Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary şäherinde ähli edara-kärhanalaryň, şol sanda hususy iş ýerleriň işgärleri arassaçylyk işlerine çekilýär


Turkmenistan -- cleaners in Turkmenabat, 22May2013
Turkmenistan -- cleaners in Turkmenabat, 22May2013

23-nji ýanwarda Mary şäheriniň ähli edara-kärhanalarynyň işgärleri arassaçylyk işlerine çekildi.

Olara edaralaryň içlerini we ýollaryň kenarlaryny arassalatdylar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde regiondan habar berýär.

“Ýol kenarlaryndan her işgäre üç ädimden ýer paýlap berdiler, ol ýerleri pil bilen agdarmaly, guran otlary aýyrmaly we ýanýodalary sübse bilen süpürmeli” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

Adatça, Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynda işleýän we býujetden aýlyk alýan raýatlar şuňa meňzeş köpçülik çärelerine hem-de mejbury arassaçylyk işlerine çykarylýar. Ýöne bu sapar Maryda hususy edara-kärhanalaryň işgärleri hem köçä çykarylyp, arassaçylyk işlerine çekildi:

“Diňe býujet işgärleri däl, eýsem, hususy edaralar we dükanlar hem öz ‘uçastoklaryny’, ýol gyralaryny arassalamaly diýip buýruk berildi” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Etraplardaky döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerine Mary-Baýramly magistral ýolunyň gyrasyndaky çöp çalamlar çapdyryldy, we çapylan çöpler olara otladyldy. Muny habarçy aýtdy.

Ýöne bu ýerde ýene-de bir ýagdaý bar, ýagny etraplardaky kärhanalaryň býujet işgärleriniň arasynda özleri ýowara çykman, öz orunlaryna hakyna tutma adam ugradýan raýatlar hem bar.

“Olar öz deregine adam tutýarlar, tutýan adamlaryna 16 manatdan pul berýärler” diýip, habarçy belledi.

Maryda güýçli depginde alnyp barylýan arassaçylyk işleriniň anyk sebäpleri aýdylmaýar, ýöne habarçynyň maglumatlaryna görä, welaýatda Döwlet gözegçilik gullugynyň işgärleri aýlanýar.

“Olaryň haýsy edara haçan barjagy belli däl, duýdurman aýlanýarlar. Şol sebäpden ähli edaralara gözegçilik gullugynyň barlaglaryna taýyn bolmak tabşyryldy” diýip, habarçy sözüne goşdy.

Onuň maglumatlaryna görä, Döwlet gözegçilik gullugynyň barlagçylarynyň Baýramaly şäherine-de barmagyna garaşylýar.

“Baýramaly şäheriniň içinde hem Mary şäherindäki ýaly güýçli arassaçylyk işlerini geçirýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

Marynyň köçelerinde alnyp barylýan soňky giň gerimli arassaçylyk işleri barada, Azatlyk Radiosy 18-nji ýanwardan bäri habar berip gelýär.

Ýatlasak, geçen şenbe güni Marynyň kommunal hojalyk gullugynyň işgärleriniň uly bölegi irden sagat 07:30-den aeroportuň töwereginde arassaçylyk işlerini geçirmäge çykaryldy.

“Olar aeroportdan uzap gaýdýan ‘Obýezdnoý’ ýolundan tä ‘Şatlyk’ aýlawyna çenli arassaçylyk işlerini geçirdiler, guran otlary çapdylar, ýoluň boýundaky atyzlary agdardylar, dyrmaladylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri şonda gürrüň berdi.

Habarçy öz maglumatynda Marynyň goňşusy Lebapda-da arassaçylyk işleriniň birnäçe gün bäri dowam edýändigini habar beripdi. Ýöne Marydan tapawutlylykda Lebapda köçeleri we ýollary arassalamak işlerine býujet işgärleri, şol sanda mekdep mugallymlary hem çekildi.

18-nji ýanwarda ýetiren maglumatynda habarçy Lebapda geçirilen duýdansyz arassaçylyk işleriniň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýewiň sebite etmeli sapary bilen baglanyşyklydygyny habar beripdi, ýöne Azatlyk Radiosy Lebapda we Maryda geçirilen duýdansyz köpçülikleýin ýowarlaryň sebäplerini beýleki garaşsyz çeşmelere anykladyp bilmändi.

Maryda jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri 21-nji ýanwarda-da regiona ýagan garyň yzýany şäheriň köçeleriniň gyralarynda üýşen ýagyn suwlaryny sübse we pil bilen arassalamaga mejbur edildi. Azatlygyň habarçysynyň tassyklamagyna görä, olar bu ýagdaýdan şikaýat etdiler. Adatça bu üýşen suwlary sorup aýyrmak işleri jemagat hojalygy edarasynyň ýörite suw sorujy ulaglarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylmaly.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG