Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda sport desgalary ýapylýar, toýlar ýatyrylýar, ilat lukmanlara ýüzlenmekden saklanýar


Aşgabat, ýanwar, 2020

Aşgabatda koronawirus sebäpli toýlar ýatyrylýar, sport desgalary ýapylýar, ýurt raýatlary halkara uçarlaryndan düşürilýär, şol bir wagtda-da paýtagtyň ýaşaýjylary lukmanlara ýüz tutmakdan saklanýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, şu günler paýtagtyň döwlet edaralarynda işgärleriň gyzgyny barlanýar, mekdep okuwçylarynyň arasynda wirusa garşy derman berilýär, hususan-da, olaryň burunlaryna "Oksalin" dermanyny çalýarlar. Şol bir wagtda-da, medisina maskalaryny dakmak gadagan edilýär. "COVID-19" wirusynyň ýokaşandygy hakynda şübhe astyna düşen adamlar Çoganlyda ýerleşýän Infeksion keselleriň öňüni almak we bejermek boýunça merkeze ugradýar.

Bu medisina edarasynda karantinde saklanýan adamlaryň anyk sany nämälim galýar. Azatlygyň çeşmeleri bu ýerde onlarça adamyň saklanýandygyny adýarlar.

"Sanlar tapawutlanýar. 56 adam agzalýar, emma olar wirus ýokaşanlarmy, ýa-da kesellänlermi belli däl" - diýip, Azatlyk bilen gizlinlik esasynda gürleşen çeşme aýtdy.

Çoganlydaky bu keselhanadan resmi maglumatlary alyp bolmady, onuň ýolbaşçysy telefon üsti bilen şeýle maglumat berip bilmejegini Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Bir gün öň 3-nji martda, Azatlyk Radiosynyň iki habarçysy, hassahananyň gizlinlik şerti bilen gepleşen işgärlerine salgylanyp, azyndan iki sany adamyň koronawirus sebäpli keselländigini habar berdiler. Şol günüň özünde Infeksion keselleriň öňüni almak we bejermek boýunça merkeziň resmisi Azatlyk Radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde bu maglumaty ret etdi.

Türkmenistanyň hökümeti iki aýdan gowrak wagt bäri dünýä ýaýraýan koronawirusy ilkinji gezek 25-nji fewralda resmi derejede agzady we bu keseliň ýurtda ýokdugyny aýtdy.

Soňky günlerde türkmen ýolbaşçylary koronawirus barada çykyş etmediler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda koronawirusy anyklamak üçin serişdeleriň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.

"Koronawirusyň diagnostikasy üçin test sistemalar ýetmezçilik edýär. Häzirlikçe getirilen serişdeler aeroportlarda barlag geçirmek we kesellänleri barlamak üçin ulanylýar" - diýip, habarçymyz saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmelerine salgylanyp habar berdi.

4-nji martda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary Ýewropa we Türkiýä barýan türkmen raýatlarynyň uçarlardan köpçülikleýin düşürilýändigini we ýakyn günlerde Belarusa barýan reýsleriň çäklendirilmegine graşylýandygyny habar berdiler.

Mundana daşary, Türkmenistanyň paýtagtynda toýlar we beýleki köpçülikleýin çäreler yza tesdirilýär. Dynç alyş we sport desgalary ýapylýar. Hususan-da 3-nji martda Aşgabadyň Oguzhan we Garaşsyzlyk köçeleriniň çatrygynda ýerleşýän baseýn ýapylypdyr.

"Şu gün basseýniň işgärlerini we ýüzmegi öwredýän trenerleri ýygnap, desganyň näbelli bir wagtlyk ýapylýandygyny yglan etdiler. Munuň bilen baglylykda okuwçylara jaň edip, ertirden başlap, ýüzmäge gelmezligi soradylar" diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri 3-nji martda habar berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň çäreleri informasiýa boşlugynyň fonunda amala aşyrylýar. Döwlet habar beriş serişdeleri koronawirus temasy barada dymmagyny dowam etdirýärler. Soňky iki aýdan gowrak wagtyň dowamynda türkmen mediasy koronawirus bilen bagly ýurduň içindäki çäreleri we halkara habarlary bir gezek hem bermediler.

Türkmen häkimiýetleriniň maglumat bermezden, gyssagly alyp barýan çäreleri ilatda aladalanmalary güýçlendirýär.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, şu günler köpçülik lukmanlara ýüz tutmakdan howatyrlanýar.

"Gyzgyn göterilen ýagaýynda tiz kömege jaň etseň dessine äkidýärler we gabaýarlar. Şonuň üçin adamlar tiz kömege jaň etmekden gorkýar" - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, adaty dümewlänleriň zor bilen keselhana ýerleşdirilmegi bilen bagly ýagdaýlar hususan-da Parahat-2 etrapçasynda bolupdyr.

Habarçymyzyň sözlerine görä, habar beriş serişdeleri dymýarka, koronawirus barada ilat arasynda giňden gepleşilýär.

"Adamlar bu barada biri-birinden bilýärler, şonuň üçin uzňelige salynmakdan howatyrlanýan adamlar näsaglan halatlarynda özlerini özbaşdak bejermäge synanyşýarlar, adamlar lukmanlara ýüz tutmakdan gorkýar we saklanýar" - diýip, habarçymyz aýdy.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary koronawirusy 25-nji fewralda resmi derejede agzady. Şondan soň Saglyk ministrligi raýatlary syýahatlardan saklanmaga çagyrdy. Milli metbugatda dünýä saglyk guramasynyň wiruslaryň öňüni almak boýunça umumy rekomendasiýasy çap edildi.

Türkmenistan guryýer serhetlerini we deňiz portuny ýapdy, ýurda uçarly gelýän ýolagçylar barlanýar.

Soňky maglumatlara görä, koronawirusyň Hytaýda ýaýramagynyň depgini gowşapdyr we ol dünýäniň beýleki regionlaryna ýaýraýar. Bu wirus Ýakyn gündogarda, Ýewropada we ABŞ-da anyklandy. Koronawirusyň ojaklary Günorta Koreýada, Eýranda, Italiýada we Ýaponiýada ýerleşýär.

Türkmenistan bilen goňşy Eýranda COVID-19 wirusy 2 340 adamda anyklandy, olarda 77 ýadam ýogaldy. Bu dünýä ýüzünde Hytaýdan soň iň ýokary san hasaplanýar. Hytaýda 80 müňden gowrak kesellänlerden 3 müňden gowragy aradan çykdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG