Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sowetleriň "Ýuwaş Don" operasiýasy, Şolohowyň 'edebi ogurlygy' paş bolýar


M.Şolohowyň "Ýuwaş Don" romanynyň golýazmasynyň faksimil neşiriniň tanyşdyrylyşy. Noýabr, 2006.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargap, Türkmenistan garaşsyz bolandan soň türkmen ýazyjylarynyň we okyjylarynyň ozalky merkezi neşirler bilen arasy kem-kemden açyldy we rus edebiýatyndaky täzelikleriň köpüsi türkmenistanlylara eşidilmän galýar.

Azatlyk bu meseledäki boşlugy belli bir derejede doldurmaga synanyp, uly nesil türkmen okyjylaryna ýakyndan tanyş bolan ýazyjy Mihail Şolohow hem-de "Ýuwaş Donuň" hakyky awtory meselesinde aýdylýan zatlary, edilýän gürrüňleri gysgaça öz okyjylaryna we diňleýjilerine ýetirmegi makul bildi.

Sowet edebiýatynyň iň görnükli wekilleriniň biri, edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi bolan Mihail Şolohowyň hakykatda don kazaklarynyň durmuşyny gowy bilýän kazak, ussat ýazyjy däl-de, eýsem OGPU tarapyndan döredilen edebiýat ogrusy bolandygy barha giň köpçülige aýan bolýar.

Sankt-Peterburgda, Puşkin öýünde ýazyjy Fýodor Krýukowyň 150 ýyllygy mynasybetli Ilkinji Krýukow okaýyşlary geçirildi, barlag geçirenler onuň Mihail Şolohow tarapyndan gaýtadan işlenen "Ýuwaş Don" romanynyň ilkinji golýazmalarynyň awtorydygyny aýdýarlar diýip, AÝ/AR-nyň Rus gullugy habar berýär.

Mihail Şolohowyň romanlary sowet ýyllarynda türkmen dilinde hem çap edildi we mekdep programmalaryna girizildi.

1980-nji ýyllaryň başynda Aşgabatda bolan we türkmen ýazyjy-şahyrlary bilen döredijilik aragatnaşygyny saklan rus şahyry Tatýana Woltskaýanyň 9-njy martda çap edilen uly göwrümli makalasynda aýdylmagyna görä, Mihail Şolohow ak gwardiýaçy Fýodor Krýukow tarapyndan ýazylan romany, çekistleriň (howpsuzlyk işgärleriniň) tabşyrygy esasynda gaýtadan işläp, öz adyna geçiripdir.

Woltskaýa mundan öň türkmen okyjylaryna nätanyş bolan Fýodor Krýukowyň terjimehal maglumatlaryny hem berýär. Ol 1870-nji ýylyň fewralynda Don boýunda, gallaçy kazagyň, atamanyň maşgalasynda dünýä inýär; gimnaziýany altyn medal bilen tamamlaýar, Sankt-Peterburgda taryh-filologiýa institutynda okaýar we soňra 13 ýyllap mugallymçylyk edýär. Soňra Krýukow Aklar hereketiniň ideologlarynyň biri bolan "Donskiýe wedomosti" gazetiniň redaktory bolýar.

Fýodor Krýukow 1906-njy ýylda Ilkinji Döwlet dumasyna don kazaklarynyň arasyndan wekil edilip saýlanýar we zähmetkeşler fraksiýasyna ýakyn bolup, Halk sosialistleri partiýasynyesaslandyryjylaryň birine öwrülýär. Deputat Krýukow 1906-njy ýylyň 13-nji iýunynda, Ilkinji Döwlet dumasynyň umumy mejlisindehökümetiň kazak goşun bölümlerini raýat gozgalaňlaryny basyp ýatyrmakda ulanmagyna garşy söz sözleýär we onuň garaýyşlary beýleki deputatlaryň arasynda uly reaksiýa döredýär. Ilkinji Döwlet dumasy dargadylandan soň, ol Dona gidýär we bir ýyldan Dondaky jeza atamany tarapyndan Peterburga ugradylyp, 1909-njy ýyldaüç aý türmede oturýar... Ol 1918-nji ýylda Donda bolşewiklere garşy gozgalaňa gatnaşýar we tussag edilýär, emma ýaşlyk dostunyň kömegi bilen azatlyga çykýar…

Resmi maglumata görä, Krýukow 1920-nji ýylyň ýazynda garahassalykdan ölýär, başga bir maglumata görä gyzyllar tarapyndan atylyp öldürilýär.

Fýodor Krýukow öz eserlerini 1890-njy ýylda, "Sewerniý westnik" neşirinde çap etdirmäge başlaýar, Wladimir Korolenko tarapyndan çap edilen "Russkoýe bogatstwo" žurnalynyň redkollegiýa gazasy bolýar, 1907-nji ýylda onuň "Kazak motiwleri. Oçerkler we hekaýalar" ýygyndysy, 1910-njy ýylda hekaýalar ýygyndysy çapdan çykýar.

Krýukow diri wagtynda "Kazakçylygyň Gomeri" hasaplanypdyr, Maksim Gorkiý, Wladimir Korolenko onuň kyssasyna uly baha beripdir.

Onuň döredijiligini öwrenen adamlaryň arasynda "Ýuwaş Don" romanynyň hakyky awtory Krýukow diýen netijä gelenler hem tapyldy.

Andreý Çernow
Andreý Çernow


Şahyr, terjimeçi we edebiýat taryhçysy Andreý Çernow 2000-nji ýyllarda Krýukowy öwrenijiler toparyny bir ýere jemledi, onuň başlangyçlary esasynda Puşkin öýünde ilkinji Krýukow okaýyşlary geçirildi.

Çernow radio bilen söhbetdeşlikde "Ýuwaş Don" romanynyň awtorlygynyň Şolohowa berilmegi, howpsuzlyk işgärleriniň bu işe ýüz urmaklarynyň sebäbi, onuň näme üçin gerek bolandygy barada şeýle diýdi:

"Krýukowyň aýal dogany Mariýa Dmitriýewnanyň 20-nji ýyllaryň başynda Moskwa baryp, Serefimowiçi gözleýşi, ol bolmansoň, kazaklar hakyndaky haýsydyr bir kagyzlary Demýan Bednä berşi hakynda ýatlama bar" diýip, Çernow Demýan Bednyniň Kremlde ýaşandygyna, Staliniň golaýynda işländigine örän geň galandygyny aýdýar.

Aýdylmagyna görä, "Ýuwaş Donuň" awtorlygyny öz üstüne almagyň ilki Aleksandr Serafimowiçe teklip edilmeginiň sebäbi hem şu ýerden gelip çykýar. Emma ol özüne edilen teklipden boýun gaçyrýar we bu barada ýaş Paustowskä gürrüň berýär.

Paustowskiý soň, haçanda "Ýuwaş Don" romany Mihail Şolohowyň ady bilen çap edilende, bolan işi ilik-düwme bilýän Serafimowiçiň ýüzüni sallap, gözlerini gaçalakladyşyny ýatlaýar.

Serafimowiç bu romana awtor bolmakdan ýüz öwrenden soň, OGPU – Birleşdirilen döwlet syýasy dolandyryşy geljekki meşhur sowet ýazyjysynyň kandidatlygyna 20 ýaşlaryndaky Mihail Şolohowy seçip alýar.

Ýöne Şolohow hem ilki bu işe boýun bolmaýar. Onsoň ony sud edip, atuw meýdançasyna çykaryp gorkuzýarlar. Şondan soň ol bu teklip bilen razylaşýar. Ilki ony bir ýyl türme tussaglygyna höküm edýärler, soň Moskwa iberýärler we ol bu ýerde ykdysady işler boýunça uly howpsuzlyk işgäri Mironowyň kwartirasynda ýaşaýar. Şolohowyň dul galan aýalynyň ýatlamasyna görä, ol Mironow bilen baryp Donda ýaşaýarkalar tanyş bolupdyr.

Şeýlelikde, Çernowyň tassyklamagyna görä, Şolohow Mironowyň kwartirasynda ýaşaýar, oňa hekaýa ýazmagy öwredýärler.

Görnüşinden, ol ol hiç wagt hiç zat ýazmandyr, ýasama bir zatlar bolmasa, onuň hatlaryny, golýazmalaryny gören adam ýok. Ýazan zatlary diýilýänleriň bolsa onuň öz eli bilen ýazylandygyny ýa-da aýalynyň dogany Iwan Gromoslawskiniň eli bilen ýazylandygyny hiç kim bilmeýär.

Şolohowyň özi bir gezek "Ýuwaş Donuň" iki kitabyny Gromoslawskiniň göçürip berendigini boýun alypdyr.

Eýsem, Şolohowyň adyndan çap edilen beýleki eserler hem onuň özüniňki dälmi, olary kim ýazypdyr diýip soralmagy mümkin.

Çernow bu soraga hem jogap berýär: Şolohowyň adyndan çap edilen "Göterilen tarp", "Adamyň ykbaly" we beýleki eserler "edebi gullar" tarapyndan, ýazyjylar toparynyň gizlinlikde işledilmeginde döredilýär.

"Ol her smenada 10 ýa-da 100 adamyň işini edýän Stahanow ýaly, bütin brigada Şolohow üçin işleýär" diýip, Çernow Stahanowyň özüniň hem bir zatlar edendigini, emma Şolohowyň hiç bir iş etmändigini, onuň üç ýarym klas bilimli, hünärsiz adam bolandygyny hem sözüne goşdy.

Eýsem, howpsuzlyk işgärlerine "Ýuwaş donuň" hakyky awtorynyň nämesi ýaramandyr?

Çernow muny Krýukowyň aklaryň tanymal ýazyjysy, Don hökümetindäki üçünji adam bolmagy bilen düşündirýär. Şu sebäpden, Staliniň hut özüniň goldamagy bilen, howpsuzlyk işgärleri ýörite operasiýa işläp düzýärler. Çünki olara ýaş proletar genisi tarapyndan ýazylan beýik eser gerekdi, olar bu romany bölekleýin owadanladylar, köp redaktirlediler, oňa başga ak ýazyjylardan hem bir topa zat goşdular. Elbetde, romana goşulan zatlary çak edip bolýar, emma ondan kesilip aýrylan zatlary bilmek kyn diýip, Çernow aýtdy.

"Ýuwaş Donuň" golýazmasynyň bir ýerlerde saklanyp galan bolmagy mümkinmi?" Çernow bu soraga şeýle jogap berýär:

"90-njy ýyllaryň başynda biraz maýylganlyk bolanda, Lubýankanyň arhiw işgärleri "Ýuwaş Donuň" golýazmasynirede, näme üçin ony bereňizok?" diýlip soralanda, "Biz bererdik, ýöne Şolohowlaryň maşgalasy garşy çykýar" diýip jogap beripdirler. Men Ýuriý Polýakowa salgylanmagy gowy görýärin, ol 2005-nji ýylda "Literaturnaýa gazetada" "Biz üçin Şolohowy ýitirmek Beýik Watançylyk urşundaky ýeňşi ýitirmek bilen deň" diýip ýazdy. Meniň pikirimçe, golýazma bir ýerler-de ýatyr, sebäbi KGB Irina Nikolýaewna Medwedewa-Tomaşewskaýanyň kitapçasy çykandan soň, ony Donuň ähli ýerinden gözledi. 1974-nji ýylda çykan kitap Şolohowy paş edýän ilkinji barlaglary öz içine alýardy. Şolohow şondan soň insult boldy. Ol kitap Parižde, Aleksandr Solženitsiniň sözbaşysy astynda çykdy" diýip, Çernow gürrüň berdi.

Ol FSB-niň, KGB-niň mirasdüşeriniň öz agentleriniň üstüni açmaýandygyny, emma Bolotow atly howpsuzlyk işgäriniň bir kärdeşine 1923-nji ýylda Mironowyň elinde işlän howpsuzlyk işgäri Şolohow hakynda hat ýazandygyny, bu hatyň birnäçe ýyl öň, Bolotowyň ogly tarapyndan internet-auksionda goýlandygyny hem gürrüň berdi.

"Bu Şolohowyň awtorlygyna garşy çykarylan ölüm hökümidi. Sowet mekdeplerinde Krýukowyň eserlerini öwretmediler, men ol hakynda ýazan kitabymy "Gadagan edilen klassyk" diýip atlandyrdym" diýip, Çernow aýtdy.

A.Lawrow
A.Lawrow


Tanymal edebiýatçy, akademik Aleksandr Lawrow häzir 150 ýyllygy bellenilýän tanymal ýazyjy Fýodor Krýukowyň mundan öň hiç wagt beýle meşhur bolmandygyny, ony Şolohowyň adyndan çap edilen "Ýuwaş Don" romanynyň meşhur edendigini aýdýar.

Onuň pikiriçe, Krýukowy ozaly 1974-nji ýylda Şolohow we "Ýuwaş Don" hakynda ýazylan we tamamlanmadyk kitabyň çykmagy meşhur edýär. Bu kitaby tanymal edebiýatçy alym Boris Tomaşewskiniň dul galan aýaly Irina Mewdedewa-Tomaşewskaýa ýazýar.

Lawrowyň sözlerine görä, bu kitabyň awtorynyň, aýdylyşy ýaly, Şolohow däldigi hakynda baryp 1929-njy ýylda, romanyň ilkinji bölekleri çap edilende gürrüň edilip başlanýar.

"Men akademik Mihail Pawlowiç Alekseýew bilen 10 ýyl işledim, ol Mihail Şolohow bilen akademiki mejlislerde köp duşuşan adam we hemişe doly ynam bilen: "Men ony tanaýaryn, men ony gördüm, ol hiç wagt ol kitaby ýazyp biljek adam däldi" diýerdi diýip, Lawrow radio bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Lawrow bu kitabyň bolşewik-ýazyjynyň galamynyň astyndan çykyp bilmejekdigini aýtsa-da, onuň awtorynyň anyk kimdigi barada anyk bir pikiriniň ýokdugyny hem belläp geçdi. Ýöne ol "Ýuwaş Donuň" awtorynyň Krýukow bolan bolmagynyň mümkindigi bilen hem ylalaşýar.

Georgiý Malahow
Georgiý Malahow


Krýukow okaýyşlarynda çykyş edenleriň biri Georgiý Malahow bolup, ol Fýodor Krýukowyň irki döredijiliginiň we "Ýuwaş Donuň" birinji böleginiň esasynda ýatan kazak aýdymlary hakynda gürrüň etdi. Malahowyň sözlerine görä, Krýukow kazak aýdymlaryny baryp student ýyllaryndan ýygnap başlaýar we daşary ýurtda onuň 1889-njy ýylda aýdym ýazan depderi saklanýar.

Don folklaryny toplan Aleksandr Listopadow "Men 2,5 müň kazak aýdymyny topladym, Krýukow olaryň ählisini bilýän eken" diýipdir.

Krýukow okaýyşlarynda çykyş edenleriň ýene biri Igor Muraşkin boldy, ol Fýodor Krýukow gaznasynyň edýän işleri hakynda gürrüň berdi, ýazyjynyň eserler ýygyndysynyň gazna tarapyndan çap edilen 6 tomlugyny görkezdi.

Igor Muraşkin. F.Krýukowyň kitaplary bilen.
Igor Muraşkin. F.Krýukowyň kitaplary bilen.

Şahyr we žurnalist Tatýana Woltskaýanyň makalasy esasynda taýýarlandy.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG