Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ozal görlüp-eşidilmedik hereket bilen Kongresi gaýra goýmak haýbatyny atýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp ýokary wezipelere, şol sanda salgytlar bilen maliýeleşdirilýän “Amerikanyň sesi” we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy ýaly media guramalaryna gözegçilik edýän federal agentlige ýolbaşçy wezipesine görkezen dalaşgärlerini tassyklamakda kanun çykaryjylaryň haýal hereket edýändigi barada bildirýän lapykeçligi sebäpli Kongresi gaýra goýmak haýbatyny atdy.

Bu haýbat Ak tamyň ýaňy ýakynda onuň “Amerikanyň sesini” koronawirus pandemiýasynyň dowamynda Hytaýy propaganda etmekde aýyplamagynyň fonunda 15-nji aprelde geçirilen metbugat ýygnagynda atyldy.

“Senat ýa öz borjuny berjaý edip, meniň görkezen dalaşgärlerim babatynda ses bermeli ýa-da arakesme wagtynda meniň özüm olary wezipä bellärim ýaly ol resmi taýdan gaýra goýulmaly” diýip, ol aýtdy.

Tramp konstitusiýada Kongresi mejbury gaýra goýup, Senatdaky sesleriň köplügi bilen däl-de prezidentiň özüne gönüden-göni wezipä bellemek hukugyny berýän mehanizmi güýje girizmek barada gürrüň edýär. Senat häzirki wagtda respublikanlaryň gözegçiligindedir.

Senatyň köplük lideri Miç MakKonnel (Mitch McConnell) beýanat ýaýradyp, koronawirus keseline garşy göreşmekde möhüm orny eýeleýän wezipelere bellenenleri tassyklamagyň bir ýoluny tapmagy wada berýändigini, ýöne munuň Senatyň düzgünlerine laýyklykda azlyk demokrat lideri Çak Şumeriň (Chuck Schumer) razyçylygyny talap edýändigini aýtdy.

Şu wagta çenli hiç bir prezident bu mehanizmi ulanmady.

2014-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň Ýokary kazyýeti eger-de Senat dynç alyşda bolmasa, ýa-da öz resmi wezipesini ýerine ýetirip bilmese beýle herekete ýol berilmeýändigi barada biragyzdan karar kabul etdi.

Tramp salgytlar bilen maliýeleşdirilýän halkara media guramalaryna gözegçilik edýän Birleşen Ştatlaryň Global Media Agentligini dolandyrjak dokumental film režissýory Maýkl Pakyň (Michael Pack) wezipesini Senatda tassyklamagyň gijikdirilmegini ýörite belledi.

“Onuň iki ýyl bäri komitetde saklanyp galmagy biziň Amerikanyň sesini dolandyrmagymyza päsgel berýär. Örän möhüm” diýip, Tramp aýtdy we “Amerikanyň sesi” barada özüne gowuşýan maglumatlaryň “ýürekbulançdygyny” aýtdy

“Amerikanyň sesiniň” direktory Amanda Bennett geçen hepde Ak tamyň tankydyny ret edip, halkyň maliýeleşdirýän garaşsyz habar serişdeleriniň meseläni ähli nukdaýnazardan görkezmäge hakynyň bardygyny we aslyýetinde “muny kanunyň talap edýändigini” aýtdy.

ABŞ-nyň halkara mediasyna öz programmalarynda amerikan auditoriýasyny nyşana almak kanun taýdan gadagan edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG