Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer ýardam ugradýar, "Talyban" ony ýolda talaýar


Türkmenistanyň Owganystana iberen ynsanperwer kömekleriniň biri.

Türkmenistan Owganystanyň halkyna nobatdaky gezek ynsanperwer ýardamyny ugratdy. Azyk önümlerinden ybarat ýükler geçen şenbe güni, ýagny 2-nji maýda Akine benderinde owgan resmilerine gowşuryldy. Ýöne ol ýükleri "Talyban"​ ýolda ele geçirdirler.

Ynsanperwer kömekleri ulag sürüjiler ýük ulaglary arkaly Akina benderine getirdiler. Şol ýerden ol kömek ýük ulaglarynda Meýmene şäherine ugradyldy.

Türkmenistanyň beren ynsanperwer ýardamy Meýmene şäheriniň hem etraplarynyň kömege mätäç bolan ýaşaýjylaryna paýlanyp berilmelidi. Ýöne ynsanperwer kömeklerini alyp barýan ýük ulaglaryny "Talyban"​ ýolda saklady hem özleriniň goragyna geçirdi.

Türkmenistanyň beren ynsanperwer kömegini "Talybanyň" ýolda saklamagyna Farýab welaýatynyň häkimi Nakibulla Faýyp öz närazylygyny bildirdi. Bu kömekleri Türkmenistanyň ýoksul adamlar üçin ýollandygyny aýdyp, häkim şeýle diýdi.

– Farýab welaýatynyň pakyr-pukaralary üçin, Türkmenistan ýardam etdi. Ony "Talyban"​ ýolda taladylar. "Talybanyň" bu talaňçylygy kabul ederlikli däldir. Biz şol ynsanperwer kömegi garyp-ýoksul ildeşlerimize paýlap bermegi göz öňünde tutupdyk. "Talybanyň" eýeçilik edýän obalarynda ýaşaýan ildeşlerimize-de bu kömekden paýlanyp bermekçidik. Emma ony "Talyban" ýolda talap aldylar – diýip, häkim aýdýar.

Türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýeri Anthoýyň hem dört etrabynda jeňçiler hereket edýärler. Garamgol etrabynda, ýagny "Talybanyň" eýeçilik edýän ýerlerinde ýaşaýan ilata-da Türkmenistandan gelen ynsanperwer kömeklerden berilmelidigini häkim belledi. Ol kömekleriň diňe raýat adamlary üçin niýetlenendigini Nakibulla Faýyp ýörite nygtap geçdi.

Türkmenistanyň iberen ynsanperwer kömegi azyk-iýmit harytlaryndan ybarat. Olaryň arasynda gök we miwe önümleri, şeýle hem towuk ýumurtgasy bar. Häkimiň aýtmagyna görä, bir ýük ulagynyň harytlaryny "Talybanyň" öz harby merkezine eltip ýerleşdiripdirler. Dört ýük ulagyny bolsa su yssy howada meýdanda saklaýarlar. Olardan bir ýük ulagynda gök we miwe önümleri bilen ýumurtga bar. Ol wagtynda halka paýlanyp berilmese zaýalanar.

“Talybanyň bu edýän işleri jenaýatdyr, halkyň hakyna kast etmekdir. Bu kömeklere çagalar we aýal maşgalalar mätäç bolup otyr. "Talybanyň" bolsa ol kömegi ne özleri millete paýlap berýärler, ne-de biziň paýlap bermegimize goýýar” diýip, häkim aýdýar.

Farýab welaýatynyň ýerli geňeşiniň deputatlary gidip, Türkmenistandan iberilen ynsanperwer kömegiň sada halka niýetlenendigini olara aýdypdyrlar. Iberilen kömegiň çaltrak halka paýlanyp berilmelidigini deputatlar olardan sorapdyr. "Talybanyň" ýanyna il ýaşulularynyň hem ugradylandygyny Farýab welaýatynyň häkimi Nakibulla Faýyp aýdýar. Emma "Talybanyň" il ýaşululary bilen ahunlaryň sözüni hem diňlemändir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG