Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň howpsuzlyk we goranmak ministrlerine soňky duýduryşlary berildi


Milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew
Milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirip, milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýewe berk käýinç we soňky duýduryşyny yglan etdi.

Berdiýew noýabrda Türkmenistandaky "geý problemasy" bilen bagly käýinç alypdy.

Adatça bolşy ýaly, ýurduň iň ýokary derejeli howpsuzlyk resmisine bu käýinjiň gulluk borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde kemçilik goýberendigi üçin berlendigi aýdylýar. Mundan başga, Berdimuhamedow onuň harby çinini hem general-maýor derejesine çenli peseltdi we Berdiýewi Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesinden boşatmak kararyna geldi.

Şeýle-de prezident Türkmenistanyň goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe berk käýinç we soňky duýduryş yglan etdi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, ol hem gulluk borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändir we işinde kemçilik goýberipdir. Şonuň bilen bir wagtda, adatça bolşy ýaly, olaryň goýberen kemçilikleriniň detallary açylmaýar.


Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2019-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, 2020-nji ýylda ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenildi diýip, habarda aýdylýar.

Döwlet baştutany Berdiýewiň hasabatyny diňläp, “MHM-niň wajyp orny barada” durup geçdi, “milletiň agzybirligini we jebisligini berkitmek” üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň gürrüňini etdi. Emma muňa garamazdan, resmi habarda milletiň jebisligi ýa agzybirligi babatda nähili meseläniň ýüze çykandygy anyklaşdyrylmaýar.

Prezident howpsuzlyk işgärleriniň “eserdeňliginiň häzirki zamanyň ylymlaryndan we sanly tehnologiýalaryndan baş çykarmak ukybyna baglydygyna" hem ünsi çekdi.

Ýöne Berdiýewiň general-polkownik harby çininiň general-maýor harby çinine çenli peseldilmegi, onuň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesinden boşadylmagy, şeýle hem oňa berk käýinjiň we soňky duýduryşyň yglan edilmegi milli howpsuzlyk ministriliginiň işgärleriniň eserdeňligi ýa olaryň sanly tehnologiýalardan ýeterlik baş çykarmak ukyby bilen baglanyşdyrylmaýar.

Türkmenistanda daşary ýurtlaryň garaşsyz habar serişdeleriniň, sosial-media saýtlarynyň, şol sanda Türkmenistan hakynda ýerli mediada berilmeýän maglumatlary çap edýän neşirleriň onlarçasy petiklengi we ýurduň milli howpsuzlyk işgärleriniň şeýle saýtlara gyzyklanma bildirýän raýatlary soraga çagyrýandyklary, daşary ýurtlardan dolanan raýatlaryň, zähmet migrantlarynyň, studentleriň haýsy saýtlara girýändigi bilen yzygiderli gyzyklanýandygy habar berilýär.


Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň işgärleriniň hem türkmen raýatlarynyň informasiýa almak isleglerini “ýörite iş edinýändigi” hakynda resmi bolmadyk maglumatlar bar.

Mundan öň türkmen häkimiýetleri ýurtda “çanak antennalarynyň” garşysyna göreş alyp bardylar we raýatlaryň şahsy elektron gatnaşyklaryna gözegçiligi güýçlendirdiler diýip, synçylar belleýär.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurduň Ýaragly ýüýçleriniň hatarlarynda geçirilen “toplumlaýyn harby özgertmeleriň barşy” barada hem hasabat berildi.

Berdimuhamedowyň ýurduň harby edaralaryna öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmak boýunça anyk tabşyryk berşinden çen tutulsa, ol bu işiň haýallygyndan nägile bolupdyr.


Şol bir wagtda ýurduň harbylarynyň ýüzbe-ýüz bolýan synaglary, goňşy Owganystan bilen aradaky serhediň boýunda bolýan wakalar, esgerleriň arasyndaky dedowşina, agalyk problemalary, esgerleriň azyk-iýmit üpjünçiligi barada çykan resmi bolmadyk maglumatlar mejlisde agzalmady.

Azatlygyň habarçylary bilen anonim şertde gürleşýän esger eneleri watan gullugyndaky ogullarynyň köplenç “idili naharlanyp bilmeýändigini”, üstesine, olary pagta ýygmak ýaly, özlerine degişli bolmadyk işlerde ulanmagyň hem dowam edýändigini gürrüň berýärler.


MHM-niň ministrine we Goranmak ministrine berlen berk käýinçler we soňky duýduryşlar ýurduň uzak wagtlyk içeri işler ministri Isgender Mulikowuň ilki harby çininiň peseldilip, işden aýrylmagynyň we soňra uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilmeginiň, beýleki birnäçe resminiň azatlykdan mahrum edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG