Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa COVID-19 keseliniň fonunda Ýeňiş gününi çäkli çäreler bilen belleýär


Beýik Britaniýada harby ofiserler Ikinji Jahan urşunda nasist Germaniýa garşy ýeňşiň 75-nji ýyldönümini ýatlamak çäreleriniň çäginde iki minutlyk dymyşlygy berjaý edýärler.

Ýewropa ölüm howply koronawirusdan saplanmaga synanyşýan mahaly, bu ýyl kontinentiň ýurtlary Ikinji Jahan urşunda nasist Germaniýa garşy ýeňşiň 75-nji ýyldönümini, ýagny 8-nji maýda bellenilýän Ýewropada Ýeňiş gününi çäkli çäreler bilen belleýär.

Ýewropada COVID-19 keselinden häzire çenli 146000-den gowrak adam öldi. Bu görkeziji "D-güni" diýlip atlandyrylýan Ikinji Jahan urşundaky harby operasiýada Normandiýanyň kenar ýakalaryna hüjüm eden soýuzdaş güýçleriň sany bilen takmynan deňdir.

Germaniýada kansler Angela Merkel we prezident Frank-Walter Steinmeier ýaly ýokary derejeli resmiler Berlinde nasist jenaýatlarynyň pidalaryna bagyşlanan ýadygärlige gül desselerini goýarlar.

Bu gün Germaniýada soňky hepdelerde koronawirus ýokuşan adamlaryň sanynyň azalýan we hökümetiň Ýewropanyň iň uly ykdysadyýetini dikeltmek umydy bilen käbir biznesleri gaýtadan açmagyny dowam etdirýän mahalyna gabat geldi.

Kontinentiň beýleki ýerlerinde Ýewropada Ýeňiş güni dabaralary yza süýşürildi, ýatyryldy ýa-da onlaýn görnüşinde geçiriljek ýatlama çärelerine çenli çäklendirildi.

Şa zenany Ýelizaweta II telewideniýede britan halkyna ýüzlener. Onuň bu çykyşy ýurtda koronawirusdan 31000-e golaý adamyň ölen we Britaniýanyň Bankynyň şu ýyl ykdysadyýetiň 14 göterim pese gaçjakdygyny çaklan döwrüne gabat gelýär.

Britan premýer-ministri Boris Johnsonyň 10-njy maýda petikleme çäklendirmelerini ýeňilleşdirmek meýilnamalaryny mälim etmegine garaşylýar.

COVID-19 keselinden ilatynyň 26000-e golaýy heläk bolan Fransiýada prezident Emmanuel Makron Pariždäki “Arc de Triomphe” monumentinde geçirilen dabara gatnaşdy. Bu dabara ýurtda petikleme çäreleri dowam edýän mahaly, köpçülige ýapyk görnüşinde geçirildi.

Fransiýa petikleme wagtynda senagat önümçiliginiň ep-esli pese gaçandygyny habar berdi, ýöne ýurduň 11-nji maýda ilkinji gezek käbir çäklendirmeleri ýatyrmagyna garaşylýar.

Kontinentiň beýleki tarapynda bolsa, ýagny Russiýada Moskwa uly harby parad geçirmegi meýilleşdiripdi, emma ýurtda petikleme çäreleri dowam edýändigi sebäpli bu dabara şu ýylyň ahyryna çenli goýbolsun edildi.

Prezident Wladimir Putin bu ýyl harby enjamlary görkezmegiň ýerine, Moskwadaky "Näbelli esgeriň mazary" memorialyna gül goýar we ykdysady aladalaryň hem-de soňky günlerde koronawirus ýokuşan adamlaryň sanynyň günde 10000-i geçmeginiň fonunda, halka ýüzlenip çykyş eder.

Häzire çenli bütin dünýäde COVID-19 keselinden azyndan 270000 adam öldi.

Ýewropanyň käbir ýerlerinde global pandemiýanyň tendensiýasy peselýän ýaly bolup görünse-de, ekspertler ölüm howply wirusyň ikinji tolkunynyň gaýdyp gelip biljekdigini aýdýarlar.

Bu aralykda, Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwer işler boýunça başlygy Mark Lowkok (Mark Lowcock) 7-nji maýda eden çykyşynda dünýäniň garyp ýurtlarynda pandemiýanyň iň ýokary derejesiniň üç-alty aý aralygynda ýetmegine garaşylmaýandygyny aýtdy.

Ol hökümetleri, kompaniýalary we milliarderleri ejiz ýurtlara kömek etmek üçin 6,7 milliard dollar möçberindäki gazna goşant goşmaga çagyrdy. Lowkok çäkli sosial howpsuzlyk torlary we gowşak saglygy goraýyş ulgamlary bolan ýurtlaryň “açlyk pandemiýasy”, açlyk, bidüzgünçilikler we çaknyşyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini aýtdy.

Bu aralykda, Birleşen Ştatlar 8-nji maýda ýurduň Zähmet ministrligi aprel aýy üçin aýlyk iş hasabatyny çap edeninde, ýurtda işsizligiň derejesiniň taryhy ýokarlanmagyna garaşýar.

Birleşen Ştatlarda ykdysady hereketlendirijiniň togtadylmagy sebäpli soňky ýedi hepdäniň dowamynda 33 milliondan gowrak amerikaly işsizlik boýunça kömek puluny almak üçin ýüz tutdy. Zähmet ministrliginiň hasabatynda ABŞ-da işsizligiň derejesiniň azyndan 16 göterim boljakdygyny görkezmegine garaşylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG