Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirusyň ykdysady netijeleri adaty durmuşa ýeňil gaýdyp gelmek umydyny azaldýar


Koronawirus pandemiýasynyň käbir global gyzgyn nokatlarda ýokary derejä çykyp başlandygy baradaky deslapky alamatlara, hökümetleriň öň deňi-taýy bolmadyk maliýe we pul höweslendirmelerine garamazdan, global ykdysady çökgünlik we jemgyýetçilik tolgunyşyklary baradaky hopukdyryjy çaklamalar kölege salýar.

9-njy aprelde Halkara pul gaznasynyň (IMF) başlygy Kristalina Georgiýewa bu pandemiýanyň "Beýik Depressiýadan bäri iň erbet ykdysady çökgünlige" sebäp bolup biljekdigini duýdurdy. Oxfam halkara kömek guramasy bolsa, ýarym milliard adamyň garyplyga uçramagynyň mümkindigini çaklady.

9-njy aprelde BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň wideo konferensiýa arkaly geçiren ýapyk sessiýasynda çykyş eden baş sekretar Antonio Guterres "bu nesliň söweşi we Birleşen Milletler Guramasynyň bar bolmagynyň sebäbi" diýdi.

Bu pandemiýa "halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň saklanmagyna möhüm howp abandyrýar - bu biziň kesele garşy göreşmek ukybymyza ep-esli zyýan ýetirjek zorluklaryň we sosial tolgunyşyklaryň artmagyna sebäp bolup biler" diýip, Guterres duýdurdy.

Birleşen Ştatlar dünýäde tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany boýunça birinji we wirusdan ölenleriň sany boýunça ikinji orunda durýar. Täze maglumatlar dünýäniň iň uly ykdysadyýetine eýe bolan Birleşen Ştatlarda soňky üç hepdede 17 million iş ýeriniň ýitendigini görkezýär.

Öňümizdäki hepdelerde işsizligiň 15 prosente ýetmegine garaşylýan mahaly, 9-njy aprelde Birleşen Ştatlaryň Federal rezerwi ýurduň ykdysadyýetini berkitmek üçin 2,3 trillion dollar möçberindäki täze maliýe kömegini yglan etdi.

Birleşen Ştatlarda wirusdan ölenleriň sany 16000-den aşan bolsa-da, 9-njy aprelde ABŞ-nyň hökümetiniň pandemiýa boýunça ýokary derejeli eksperti sosial aralyklaryň we gulplamalaryň wirusyň ýaýramagyny haýallatmaga kömek edýändigini aýtdy.

Ispaniýa, Italiýa, Fransiýa we Britaniýada günde birnäçe ýüz adamyň ölendigi hasaba alynsa-da, Ýewropanyň birnäçe ýurdunda wirus ýokuşan we keselhana ýerleşdirilýän adamlaryň sany azaldy. Ýewropada COVID-19-dan 61000 müňden gowrak adam öldi.

9-njy aprelde Londonda premýer-ministr Boris Johnson "örän gowy tapda" keselhananyň intensiw bejeriş bölüminden çykaryldy diýip, premýer-ministriň edarasy aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň maliýe ministrleri 9-njy aprelde koronawirus pandemiýasy sebäpli dörän krizis şertlerinde milli ykdysadyýetleri, şol sanda işgärleri we telekeçileri goldamak üçin 500 milliard ýewro möçberinde çäreler paketini döretmek ylalaşygyna geldiler.

Günbatar ýurtlarynda umydyň uçguny bar bolsa-da, saglyk hünärmenleri adaty durmuşa gaýdyp gelmek baradaky islendik irki hereketiň, bütin dünýäde täze gyzgyn nokatlaryň emele gelmegi bilen, infeksiýanyň nobatdaky tolkunlaryna sebäp bolup biljekdigini duýdurýarlar.

XS
SM
MD
LG