Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana uçarly barýanlar barlanýar. Türkmenbaşy porty ýapyldy


Aşgabadyň halkara aeroporty
Aşgabadyň halkara aeroporty

Türkmenistanyň paýtagtynda ýurda howa gatnawy arkaly barýanlar barlagdan geçirilýär. Munuň bilen bir wagtda ýurduň ýeke-täk halkara deňiz porty ýapyldy. Bu barda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary aýdýarlar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, şu günler ýurda uçarly barýan ýolagçylaryň ählisi barlagdan geçirilýär, emma karantine käbirleri salynýar.

"Biziň garyndaşlarymyz şu gün uçarly geldiler, olar öýde. Aeroportda barladylar, emma karantine salmadylar" - diýip paýtagtdaky habarçylarymyzyň biri 2-nji martda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Aşgabada baryp, karantine salynýan ýolagçylar ýokanç keseller hassahanasynyň territoriýasynda üç günlük saklanýarlar.

Türkmen häkimiýetleri ýolagçylary barlamak we ýurda barýanlary karantine salmak boýunça düzgünleri barada düşündiriş bermeýärler. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýolagçylaryň näme esasda karantine salynýandygyny resmilerden anyklap bilmediler.

26-njy fewralda Türkmenistanyň ýolbaşçylary dünýä ýaýraýan howply koronawirus barada ilkinji gezek resmi derejede çykyş etdiler we bu keseliň ýurtda ýokdugyny yglan etdiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda türkmen häkimiýetleri Aşgabada barýanlaryň aeroportda barlaga sezewar ediljegini halkara guramalarynyň wekillerine öňünden duýdurýarlar.

Aşgabatda planlaşdyrylýan käbir halkara çäreleriniň gatnaşyjylarynyň Türkmenistana gitmekden saklanandygy Azatlyk Radiosyna mälim boldy.

"Olar barmakdan ýüz öwürendigini, sebäbi Türkmenistanyň häkimiýetleriniň olara Aşgabatda barlagdan geçmeli boljagyny öňünden duýdurandygyny, synagyň 5 sagat dowam etjegini we şu wagtyň dowamynda olaryň pasport we gümrük barlagyndan geçmezden, ýörite zalda saklanjagyny aýtdylar" diýip, - Aşgabatdaky habarçymyz aýtdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri Aşgabada barýan daşary ýurtlularyň barlagyny, olaryň öz hasabyna amala aşyrýarlar.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň çap eden täze maglumatyna görä, Türkmenistanda medisina analizler we karantine salynmagy daşary ýurtlular üçin azyndan 300 dollara durýar. Bu karantinden geçýän adamyň hasabyna amala aşyrylýar.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysynyň 2-nji martda habar bermegine görä, ýurduň ýeke-täk deňiz porty ýapylypdyr.

"Türkmenbaşydaky porty ýapdylar, ol gämileri kabul etmeýär, käbir ýükleri entek düşürýärler, emma olar soňkulary bolmaly, ýolagçy gatnawy doly ýapyldy" diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy aýtdy.

Soňky hepdäniň dowamynda Eýranda we Owganystanda koronawirusyň anyklanmagynyň yzýany Türkmenistan bu goňşy ýurtlary bilen serhetlerini ýapdy. Serhetleriň ýapylmagynyň we transport gatnawynyň kesilmeginiň fonunda Türkmenistanyň içerki bazarlaryndaky azyk harytlary esli gymmatlady, gytçylyk güýçlendi.

​Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhedi fewral aýynyň başynda ýapylypdy.

25-nji fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen hökümetiniň, keselleriň ýaýramagy boýunça adatdan daşary ýagdaýlar komissiýasynyň we saglygy saklaýyş ministriniň gatnaşmagyndaky maslahatda eden çykyşynda "howply infeksiýa berk germew goýmagyň" we "dürli ýagdaýlaryň döremegine taýýar bolmagyň" zerurdygyny aýtdy we serhet geçelgelerinde, halkara aeroportlarda, deňiz we derýa, awtomobil, demirýol transportynda we wokzallarda gündeki esasda degişli çäreleri geçirmegi talap etdi.

Türkmen häkimiýetleri çäreleriň "ýörite planyň esasynda" geçirilýändigini hasabat berdi we daşary ýurtlardan gelýän raýatlara gözegçilik edilýändigini, olaryň karantine salynýandygyny, keseliň dörän ýurtlaryndan gelýänleriň gelmeginiň çäklendirilendigini mälim etdiler.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýurduň ýüzlerçe raýatynyň karantinde saklanýandygyny, Eýrandan haryt getirýän söwdagärleriň karantine salynýandygyny, Hytaýdan haryt getiren raýatlaryň bolsa, ýükleriniň ellerinden alnandygyny habar beripdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG