Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilkinji türkmenistanly koronawirus bilen ýurduň daşynda hasaba alyndy, Türkmenistanda kärhanalar ýapylýar.


Aşgabat
Aşgabat

Türkmen häkimiýetleriniň koronawirusa garşy alyp barýan çäreleriniň resmi netijeleri belli däl. Türkmenistan dünýä ýaýran bu keselçiligi anyklamak we onuň öňüni almak boýunça bir aýdan gowrak wagt bäri tutuş ýurt boýunça amala aşyrýan çäreleri barada resmi sanlary köpçülige mälim etmeýär. Bu ýagdaýda türkmen raýatynda koronawirusyň ýurduň daşynda tapylandygy mälim boldy.

Türkiýäniň Gündem Kibris neşriniň 22-nji martda habar bermegine görä, ýurduň Demirgazyk Kipr regionynda koronawirus bilen hasaba alnan 38 adamyň arasynda biri türkmenistanly gartaşan aýal bolup çykypdyr. Bu ýagdaýyň jikme-jiklerini anyklap bolmady.

Türkmenistanlylar koronawirus infeksiýasy bilen ýurduň daşynda ilkini gezek anyklanýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri türk media serişdeleriniň bu maglumatyny entek kommentirlemediler. Türkmenistan şu çaka çenli koronawirus bilen ne ýurduň, içinde, ne-de daşynda kesellän raýatlary barada habar beripdi.


Şol bir wagtda-da, ýurtda kesellänleri anyklamak we keseliň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça öň görülmedik çäreler amala aşyrylýar. Paýtagta barýan we welaýatlary baglaýan ýollarda barlaglar geçirilýär, adamlaryň gyzgyny barlanýar, kesel bolmakda güman edilýän adamlar karantina ugradylýar.

Şu günler Türkmenistanda ýüzüne maska dakýan adamlar hem peýda boldy.

"Türkmenabatda bazarlarda we köçelerde ýüzi maskaly adamlary köp görmek mümkin" diýip, habarçymyz 25-nji martda habar berdi.

24-nji martda ýene bir habarçymyz soňky günlerde Daşoguzda tiz kömek işgärlerine maska dakynmaga rugsat berlendigini habar berdi. Ýatlatsak, şu çaka çenli Türkmenistanda ilata maska dakynmak häkimiýetler tarapyndan gadagan edilýärdi. Maskaly adamlar köselerde saklanyp, jerimä sezewar bolýardy.

Häzirki wagtda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary azyk öndürýän käbir kärhanalaryň ýapylandygyny habar berýärler. Kärhanalaryň ýapylmagynyň netijesinde şeýle-de ýurduň içindäki gatnawyň çäklendirilmegi sebäpli işsiz we girdejisiz galýan adamlaryň sany köpelýär. Käbir döwlet edaralarynyň işgärleri aýlyksyz dynç alyşa ugradyldy.

Garaşsyz neşirler bolsa, kafe-restoranlaryň we sport desgalaryň ýapylandygyny habar berýärler.

24-nji martda paýtagtyň kafedir-restoranlaryna bu kärhanalary ýapmak görkezmesi berildi. Häzirki wagtda Görogly köçesindäki Ammar, Magtymguly şaýolundaky "Melbourne Burger" we ýene ençemesi müşderileri kabul etmeýär diýip, Turkmen.news neşri habar berýär we bu naharhanalaryň diňe onlaýn görnüşinde işläp, alyjylaryň öýlerine eltip berýändigini belleýär.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşri 24-nji martdan başlap, ähli sport çäreleriniň we türgenleşikleriň ýatyrylandygyny, şeýle-de sport desgalarynyň we fitnes zallarynyň ýapylandygyny habar berýär.

Bu obýektleriň näçe wagtlyk ýapyk durjagy belli däl. Ýurduň häkimiýetleri alyp barýan çärelerini kommentirlemeýärler. Türkmenistanyň döwlet mediasy bolup geçýän ýagdaýlar barada habar bermeýär.

Türkmenistanda azyk krizisi güýçlenýär, döwlet dükanlarynda çörek, un we ýag nobatlary köpelýär, hususy dükanlarda azygyň nyrhy ençeme esse göterilýär.

Şu günki gün dünýäde koronawirusdan ýogalan adamlaryň sany 20 müňе golaýlady, kesellänleriň sany 430-den ýokarlandy, 116 müňden gowrak adam sagaldy.

Ýewropanyň keselleriň profilaktikasy we gözeçgiligi boýunça merkeziniň maglumatyna görä, COVID-19 keselinden ölýänleriň sany diagnostika edilen 1000 adamdan 20-30 adama golaý bolýar.

Informasiýada aýdylyşyna görä, bu keselden ýörite bejergi ýok, şonuň üçin lukmanlar onuň simptomlaryny bejerýärler, şol sanda hassalaryň gyzgynyny düşürýärler we dem alyş ugrundaky kemçilikleri bejerýärler. Suwuklyk bermek we kislorod terapiýasyny etmek ýaly goldaw beriji çäreleriň hassalar üçin peýdaly bolup biljegi maglumatda aýdylýar.

Şeýle-de, bellenişine görä, wirus adamyň bedenine gözünden, agzyndan ýa-da burnundan girýär. Şonuň üçin eliňi ýuwman ýüzüňe degirmezlik iňňän möhüm bolup durýar. Eliňi sabyn bilen ýarym minutlap ýuwmak ýa-da spirtli serişdeler we salfetkalar bilen arassalamak, COVID-19 bilen infisirlenen adamlardan azyndan bir metr uzakda bolmak maslahat berilýär.

COVID-19 nädip ýaýraýar we ondan nädip goranyp bolýar. BSG-nyň rekomendasiýasy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:33 0:00

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG