Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Horwatiýada howanyň hapalanmagyna Türkmenistanyň näme dahyly bar?


Garagum çöli
Garagum çöli

Howanyň hapalanmagyny görkezýän PM10 bölejikleriniň ýokary görkezijileri Horwatiýanyň dürli böleklerinde, hususan-da Zagrebde, Osieka, Kopaçki-rita, Sisak we Zolýana ýaly ýerlerinde hasaba alnypdyr. Bu barada Horwatiýanyň media serişdeleri habar berýärler.

Maglumatlara görä, Horwatiýanyň Andreý Ştampar adyndaky milli saglygy saklaýyş institutynyň we DHMZ guramasynyň bilermenleri ýurtda howada tapylan hapalaryň esasan Türkmenistanyň 350 müň kwadrat metr giňişlikde ýerleşýän Garagum çölündäki çäge bölejiklerinden ybaratdygyny aýdýarlar. Garagum çölüniň günbatar böleginde 90 metr beýiklikdäki çäge depeleri meridian ugruna parallel görnüşde geçýändigi bellenýär. Umumy hasapdan million gektar ýeri suwarýan 1300 kilometrlik Garagum kanalynyň ugrunda pagta hem ýetişdirilýär, şeýle-de bu ýer kükürt, nebit we gaz serişdelerine baý diýlip maglumatda aýdylýar. Şeýle-de, çölüň günorta böleginden Transhazar demir ýolunyň geçýändigi bellenýär.

Ýaňy ýakynda Horwatiýada ýer yranma boldy. 22-nji marta geçýän gije Horwatiýanyň paýtagtyndan demirgazykda iki sany ýer ýer sarsgyny emele geldi. Olaryň magnitudasy 5,3 we 5,1 derejesine barabar boldy. Ýer yramasynyň netijesinde binalar ýumruldy, awtoulaglara zeper ýetdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG