Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebapdaky harasatda azyndan 30 adamyň ölendigi, pidalaryň köpüsiniň çagalardygy aýdylýar


Türkmenabat. Bankyň jaýy.

Azatlyga, ýel-harasadyň jaýlara, binalara ýetiren zyýanyny görkezýän suratlar bilen bilelikde, açyk meýdanda, demir gözenekli haýatyň gapdalyndaky köçede ölüp ýatan adamyň jesedini görkezýän surat hem gelip gowuşdy.

Azatlygyň ýerli habarçylary soňky günlerde ýurduň regionlarynda bolan tebigy hadysalaryň netijeleri baradaky maglumatlary öwrenmeklerini dowam etdirýärler.

Daşary ýurtlardaky habar serişdelerine, internete syzyp çykan maglumatlara garamazdan, türkmen häkimiýetleri Lebapda bolan tebigy harasatdan bäri geçen bir hepdä golaý wagtyň içinde onuň ýetiren zyýanlary, adam pidalary barada hiç maglumat bermedi.

Şol bir wagtda, resmi Aşgabat hem, hökümetçi neşirler-de ol ýa-da beýleki görnüşde türkmenistanlylara we gyzyklanýan daşary ýurt raýatlaryna elýeterli bolan maglumatlary inkär etmedi.



Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň 2-nji maýda beren maglumatyna görä, 27-nji aprelde turan güýçli ýel-harasat wagtynda onlarça adamyň heläk bolandygy aýdylýar.

“Edil häzir azyndan 30 adamyň ölendigi, olaryň köpüsiniň çagalardygy anyklandy” diýip, bu maglumaty ynamdar çeşme hem tassyk etdi.

Harasatyň şol wagt aýlaw çarhyna münen çagalaryň hem birnäçesini öldürendigi, olaryň münen çarhynyň ýele gaýyp gidendigi habar berilýär.

Şeýle-de Azatlyga, ýel-harasadyň jaýlara, binalara ýetiren zyýanyny görkezýän suratlar bilen bilelikde, açyk meýdanda, demir gözenekli haýatyň gapdalynda ölüp ýatan adamyň jesedini görkezýän surat gelip gowuşdy.

Habarçy ol suratyň Türkmenabat şäherinde düşürilendigini habar berdi we polisiýanyň yzyny çalyp, suratçyny tapmazlygy üçin, ony çap etmezligi sorady.

“Bir ýogalan çaganyň ýasyna bardym. Ol ýere, ölen çaganyň ene-atasyndan dilhaty almak üçin, polisiýanyň wekili hem geldi” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, polisiýanyň ofiseri ölen çaganyň kakasyndan “arza-şikaýatyň ýokmy?” diýip sorapdyr.

Çaganyň kakasy: “Arz-şikaýatym bar, näme üçin beýle güýçli harasat boljagyny öňünden duýdurmadyňyz, harasat turjagyny aýdanlygyňyzda çagam ölmezdi?” diýip sorady. Polisiýanyň wekili bu nägilelige “sen öz eliň bilen gömdüň, çagalaryny tapman ýören adamlar bar” diýip, gödek jogap berdi diýip, Azatlyga 2-nji maýda gowşan maglumatda aýdylýar.

Mundan öň Azatlyk Türkmenabat şäherinde elektrik üpjünçiliginiň hem wagtynda dikeldilmändigini, ilatyň toksuz kösenýändigini habar beripdi.

“Şu günden başlap gaz berilýär, tok köp ýerde berilmeýär, elektrik üpjünçiligi bolubilse 25 prosent dikeldilendir” diýip, habarçy aýtdy.

Elektrik üpjünçiliginiň bölekleýin dikeldilendigini Azatlygyň ikinji çeşmesi hem tassyk etdi.

“Çärjew etrabynda, Saýatda, Sakarda tok ýok, şäheriň içinde bölekleýin tok berlip başlan ýerleri bar” diýip, ol aýtdy.

Şol bir wagtda, häkimiýet wekilleriniň, öý-jaý dolandyryş edarasynyň uçastok wekilleriniň gelip, adam heläkçiligi bolan, jaýlary ýykylan adamlaryň adreslerini ýazyp alýandygy, “şifer geler, berler, ýöne öz puluňyza satyn almaly bolarsyňyz” diýýändigi habar berilýär.


Daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleri bu harasat bilen baglylykda Türkmenistanyň prezidentine ýüzlenme kabul etdiler we onda ejir çeken hojalyklara kömek bermek çagyryşy edilýär.

Şeýle-de, Türkmenabatda harasat döwründe talaňçylyga düşen hususy dükanlaryň eýeleriniň agyr zyýan çekendigi, hatda bir dükanyň eýesiniň talanan dükanyny görüp, özüni heläkländigi hakynda hem maglumat bar.

“Ol esasan telewizor, tozan sorujy, ütük, elektrik çäýnegi ýaly enjamlary satýan eken, başagaýlykdan peýdalanan näbelli adamlar dükandan göyterip bilen zadyny alyp gidipdir” diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de habarçy ýel-harasatda ýykylan agaçlary aýyrmak, arassaçylyk işleri üçin esgerleriň getirilendigini, olaryň göwünli-göwünsiz işläp, ýykylan baglary aýyrmak bilen meşgullanýandygyny habar berdi.

“Adatdan daşary ýagdaý gullugynyň işgärleri, halas edijiler topary diýen ýaly zat görmedim. Edara-kärhanalaryň işgärlerini ýowara çykardylar, olar öz iş ýerleriniň territoriýasynda ýykylan daragtlary kesip, aýyrmak bilen meşgul” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG