Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýadan dolanan özbek migrantlary serhetde jemlenýärler. Gazagystan olary goýbermeýär


Orsýet - gazak serhedinde jemlenen özbek migrantlary.
Orsýet - gazak serhedinde jemlenen özbek migrantlary.

11-nji maýda Russiýanyň hem Gazagystanyň serhedinde öz ýurduna dolanan ýüzlerçe özbek migranty jemlenip başlady. Olar Gazagystanyň hem Özbegistanyň hökümetlerinden Özbegistana aşar ýaly, tranzit ýoluň açylmagyny soraýarlar. Ýöne Gazagystanyň hökümetleri goňşy ýurtlarda koronawirus bilen baglanyşykly epidemiologiýa ýagdaýlar gowulaşýança, serhedi açmakdan ýüz öwürýär.

Russiýanyň Orenburg oblastyndaky Gazagystan bilen serhetde ýerleşýän «Maştakowo»barlag-goýberiş punktynda, Özbegistandan bolan ýüzlerçe zähmet migranty jemlendi.

Azatlyk Radiosynyň žurnalisti bilen gürleşenlerinde, özbegistanlylar Gazagystan 11-nji maýda Russiýa bilen öz serhedini açar diýen umyt bilen ýola çykandygyny aýtdylar.

Farruh atly özbek migrantynyň sözüne görä, migrantlaryň belli bölegi rus-gazak serhedinde indi 10 gün bäri saklanýarlar.

– Häzir biz Orenburg oblastyndaky «Maştakowo»barlag-goýberiş punktynda durus. Bu ýere on gün öň gelen maşynlaram bar. Gümrük 11-nji maýda açylýar diýdiler. Ýöne ol gün Gazagystan öz serhedini açmady. Bu ýerde 400-500 adam jemlendi. Ýene içi ýolagçydan doly iki awtobus dur. Bu ýerde saklanýanlaryň ählisi Özbegistanyň graždanlary. Mundan başga-da Gyrgyzystanyň döwlet belgisi bolan 100 çemesi maşyn bar, olaryň ählisi serhetden geçmäge garaşýarlar. Gyrgyzystanlylary Orenburga jemläp, olary bir kerwen bilen ýurduna alyp gitdiler – diýip, gürrüňdeşimiz aýdýar.

Ýatlatsak, 7-nji maýda gazak hökümetleri Orenburg oblastyndan bolan 500-den gowrak Gyrgyzystanyň graždanlary üçin, Gazagystanyň territoriýasyndan, diňe bir wagtlyk tranzit ýoly açmaga rugsat berjekdigini aýdypdy. Gazak tarapynyň goýýan şertine görä, Gyrgyzystanyň graždanlary diňe ýörite awtoulaglarda hem-de medisina işgärleriniň gatnaşmagynda geçmelidi.

Şol aralykda Azatlygyň çeşmesiniň maglumatyna görä, özbegistanlylar Orsýet-Gazagystan serhetindäki beýleki barlag-goýberiş punktyna hem jemlenip başlapdyrlar.

Farruhyň sözüne görä, Özbegistanyň graždanlary gazak resmilerinden, tranzit ýoluň açylmagyny soraýarlar.

– Buguruslandaky punktyň ýapyklygy sebäpli 15-20 ýolagçy maşyny dur. Awtoulaglaryň geçip biläýjek esasy punktlary bolan «Maştakowo», «Sagarçin» hem«Ozinki»geçelgelerinde migrantlar jemlendi. Men gazagystanly serhetçiler bilen gepleşdim, olaryň aýtmagyna görä, 11-nji maýda serhediň açylmagy mümkin diýipdi. Indi bolsa ýene şony diýýärler. Bu ýerde 100-150 ýolagçyly maşyn bar. Durmak üçin hiç bir şert ýok. Adamyň köp jemlenendigi sebäpli bu ýere OMON güýçleri getirildi. Olar adamlara maşyndan çykmagy gadagan edýärler. Azyk üçin dükana diňe iki adam gidip bilýär. Adamlar öz maşynynyň içinde ýatýarlar. Biz gazak hökümetlerinden diňe bir zady – Özbegistana barýançak, üç günlük tranzit ýoluny açmagy haýyş edýäris – diýip, Farruh atly migrant aýdýar.

Özbegistanlylar Moskwanyň, Sankt-Peterburgyň, Wladimiriň, Woronežiň hem-de Orsýetiň beýleki regionlarynyň üstünden, Azatlyk Radiosyna baglanyşdylar. Olar rus-gazak serhediniň açylmagyna sabyrsyz garaşýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy 30-njy aprelde Russiýanyň dürli regionlaryndan bolan özbegistanlylaryň awtokolonna bilen ýurda ugrandygyny habar beripdi. Olaryň köpüsi işsiz galandygy sebäpli koronawirus karantini döwründe ýaşamaga mümkinçilik tapman, yzyna gaýdýandygyny aýdypdy.

Gazagystanda 15-nji martda koronawirus sebäpli başlanan adatdan daşary ýagdaýyň möhleti 11-nji maýda tamamlanar diýen umyt bardy. Ýöne Gazagystanyň resmileri adatdan daşary ýagdaý aradan aýyrsalar-da, karantin çäreleriniň 11-nji maýdan soňra-da dowam etjekdigini aýtdy.

Daşardan Gazagystanyň döwlet serhedine gelenleriň ählisi, demirýol ýolagçylary-da, iki gije-gündiz aýratyn saklanyp, olarda COVID-19wirusynyň barlagy geçirilmeli edildi.

8-nji maýda Gazagystanyň Jemgyýetçilik saglygy saklaýyş merkeziniň direktory Damir Kobžasarow ýerli metbugata ýurt entek öz daşarky serhedini açmajakdygyny aýtdy.

«Şertleriň ýumşadylmagy baradaky ähli çäreler dünýädäki ýagdaýa bagly bolar. Eger biz häzir özümizdäki ýagdaý kadaly diýip, beýleki ýurtlardan gelýän ýolagçylara girizilen gadagançylygy aýryp başlasak, onda ýurtdaky ýagdaýy agyrlaşdyryp bileris»diýip, Damir Kobžasarow belledi.

Koronawirusa ýoluganlaryň arasynda Russiýanyň ABŞ-dan soň 2-nji orna geçendigini bellemek gerek. Ol ýerdäki ýagdaý Beýik Britaniýadan hem Ispaniýadan öňe geçdi. Kesele ýoluganlaryň sany 232 243 adama ýetdi. Bir günde koronawirusa ýolugan 10899 adam hasaba alnypdyr.

Wirus ýaýraly bäri Orsýetde 2116 adam ýogaldy, 43512 adam bolsa sagaldy. Russiýa hökümetiniň maglumatyna görä, 186615 adam koronawirus infeksiýasyndan ejir çekýär. Olaryň arasynda zähmet migrantlarynyň hem az däldigi aýdylýar.

Material AÝ/AR-nyň Özbekgullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG