Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň täze parlamenti «ýaş», onda aýallar köp. Bu nämäni özgerder?


Özbegistanyň parlamentiniň aşaky öýüne saýlawlar güni ýaşuly adam býulleteni saýlaw sandygyna atýar. Daşkent, 2019-njy ýylyň 22-nji dekabry.
Özbegistanyň parlamentiniň aşaky öýüne saýlawlar güni ýaşuly adam býulleteni saýlaw sandygyna atýar. Daşkent, 2019-njy ýylyň 22-nji dekabry.

Golaýda Özbegistanda parlament saýlawlary tamamlanandan soň, prezident Şawkat Mirziýaýewiň wada beren reformalaryna jemgyýetiň ynamy berkedi. Saýlawdan soň parlamentiň kanunçylyk palatasynda deputatlaryň ortaça ýaşy aşaklady hem onda aýallar köpeldi. Ýöne üýtgejek zat az boljaga meňzeýär.

Täze lider – Şawkat Mirziýaýew döwlet başyna gelensoň, Özbegistan özüni özgerýän ýurt hökmünde görkezmäge çalyşýar. Häzir ýurtda «reforma» iň ýörgünli söz. Ol özbek resmileriniň dilinde köp gaýtalanýar, ýurduň daşynda-da Mirziýaýewiň häkimiýeti bilen baglanyşykda ol sözi ulanýanlar az däl.

150 orunlyk Oliý Mažlise ýa-da Kanunçylyk palatasyna saýlawlaryň ikinji tapgyry 5-nji ýanwarda geçdi. 25 saýlaw okrugynda ses berlişik tamamlanansoň, saýlawlaryň gutarnykly netijeleri yglan edildi. Şeýlelikde, ýurtdaky bäsdeş bäş partiýanyň parlamentdäki orunlary doly aýan edildi.

Saýlawlaryň netijeleri, hatda täze hökümetiň işlerine berk ynam bildirýänleri-de düýpli bir özgerişligiň bolmajakdygyny boýun almaga mejbur etdi.

ÄHLI ZAT ÖŇKI-ÖŇKÜLIGINE GALÝAR

Öňki gezeklerde bolşy ýaly, bu gezekde hem ýurduň bäş partiýasy-da prezidentiň syýasatyny goldajakdyklaryny aýtdylar. Bu gezekde-de oppozisiýadaky partiýalar hem jemgyýetçilik guramalaryndan öňe çykan garaşsyz kandidatlar saýlawlara goýberilmedi.

Özbegistanyň parlamentine saýlawlar günündäki saýlaw uçastoklaryndan biri. 2019-njy ýylyň 22-nji dekabry.
Özbegistanyň parlamentine saýlawlar günündäki saýlaw uçastoklaryndan biri. 2019-njy ýylyň 22-nji dekabry.

Esasy fakt Özbegistanyň syýasy durmuşynda öňküler ýaly, ýerine ýetiriji hökümet esasy rol oýnaýar. Parlamente düşýän hukuk az, ýogsa köp ýyllardan bäri ýurduň prezidenti kanun proýektlerini kanun çykaryjylara tabşyryp, şolaryň tassyklan karary esasynda-da iş alyp barýar.

Saýlawlardan soň parlamentdäki partiýalaryň arasynda bölünişilen mandatlarda, 2014-nji ýylda geçen saýlawlardan tapawut az. Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýa 53 orun (35% ses) gazandy, geçen parlamentde olaryň 52 orny bardy. «Milli tiklaniş» partiýasy 24% ses alyp, 36 orun gazandy, öňki saýlawda-da şonça orun alypdy. «Adolat» partiýasy 16% ses bilen 24 orun gazandy, bu 2014-nji ýylyň saýlawlaryndan 2 orun köp. 15% ses alan Halk demokratik partiýasy 22 orun gazandy, geçen parlamentde olaryň 27 orny bardy. Özbegistanyň Ekologik partiýasy 10% ses bilen 15 orun gazandy. Olar partiýa hökmünde saýlawlara ilkinji gezek gatnaşdylar, öň Ekologik hereket hökmünde saýlawlara gatnaşypdy.

TÄZE PARLAMENTIŇ ÝÜZI

Deputatlaryň aglaba köprägi täze saýlanan wekiller.

Saýlawlaryň 1-nji tapgyrynda saýlanan 125 deputatdan we 2-nji tapgyrda saýlanan 25 deputatdan diňe 38 adamyň ady geçen parlamentdäki ýaly gaýtalanýar. Parlamentiň websahypasynda öňki deputatlaryň hem soňkularyň atlary bar, ýöne näme üçindir häzir soňky parlamentden diňe 113 deputatyň ady görkezilipdir. Her nähili-de bolsa, parlamente täze gelenler agdyk diýip aýtmaga esas ýeterlik. Üstesine-de deputatlaryň orta ýaşy öňküden pes.

Özbegistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatyna görä, deputatlaryň 64,7%-i 30 – 50 ýaş aralygynda, 6%-i bolsa 30 ýaşdan hem aşakda.

Täze parlamentiň websahypasynda atlary görkezilen 113 deputatdan 48 sanysy 50 ýaşdan geçenler. Parlamentdäki iň ýaşyly deputat Liberal-demokratik partiýanyň agzasy, 71 ýaşly Safar Ostonow, ol «Özbegistan owazy» gazetiniň baş redaktory. Iň ýaşkiçi deputat 26 ýaşly Şerzod Rahmonow.

AÝALLAR KÖPLÜK

Täze saýlananlaryň 30%-e golaýy aýallardyr. Ýurduň Konstitusiýasynda kepil geçilişi ýaly, ýolbaşçy resmiler gender kwotyny berjaý edip, parlamentdäki 30% ýeri aýallara berjekdigini köp ýyllardan bäri wada etseler-de, iş ýüzünde bu başa barman gelipdi.

Täze parlamentde aýallar 48 orny eýeleýärler, geçen parlamentde olaryň sany 24 bolupdy, bu bolsa täze parlamentde olaryň iki esse köp saýlanandygyny görkezýär.

Saýlawlara degişli soňky maglumat saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşyk aktiwligine degişli.

Parlamente saýlawlar gününde Daşkentdäki saýlaw uçastoklarynyň birinde. 2019-njy ýylyň 22-nji dekabry.
Parlamente saýlawlar gününde Daşkentdäki saýlaw uçastoklarynyň birinde. 2019-njy ýylyň 22-nji dekabry.

Iň ýokary saýlaw aktiwligi 1994-nji ýylda bolup, ses bermäge gatnaşyjylaryň sany 93, 6% boldy, 1999-njy ýylda şondan sähel azrak – 93, 46% bolupdy. 2004-nji ýylda saýlawçylaryň 85, 1%-i gatnaşdy, 2009-njy ýylda ol 87,8% boldy. 2014-nji ýylyň saýlawlarynyň başky tapgyryna 88,94% saýlawçy gatnaşdy, 2-nji tapgyryna 76,93% saýlawçy gatnaşdy.

Täze geçen saýlawlara gatnaşyjylar öňkülerden az, resmi maglumata görä 74,3% saýlawçy gatnaşypdyr (2-nji tapgyrda ol 62,6% boldy). Bu, megerem, awtoritar lider Yslam Kerimowyň döwri bilen deňeşdirilende, hakykata golaý görkezijidir diýilýär.

Parlamente täze saýlananlaryň arasynda ýaşlaryň hem aýallaryň köplük etmegine garamazdan, olaryň düýpli özgerişlik getirip biljekdigini aýtmak kyn. Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatyna görä, deputatlaryň ortaça ýaşy 46,4 ýyl bolup durýar. Munuň özi orta ýaşdaky deputatlaryň Sowet Soýuzy darganynda, ýetginjek ýaşlar bolandygyny aňladýar.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG