Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň ähli regiony Putiniň häkimiýetde galmagyna ýol açýan konstitusiýa düzedişlerini tassyklady


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň ähli regiony ýurduň konstitusiýasyna täze düzedişleri girizmegi tassyklady. Bu ýagdaý prezident Wladimir Putiniň häkimiýetde ýene bir 16 ýyl galmagyna ýol açýar.

“Federasiýa Geňeşine regional parlamentleriň ählisinde, 85 parlamentde geçirilen ses berişlikleriň netijeleri gelip gowuşdy. Olaryň ählisi oňyn. Federal Geňeşi bu meselä ertir geçiriljek umumy mejlisde sereder” diýip, “Ria” habar gullugy parlamentiň ýokary palatasynyň Konstitusiýa kanuny baradaky komitetiniň başlygy Andreý Klişasyň 13-nji martda aýdan sözlerine salgylanyp habar berdi.


Russiýada 83 sany administratiw region bar. Bu düzedişler Russiýa tarapyndan Krymda we Krymyň harby deňiz porty Sewastopolda bellenen kanunçykaryjylar tarapyndan hem tassyk edildi.

2014-nji ýylda Moskwa Krymy Ukrainadan zorluk bilen basyp alypdy. Birleşen Ştatlar we dünýä ýurtlarynyň aglaba köplügi Krymyň Russiýa degişlidigini ret edýär we ony Ukrainanyň bir bölegi hasaplaýar.

Kanun çykaryjy gurama, konstitusiýa girizilen düzedişler sebäpli, Putiniň ozalky prezidentlik möhletlerini 0-a getirip, bu sanawy täzeden sanamagy karar etdi.

Putiniň häzirki prezidentlik möhleti onuň tapgyr ikinji 6 ýyllyk möhleti bolup durýar we 2024-nji ýylda tamam bolmaly.

Ozalky düzgünler onuň yzygiderli ýagdaýda üçünji gezek prezidentlige dalaş etmegini gadagan edýär. Emma esasy kanuna girizilýän düzedişler bu ýagdaýlary üýtgedýär we onuň 2024-nji ýylda umumy bäşinji prezidentlik möhletine, 2030-njy ýylda bolsa altynjy gezek saýlanyp biljekdigini aňladýar.

Ýanwar aýynda Putiniň inisiatiwasy esasynda teklip edilen konstitusiýa düzedişleri ýurduň regionlarynyň ählisi tarapyndan tassyklanan bolsa-da, käbir kanunçykaryjylar bu üýtgeşmelerden hoşal däldiklerini aýtdylar.

12-nji martda Russiýanyň Uzak Gündogarynda ýerleşýän Ýakutiýa regionyndaky kanunçykaryjy konstitusiýa düzedişlerine garşy ses berdi we düzedişleri "bikanun" diýip atlandyrandan soňra, wezipesinden çekildi.

Sulustana Myraan "Yakutia.Info" atly ýerli websaýta beren maglumatynda "Il Tumen" ady bilen tanalýan regional parlament “bu aýylgançlyga ses bermek bilen, halkymyza özleriniň nämä durýandyklaryny görkezdi” diýdi.

"Prezidentiň häkimiýetiň ähli üç şahasyny öz elinde saklamaga hukugy ýok. Mundanam başga, onuň inisiatiwasynda amala aşyrylan bu ses berişlik hem bikanundyr. Düzedişler barada geçirilendigi aýdylýan debatlarda kanunçykaryjylaryň öz pikirlerini beýan etmegine mümkinçilik berilmedi. Meniň bu ýerde başga etjek zadym ýok. Men özümi masgara edesim gelmeýär we men muny etmerin" diýip, Myraan aýtdy.

12-nji martda Russiýanyň regionlarynda düzedişler barada debatlar geçirilen döwründe, ýurduň birnäçe şäherinde polisiýa işgärleri düzedişlere garşylyk görkezip, ýöriş geçiren aktiwistleri tussag etdiler.

Häzirki wagtda konstitusiýa düzedişleri ýurduň Konstitusiýa sudy tarapyndan tassyklanmaly.

Eger 22-nji aprelde Russiýada geçiriljek plebissitde, ýagny ähli halk saýlawlarynda ses berijileriň ýarysyndan gowragy muny goldap çykyş etse, onda bu düzedişler gutarnykly ýagdaýda tassyklanar.

KGB-nyň 67 ýaşyndaky öňki ofiseri Putin Russiýany, prezident ýa-da premýer ministr wezipelerinde - 20 ýyldan gowrak wagt bäri dolandyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG