Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we rus futbolçylary ýakalaşdylar (WIDEO)


Ýakalaşyga iki toparyň-da, şol sanda ätiýaçdaky oýunçylary hem gatnaşdylar.
Ýakalaşyga iki toparyň-da, şol sanda ätiýaçdaky oýunçylary hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň “Altyn Asyr” futbol toparynyň oýunçylary Russiýanyň Kaliningrad şäheriniň “Baltika” toparynyň futbolçylary bilen ýakalaşdylar.

Hadysa 9-njy fewralda Türkiýäniň Beleke şäherinde geçirilen futbol oýnunyň 81-nji minudynda ýüze çykdy. Ýakalaşyga iki toparyň-da, şol sanda ätiýaçdaky oýunçylary hem gatnaşdylar.

Duşuşygyň arbitrlary ýakalaşygyň ýüze çykan pursadyndan birneme soňra futbol meýdançasyny terk etdiler. Olar dawa çözülenden hem soňra oýna gözegçilik etmekden ýüz öwürdiler.

Netijede, duşuşygyň ahyrky minutlarynda arbitr hökmünde “Baltikanyň” tälimçisi Şalwa Keraşwili çykyş etdi, baş tälimçisi Mihaýil Semenýow we massažist Igor Rakow bolsa onuň assistenti boldular.

Duşuşygy 3:1 hasaby bilen Kaliningradyň “Baltika” topary ýeňdi. Ähli gollar ýakalaşykdan öň salyndy.

Resmi türkmen mediasy hadysa barada maglumat bermedi.

Şol bir wagtda, türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan käbir internet neşirleri, ýüze çykan ýakalaşyk barada dymyp, türkmen futbolçylarynyň ýeňilişi barada habar çap etdiler.

XS
SM
MD
LG