Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kärendeçi daýhanlar “oňaýsyz şertlerde” ýeralmasynyň ekişine girişmäge “mejbur edildi”


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Daşoguz welaýatynyň birnäçe etrabynda, şol sanda Görogly etrabynda, häkimiýetler baryp fewral aýynda kärendeçi daýhanlardan kartoşka ekişine girişmegi talap etdi, ýöne Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, ekiş üçin heniz şertleriň oňaýsyzdygyny habar berýär.

“Daşoguz welaýatynyň dürli etraplarynda baryp fewral aýynda kärendeçi daýhanlar kartoşka ekişine girişmäge mejbur edildi, ýöne agronomlar ekiş üçin fewralyň heniz irdigini, ýeriň heniz gyzmandygyny hem-de sowuk howanyň uzaga çekendigini aýdýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy martda habar berdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda ýeralmasy, sogan, şugundyr ýaly beýleki käbir bakja ekinleri hem bugdaý we gowaça bilen bir hatarda şertnamalaýyn borçnama esasynda ýurduň ekin dolanyşygyna girizildi.

14-nji fewralda Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) ýurduň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewiň hasabatlaryna salgylanyp, welaýatlarda ýeralmanyň we soganyň ekişine girişilendigini habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan ýerli agronom ekin dolanyşygynyň peýdalary barada gürrüň berip, ekerançylyk ýerlerine diňe pagta ýa-da bugdaý ekilen halatynda mes topraklaryň sandan çykýandygyny aýtdy.

“Geçen ýyl Daşoguz welaýatynyň dürli etraplarynda ekin dolanyşygyny ýola goýmak maksady bilen, gowaçanyň yzyna käşir ekildi. Ol gaty ösdi” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy maglumat berýär.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan ýerli agronom adatdan daşary iri käşiriň ösüp ýetişmegini demirgazyk regionyň duzly topragy bilen ilteşdirýär, beýleki tarapdan, kärendeçi daýhanlaryň ençemesi gowaçanyň yzyna ekilen käşiriň ösüşini gowaça niýetlenen dökünler bilen baglanyşdyrýar.

“Kartoşka we käşir köp suw talap edýär” diýip, agronom aýtdy.

Ýurtda ýeralma we soganyň ekişine tabşyryk esasynda girişilmeginiň yzýany, Eýran bilen Türkmenistan aradaky döwlet serhediniň ýapylmagy bilen, fewralyň aýagynda bu önümleriň gytçylygy we gymmatçylygy ýüze çykdy.

Türkmenistan Eýrandan kartoşka import edýär.

Ýurduň bazarlarynda gök-bakja önümleriniň, hususan-da kartoşka we soganyň gytalyp, gymmatlaýan wagty, hem-de olaryň bahalaryny häkimiýetleriň emeli usullar bilen aşak çekip, arzanlatmaga synanyşýan wagty, 6-njy martda geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň oba hojalyk pudagynyň ýylyň başyndan bäri ösüş depgininiň 3,1 göterime deň bolandygy yglan edildi.

Türkmenistanda 13-nji ýanwarda welaýatlar boýunça 2020-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky karar kabul edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG