Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti habar tüýsli degişmeleriň baş temasyna öwrülip barýar, ýöne...


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Rus dilli satiriki saýtlar, şol sanda habar tüýsli çeşmeler, onlarça rus bloggeri öz döredijiliginde Türkmenistandan barha ýygjam ylham alyp başlady.

Bu geçen tomus türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň HBO kanalynda Jon Oliweriň, Comedy Centralda Trewor Noanyň satira gepleşiklerinde baş tema öwrülmeginiň yzýany has-da güýçlendi.

Ýylyň başynda Russiýanyň döwlet telewideniýesinde “Weçerniý Urgant” degişme gepleşiginiň alyp baryjysy, Iwan Urgant Türkmenistany agzady, türkmen prezidentiniň dijeýlik ukyplary baradaky degişmeleri bilen tomaşaçylaryny güýmedi. Ýatlasak, türkmen prezidenti Täze ýylyň öňýany geçirilen baýramçylyk çäresinde dijeýlik etdi, hökümet resmilerine tans etdirdi.

Ýöne soňky ýygjamlaşýan satiriki çykyşlar, hususan-da panorama.pub atly habar tüýsli satira saýtynda Türkmenistan we onuň prezidenti hakda çap edilýän habar tüýsli degişmeler, görnüşinden, hakykata gabat gelmese-de, Türkmenistana we onuň liderine ünsi çekýär.

Dünýäde koronawirus dowly dowam edýän wagty, 17-nji fewralda bu saýt wirusa ýolugan Almaz atly türkmen aty we ony prezident Berdimuhamedowyň bejerişi barada habar tüýsli degişme ýaýratdy.

Maglumata görä, paýtagt Aşgabatda syýahatçylary şähere aýlaýan Almaz atly at dünýäde koronawirus ýokuşan ilkinji we ýeke-täk bedewdir. Atyň temperaturasy 40 gradusa çenli çykyberensoň, ýurduň Saglyk ministrligi dowla düşse-de, ýagdaýdan habarly bolan prezidentiň atyň töwereginde iki sagat töweregi gezmelemegi koronawirus ýokuşan Almazy sagaldypdyr.

Beýleki bir habar tüýsli degişmede, 10 töweregi betniýetli hüjümçini prezidentiň haly bilen urup "yza serpikdirişi" gürrüň berilýär.

Ýene bir maglumatda, onuň programmaçylyk boýunça geçirilen milli çempionatda "ýeňiji boluşy", beýleki maglumatlarda onuň "Bitkoini esaslandyryşy" hem-de edebiýat boýunça nobel baýragyndan "ýüz öwürişi" barada degişilýar.

Habar tüýsli degişme saýtyndaky beýleki käbir sözbaşylar: “Türkmenistan milli däp-dessurlara esaslanyp, GDA ýurtlaryndan aýallaryň sumkalarda daşalmagyna rugsat berilmegini soraýar”, “Türkmenistan liberallaşmagyň çäklerinde aýallara tigir sürmegi gadagan etdi”

Ýöne, elbetde, bu maglumatlar, görnüşinden, hakykata gabat gelmeýär.

“Türkmenistan Beýik Britaniýadan 10.000 tonna çäge satyn alýar”, “Lebapda ýaşy 40-dan aşan erkek işgärlerden çal saçly bolmak talap edilýär”, “Türkmenistanda gara we garamtyl reňkli ulaglar gadagan edildi” ýaly sözbaşylar welin habar tüýsli degişme saýtlaryndan däl, halkara habar çeşmelerinde, şol sanda olaryň käbiri BBC ýaly habar saýtlarynda Türkmenistan barada çykýan habarlaryň sözbaşylaryndandyr.

Berdimuhamedow ştangaçylyk ukybyny görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:24 0:00

Türkmenistanyň döwlet metbugaty bolsa, özbaşyna bir dünýä: “Hormatly Arkadagymyz awtoulagy täzeden işläp düzdi, sebäbi ol ýaşlykdan welosiped söküp düzýärdi”, “Hormatly Arkadagymyz karate boýunça 10-njy danyň eýesidir”, “ol nyşanany bir saparda mergenledi”, “Hormatly Arkadagymyz nobatdaky kitabyny ýazyp tamamlady” diýip, prezidentiň ýazandygy aýdylýan 52-nji ýa 53-nji kitaby barada habarlary bermegi, Türkmenistanda, synçylara görä, hyýal bilen hakykaty saýgarmakda adamlary gümürtiklige mejbur edýär.

Ýurtda bolýan wakalaryň hem-de olar baradaky habarlaryň, synçylara görä, “patarrakylygy”, ýurt barada halkara jemgyýetçiligini-de hyýal bilen hakykatyň arasyndaky bulançaklyga sezewar edýär, çäjiň harpykdan saýlanmagyny kynlaşdyrýar.

Halkara hukuk guramalary, şol sanda Human Rights Watch türkmen hökümetini adam hukuklaryny depelemekde tankyt edýär, ýurtda erkin metbugatyň bogulmagy, adamlaryň hereket azatlygynyň berk çäklendirilmegi we beýleki hukuk kemsitmeleri barada hasabatlary çap edýärler. Halkara hasabatlarda Türkmenistan söz-beýan azatlygy boýunça Demirgazyk Koreýa deňelýär.

Ýöne Demirgazyk Koreýa diýlende, köplere görä, harby paratdan geçýirilýän tanklar, solak ýüzli harby lybasly adamlar, we çal sahna adamlaryň göz öňünde janlanýar. Türkmenistan diýlende bolsa, köplere görä, aýdym aýdýan, saz çalýan, ýa-da dijeýlik edýän wagty hoş prezident göz öňünde janlanýar. Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginde dörän keşbi Berdimuhamedowyň sahnadaky keşbi bilen berk baglanyşyklydyr.

Hukuk guramalarynyň Türkmenistan baradaky hasabatlaryndan näçe adamyň habarlydygy mälim däl, ýöne Türkmenistan we onuň prezidenti barada efire giden degişli satira gepleşikleri häzire çenli diňe YouTube-da jemi 12 million töweregi tomaşaça ýetipdir. Bu san Türkmenistanyň ilat sanynyň tas 3 essesidir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG