň sebäbini Azatlyk Radiosyna beýleki garaşsyz çeşmeler arkaly anyklaşdyrmak häzirlikçe başartmady.

Türkmen döwlet mediasynda hem bu barada hiç hili maglumat berilmedi.

Türkmenistanda edara-kärhanalaryň işgärleriniň, ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň we mekdep okuwçylarynyň köpçülikleýin çärelere, ýowarlara, şol sanda köçe süpürmek, bag ekmek işlerine gatnaşmaga mejbur edilmegi adaty zada öwrüldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG