Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: Türkmenistana Azerbaýjandan paromly baran 10 adamda koronawirus tapyldy


Türkmenbaşy porty
Türkmenbaşy porty

Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirusyň ýaýramagyna degişli ýagdaý barada dymmagyny dowan etdirýärler. DIM-niň 5-nji martda ýurtda keseliň ýokdugyny aýtmagyndan başga türkmen resmilerinden beýanat bolmady. Azatlygyň ýagdaýdan ygtybarly çeşmeleri Türkmenistanda birnäçe keselläniň hasaba alnandygyny we sanlaryň artýandygyny aýdýarlar.

27-nji martda Azatlyk Radiosyna Azerbaýjandan Türkmenistana baradan paromyň ýolagçylarynda koronawirusyň tapylandygy mälim boldy.

Ýagdaýdan habarly ygtybarly çemämiziň sözlerine görä, soňky günlerde Türkmenbaşyň portuna baran Türkmenistanyň raýatlarynyň azyndan 10-synda koronawirus anyklanypdyr. Munuň bilen baglylykda, Türkmenbaşa Türkmenabatdan ýokanç keseller ugrundan lukmanlar iberilipdir.

Azatlyk Radiosyna bu maglumaty beýleki garaşsyz çeşmelerden we türkmen resmilerinden, şol sanda Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden tassyklatmak başartmady.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary koronawirus bilen kesellänler meselesi barada diňe bir gezek ýagny 5-nji martda çykyş etdiler we ýurtda koronawirus sebäpli kesellän ýa-da COVID-19 wirusy ýokaşan bolmakda güman edilýän ýekeje-de adamyň ýokdugyny yglan etdi. Şondan bäri türkmen ýolbaşçylaryndan resmi maglumat bolmady.

Türkmenistanyň resmi wekilleri Demirgazyk Kiprde Türkmenistanyň raýatynda koronawirusyň anyklanandygy baradaky media maglumatlary hem kommentirlemediler.

Türkiýäniň Gündem Kibris neşriniň 22-nji martda habar bermegine görä, ýurduň Demirgazyk Kipr regionynda koronawirus bilen hasaba alnan 38 adamyň arasynda biri türkmenistanly gartaşan aýal bolup çykypdyr.

Türkmenistanda adamlaryň COVID-19 bilen kesellän bolmagy güman edilýän ilkinji ýagdaýlar barada Azatlyga 3-nji martda mälim bolupdy. Azatlygyň habarçylary Aşgabadyň Çoganlydaky Ýokanç keselleri hassahanasynda azyndan iki adamda koronawirusyň anyklanandygynyň aýdylýandygyny habar berdiler, ýöne şonda bu maglumaty saglyk resmileri ret edipdi.

17-nji martda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki ýagdaýlardan habarly ynamdar çeşmeleri Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda we Balkanabat şäherinde koronawirus bilen näsaglan adamlaryň ýüze çykyp başlandygyny habar berýärler.

Türkmenistanda koronawirus temasy gadagan edilýär. Häkimiýetler problemany ýaşyrmak bilen bir wagtda ilatyň koronawirus barada geplemeginiň öňüni almaga synanyşýarlar. Aşgabatdaky habarçylarymyzyň sözlerine görä, adamlaryň köçede koronawirus baradaky gürrüňdeşligi olaryň saklanmagyna sebäp bolup bilýär. Köp halatlarda adamlary tutup äkidýänler graždan eşikli, saklanan adamlara näme garaşýandygy belli däl.

Häkimiýetler ýurduň içinde alnyp barylýan çäreler barada, şeýle-de koronawirus barada dünýädäki ýagdaýlar barada ilaty habar etmeýärler. Şol bir wagtda-da, soňky hepdäniň dowamynda Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleriň hasam güýçlenendigi göze ilýär, paýtagtda we welaýatlaryň arasynda hereket çäklendirildi, ýollarda we jemgyýetçilik ýerlerinde adamlaryň gyzgyny barlanýar, näsaglyk alamatly adamlar karantine ýollanýar.

Häkimiýetleriň iň köp ulanýan profilaktiki çäreleriniň arasynda ähli ýerde üzärlik tütedilýär. Soňky günlerde wirusa garşy göreşmekde netijeli serişde hökmünde ýoduň ähmiýeti wagyz edilýär. Hususan-da, döwlet telewideniýesinde ýoda baý azyk önümleri iýmek ýygy-ýygyndan maslahat berilýär.

Şu günler türkmenistanlylaryň ençemesi, öýlerine dolanyp bilmän, ýurduň daşynda galýar we uly kösençlikleri başdan geçirýär. Diňleýjilerimiziň Moskwadan habar bermegine görä, Türkmenistanyň raýatlarynyň ençemesi öz ýurduna uçmak niýeti bilen aeroportda galýarlar, köpüsinde gün görmäge maddy mümkinçilik ýok, ilçihana öz raýatlaryna ýardam bermeýär, reýsleriň 30-njy aprele çenli ýatyrylandygyny aýdýar.

Türkmenistanyň Türkiýedäki raýatlary hem çykgynsyz ýagdaýda. "Geliň Stambulyň aeroportuna, watanyna uçmak üçin 15-nji martdan bäri garaşýan Türkmenistanyň ýene 300 raýatyny görersiňiz" diýlip, Azatlygyň websaýtyna diňleýjiniň ýazan maglumatynda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG