Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda býujetçiler iki palataly parlamente bagyşlanan ýygnaklara gatnaşmaga mejbur edildi, olarda syýasy partiýalaryň wekilleri çykyş etdi


Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda baş kanuna üýtgetmeleri girizmek, kanun çykaryjy ulgamy iki palataly sistema geçirmek boýunça hödürlenýän täze kanunyň fonunda, häkimiýetler teklip edilýän üýtgetmeler bilen baglylykda ilat arasynda "düşündiriş" işlerine girişdi.

Ýatlasak, ýanwaryň aýagynda Türkmenistanda Halk Maslahaty bilen Mejlisi birleşdirjek “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky” konstitusion kanunyň taslamasy taýýarlanyldy.

Täze goşmaçalar we üýtgetmeler boýunça Lebapda ilat arasynda geçirilýän soňky duşuşyklar degişli kanun taslamasy baradaky maglumatlaryň döwlet mediasynda köpçülige ýetirilmeginiň yzýanyna gabat gelýär.

Geçen hepde Lebapda häkimiýetler býujet işgärleriniň mejbury gatnaşdyrylmagynda täze üýtgetmeler boýunça wagyz işlerini geçirdi. Olarda Türkmenistanyň erk-ygtyýarsyz hasaplanýan kagyz ýüzündäki syýasy partiýalarynyň ýerli wekilleri täze konstitusion özgertmerleri goldap çykyş etdiler. Duşuşyklara ýerli býujet işgärleri, şol sanda mugallymlar we lukmanlar mejbury gatnaşdyryldy.

“Geçen hepde Lebabyň Farap hem-de Çärjew etraplarynda döwlet gurluşyny üýtgetmek, [kanun çykaryjy ulgamy] iki palataly sistema geçirmek we bu karary goldamak boýunça ýygnaklar geçirildi. Olara býujet işgärleriniň tas ählisi gatnaşdyryldy” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bu barada 10-njy fewralda iberen habarynda aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, duşuşyklarda ýurtdaky üç syýasy partiýanyň - Türkmenistanyň agrar partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýerli wekilleri täze üýtgetmeleri goldap çykyş etdiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan faraply ençeme bilim işgäri duşuşykda partiýa wekilleriniň eden çykyşlarynyň “manysyz we netijesiz boş sözlerden” ybarat bolandygyny aýtdylar.

“Ýygnaklarda Agrar, Senagatçylar we telekeçiler hem-de Demokratik partiýalaryň ýerli wekilleri “Arkadagy” “öňdengörüji lider” hökmünde öwdüler. Ýygnaklarda olaryň manysyz, netijesiz we boş sözlerinden başga halka peýdaly söz ýa-da iş aýdylmady” diýip, ýygnaga gatnaşan ençeme faraply bilim işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Galyberse-de, geçen hepde Farapda saglyk pudagynyň işgärleriniň hem agzalýan duşuşyklara mejbury çekilmegi bilen Farap etrap hassahanasynda saglygyny barlatmaga baran hassa raýatlar kösenmeli boldy.

Türkmenistanda 2012-nji yýldan bäri 3 partiýa hereket edýär. Olardan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy 2012-nji ýylda, Agrar partiýasy 2014-nji ýylda döredildi. Demokratik partiýa bolsa 1991-nji ýylda döredildi. Ol Sowet Soýuzy döwründäki Kommunistik partiýanyň mirasdüşeridir. Türkmen hökümetiniň tankytçylary Türkmenistanda hereket edýän partiýalaryň diňe ýurtda “syýasy pluralizmiň” hyýaly keşbini janlandyrmak üçin döredilendigini aýdýarlar.

2018-nji ýylyň martynda geçirilen soňky deputatlyk saýlawlarynda Türkmenistanyň parlamentine Demokratik partiýadan 55 wekil, Senagatçylar we telekçilerden hem-de Agrar partiýadan, her haýsyndan 11 wekil, şeýle-de 48 garaşsyz wekil, jemi 125 wekil Türkmenistanyň Mejlisine deputatlyga saýlandy.

Iki palataly sistema boýunça täze teklip edilýän kanun taslama laýyklykda göz öňünde tutulýan täze ulgamyň wekilçilik palatasy 56 adamdan ybarat bolup, olardan 8 adamy prezidentiň özi bellär, galanlary welaýatlardan we Aşgabatdan saýlanar.

Şeýle-de, täze kanun taslama görä, prezident wezipesini ýerine ýetirip bilmese, onuň ygtyýarlyklary Halk Maslahatynyň başlygyna geçer.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG