Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ömrüň zorluk astynda geçen 16 ýyly"


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gyrgyzystanda alty çaganyň enesi adamsynyň yzygiderli urup-ýenjip durmagyndan gaçyp, Jalal-Abatdan Bişkege gelipdir. Çagalary adamsynyň ýanynda galypdyr. Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde, 16 ýyllyk agyr maşgala durmuşy sebäpli ýarawsyzlyk alandygyny hem durmuşyny gaýgy-alada bilen geçirendigini aýdyp, ýüreginde näsazlyk bardygyny mälim etdi.

Otuz bäş ýaşly aýal soňky dörän goh-galmagala hem zorluga çydaman, Bişkekdäki hossarlarynyň ýanyna gaçyp gelipdir. Onuň sözüne görä, maşgala durmuşy başlananly bäri, zorlugyň yzy üzülmändir.

– Häzir men aýal doganymyň öýünde bolýan. Bu ýere gaýtjagymy hatda çagalaryma-da aýtmadym. Maşgala dawamyz ýönekeý zatdan başlandy. Soňky dawa bolan güni men öýe 20 minut gijä galyp geldim. Içeri girenimden, adamym gygyryp hem topulyp başlady. Onuň eli ýadasa, taýak bilen urýar ýa-da bogýar. Bu gezegem şeýle boldy. Meni urup, soňra-da ötünç sorap, myhmançylyga çykyp gitdi. Men öýden gaçmagy dogry bildim. Pulum ýokdy meniň. Şol gün obamyzda bolan hudaýýola bir adam geldi, ol milisiýada işleýän eken. Ol maňa blokpostdan geçmäge kömek etdi. Biz maşyna münüp, Bişkege gaýtdyk. Hossarlaryma jaň edip, barýandygymy aýtdym. Olar meni garşy alyp, ýol kireýimi tölediler – diýip, ol gürrüň berýär.

Ýaş maşgala öz adyny aýtmak islemedi. Onuň sözüne görä, 19 ýaşynda durmuşa çykypdyr. Adamsy käte gazanç üçin Moskwa gidipdir. Häzir ol öz obalarynda gurluşyk işleri bilen meşgullanýar. Aýalyň özi çagalary bilen öýde oturypdyr hem işläp bilmändir. Biz bilen gürleşen iki sagadynyň dowamynda, ol birnäçe gezek derman içdi hem tolgunyp derleýärdi.

– Okuwy gutaran badyma ol meni alyp gaçdy. Biz öňden tanyşdyk. Owalda meniň hossarlarym keseki ýere durmuşa çykýandygym üçin, muňa närazy boldular, soňra ylalaşdylar. Meniň özüm Batkenden. Biziň düzgünimiz örän ýowuz – maşgaladaky gyz çaga keseki adam hökmünde garaýarlar. Durmuşa çykanyňdan soň ataň öýüne gelmek gadagan. Ile gülki bolmaýyn diýip, men baryna çydadym. Soňky wagtda ýüregim agyryp başlady. Häzir telewizorda görkezilýän kinolarda biri gygyrsa ýa ýakymsyz ses bolsa, derrew meni der basýar, bedenim sandyrap gaharym gelip başlaýar. Häzir adamym jaň edip, menden ötünç soraýar hem gaýdyp beýle bolmajagyna söz berýär. Hossarlarym bolsa meni goýbermekden gorkýarlar, onuň seni bogup öldürmegi mümkin diýýärler. Sebäbi mundan üç ýyl öň şeýle bolupdy, men onuň sözüne ynanyp, öýe dolandym. Goh-galmagal wagtynda çagalar meniň tarapymy çalsa, olary urmagy ýa öýden kowmagy mümkin. Adamym maňa topulanda, olar oturyp aglaşýarlar – diýip, geçen durmuşyny ýatlaýar.

Ol 16 ýyllap çagalarynyň hatyrasyna, olary atasyz goýmazlyk üçin, şeýle kemsidiji basyşa çydam edipdir. Onuň mekdep ýaşyna ýeten 5 gyzy hem 1 ogly bar, olary adamsyna taşlap, öýünden gaçypdyr.

– Kiçilerim ekiz, 2-nji synpda okaýarlar. Oglum maşgaladaky ortanjy çagamyz. Uly gyzym barada alada galyp başladym. Adamym oňa-da mydama gygyrýar ýa haýbat atýar. Gyz çaga başgarak çemeleşmeli ahyryn. Adamym ilki goh-galmagal edýär, soňra urýar, soň birneme gezip-aýlanyp, yzyndan hem ötünç soraýar. Çagalarym üçin geçen günlerimiň baryna çydadym, men olary nirä alyp gideýin diýip oýlandym. Indi bolsa çydamaga güýjüm ýok. Özüm ýarawsyz bolup galdym – diýýär.

Biziň gürrüňdeşimiz kömek sorap, hukuk goraýjylara, ýuristlere hem krizis merkezine ýüz tutupdyr. Häzirki wagtda onuň çagalaryny Bişkege getirmek meselesine seredýärler.

Gülbarçyn Jumabaýewa.
Gülbarçyn Jumabaýewa.

Gender meseleleri boýunça hukuk goraýjy Gülbarçyn Jumabaýewanyň aýtmagyna görä, Gyrgyzystanyň jemgyýetinde aýal maşgala öýdäki zorlugyň ählisine çydamaly, öýdäki ýagdaýy daşary çykarmaly däl diýen düşünje bar. Eger maşgala bozulsa, ol maşgalasyny gorap bilmedi diýip, aýaly günäleýärler.

«Maşgalada mydama zorluga hem ahlak taýdan basyşa duçar bolan aýalyň psihiki ýagdaýy ýaramazlaşýar. Ol öz durmuşy gutarýandyr diýip pikir edýär, çagalarynyň köçede galmagyndan gorkýar. Sebäbi adamsy oňa mydama şony aýdýar. Beýle aýallar bilen gürrüň geçirenimizde, olaryň sagatlygyny, işlemäge mümkinçiliginiň bardygyny, geljeginiň gowy boljakdygyny düşündirmäge çalyşýas. Köp aýal gorkudan ol agyr durmuşa çydaýar, olar geljegiň nämälimliginden gorkýarlar. Biz bolsa olara maşgaladaky zorluga artykmaç çydamlylyk etmegiň gereginiň ýokdugyny, munuň olar üçin ýaramaz gutarjakdygyny aýdýas»diýip,Gülbarçyn düşündirýär.

Häzir Jalal-Abatdan gelen ol aýala psihologiki hem ýuridiki ýardam berilýär. Ol Bişkegiň töwereginde özüne iş hem ýaşamaga jaý gözleýär. Golaýda ol çagalarynyň yzyndan gelendigini aýdyp, begenç bilen jaň etdi.

– Ondan bir gün öň adamym jaň edip, çagalarymy getirjegini aýtdy. Ol çagalaryndan aýrylmak islemeýär. Hossarlary onuň meniň üstüm bilen çagalarynyň galmagyny isleýärler. Adamym işde wagtynda, men erkek doganyma jaň etdim. Ol gelip, çagalarymy alyp, bärik getirdi. Öýde gaýyn atam galdy, ol içýär, şonuň üçin onuň ýanyna her hili adam gelýär. Biz gyzymdan gorkduk. Doganym meniň olary blokpostdan geçirip, Bişkege iberipdir. Häzir gürrüň çykanynda, çagalarym kakalary barada hiç zat aýtmaýarlar, diňe onuň häsiýetiniň gödekdigini aýdýarlar. Çagalarym barada oýlanyp, olarda mendäki ýaly takdyryň bolmagyny islemeýärin. Men indi köne durmuşyma dolanman, diňe çagalarymy nädip eklejegimi, olara bilim bermegi gaýgy edýän. Ýeri gelende aýtsam, gyzym meniň akylly, mekdepde gowy okaýar. Häzir men iş hem jaý gözleginde, durmuşymyz ýola düşer ýaly, men güýjümi gaýgyrjak däl– diýip, ol aýdýar.

Bişkekde karantin wagtynda maşgaladaky zorluk hadysalary geçen ýyldaky döwür bilen deňeşdirilende, 62% artdy. Resmi maglumatlara görä, Gyrgyzystanda maşgaladaky zorluk bilen baglanyşykly ýagdaý 65% ýokarlanypdyr.

Koronawirus pandemiýasy döwründe, ýagny dünýäniň ilatynyň üçden bir böleginiň karantin sebäpli öýde oturan wagtynda, maşgaladaky zorlugyň derejesi ýokarlandy.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyzgullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG