Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Niderlandlar Moskwanyň MH17 bilen bagly güman edilýänleri Russiýada sud etmek teklibini ret edýär


Rus raýatlary - Igor Girkin, Oleg Pulatow we Sergeý Dubinskiý, hem-de ukrain raýaty Leonid Harçenko "Malaziýa howaýollaryna" degişli MH17 gatnawly uçary urup ýykmakda aýyplanýar.

Niderlandlar “Malaziýa howaýollaryna” degişli MH17 gatnawly uçary 2014-nji ýylda urup ýykmakda gümän edilýän russiýaly üç erkek adamy Moskwanyň özüniň sud etmek teklibini ret etdi. Bu heläkçilikde 300 töweregi adam wepat bolupdy.

12-nji fewralda golland adalat ministri Ferd Grapperhaus 2019-njy ýylyň oktýabrynda Moskwanyň üç güman edilýäniň sud işini Moskwa geçirmegi sorap, Niderlandlara hat ýazandygyny aýtdy.

“Adalat we howpsuzlyk ministri üç russiýaly güman edilýäniň işiniň niderland häkimiýetleri tarapyndan Moskwa geçirilmeginiň özleri üçin wariant dälgini hem-de munuň nazara alynmandygyny aýdyp jogap berdi” diýip, Grapperhausyň parlamente ugradan hatynda aýdyldy.

Bu adamlaryň sud edilmegi “MH17 gatnawynyň ähli 298 pidasy üçin hem-de olaryň garyndaşlary üçin hakykaty we adalaty tapmakda möhüm ädimdir. Hökümet golland adalatynyň garaşsyzdygyna hem-de onuň hiline doly ynam bildiýär” diýip, Grapperhaus aýtdy.

Üç rus raýatynyň hem-de güman edilýän dördünji ukrain raýatynyň Russiýada ýaşaýandygyna ynanylýar.

2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda atylyp ýykylan we bortundaky 298 adamyň ählisi ölen MH17 boýunça halkara derňew işine niderlandlar ýolbaşçylyk edýär. Heläkçilikde pida bolanlaryň takmynan üçden ikisi golland raýatydy.


Boeing 777 uçary Russiýada öndürilen BUK raketasy tarapyndan gündogar Ukrainanyň russiýaçy separatastler tarapyndan eýelenýän çäginiň asmanynda Amsterdamdan uçup, Kuala Lumpura barýarka urlup ýykyldy diýip, golland ýolbaşçylygyndaky Bilelikdäki derňew topary (BDT) netijä geldi.

2016-njy ýylda Bilelikdäki derňew topary hüjümde ulanylan Buk raketa sistemasynyň Russiýadan getirilendigini mälim etdi, soňra topar 2018-nji ýylyň maýynda Buky Ukraina 2014-nji ýylda Russiýanyň 53-nji Howa hüjümlerinden goranyş brigadasynyň äkidip äkelendigi barada netijä geldi.

Russiýa özüniň bu waka gatyşygyny inkär edýär.

Moskwa 2014-nji ýylyň martynda Krym ýarymadasyna gözegçiligi ele geçirdi we şol ýyyň aprelinden bäri 13 müň adamyň ölümine getiren uruşda günorta Ukrainanyň Donetsk we Lugansk regionlarynda ýer böleklerine gözegçilik edýän separatistleri goldap geldi. Ýolagçy uçary hökümet gözegçiliginde bolmadyk çaknyşyk zolagynda urlup ýykyldy.

Bu iş boýunça ilkinji diňlenişigi Amsterdamyň Skiphol aeroportynyň golaýyndaky berk goralýan kazyýet binasynda 9-njy martda geçirmeklik planlaşdyryldy.

Eger-de iş suda edilse güman edilýänler – rus raýatlary, Igor Girkin, Oleg Pulatow we Sergeý Dubinskiý hem-de ukrain raýaty Leonid Harçenko golland kanunçylygynda gaýybana kazyýet jogapkärçiligine çekiler.

Güman edilýänleriň suda barjagy gümana sebäbi, Russiýa-da Ukraina-da öz raýatlarynyň ekstradisiýa edilmegine rugsat bermeýär.

Beýleki bir şübhe bildirilýän, Wolodymyr Tsemah gündogar Ukrainadaky uruşda ýesir alnan 70 adamyň 7-nji sentýabrdaky tussag çalşygynda Kiýewden Moskwa goýberilen 35 tussagyň arasyndady.

Bilelikdäki derňew topary Tsemahy Ukrainada alyp galmak boýunça ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskä haýyş bilen ýüzlenipdi, ýöne, habar berilmegine görä, rus prezidenti Wladimir Putin Tsemahyň tussag çalşygyna degişli edilmelidigini, ýogsa-da çalşygyň ýatyryljakdygyny aýdyp aýak diräpdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG