Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Telekeçi: "5000 manat kredit üçin 50 gapydan resminama almaly"


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, Lebap welaýatynda has köp kiçi we orta telekeçiniň karz pul almak üçin ýurduň banklaryna ýüzlenýändigini görse bolýar. Ýöne telekeçiler türkmen banklary, hususan-da "Senagat" paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan berilýän karz puly almakda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berýär.

"5000 manat kredit üçin 50 gapydan resminama almaly. Mysal, üçin "önümçilik işlerini ýerine ýetirmäge" karz pul almak üçin 20-ä golaý resminama tabşyrmaly. Bu resminamalary almak uly problema. Ilki karz alyjy 3 arkasynyň gowudygy barada notarial edaradan kepilnama almaly, soňra oňa häkim gol goýmaly. Soňra etrap söwda bölümine telekeçi önüm öndürende geljek peýdanyň mukdaryny tassyklatmaly. Başga-da ençeme resminama ýygnamaly. Para bermeseň, bu edaralaryň aglabasy resminamalary taýýarlap bermeýär" diýip, 15-nji maýda lebaply telekeçileriň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçy başga-da onlarça telekeçiniň şuňa meňzeş şikaýatlary edýändigini, ütesine-de, olaryň bu resminamalary "Senagat" bankyň Aşgabatdaky edarasyna tabşyrmalydygyny belläp, şeýle diydi:

"Kerkiniň ýaşaýjylary bu karzy almak üçin 1300 kilometr çemesi ýol geçip, Aşgabada ençeme gezek baryp gelmeli bolýarlar. Sebäbi bu ýerde-de resminamalaryň ýetmeýändigini ýa-da onda harp ýalňyşyň bardygyny aýdyp, gaýta-gaýta yzyňa iberýärler. Adamlar ähli resminamalary täzeden taýýarlamaly bolýarlar".

Lebaply telekeçiler özleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň munuň bilen hem çäklenmeýändigini, sebäbi ähli resminamalar taýýar bolandan soňra, karzy tassyklatmak üçin bank işgärlerine hem para bermeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

"Ähli resminamalary ýygnap getireniňden soňra, eger 5000 manat karz pul alýan bolsaň, onda onuň 1000 manadyny, ýagny 20%-ni bank işgärlerine para hökmünde bermeli. Ýogsa-da, olar karzy tassyklamaýarlar" diýip, telekeçi aýtdy.

Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Türkmenistanyň "Senagat" paýdarlar täjirçilik bankyndan kommentariý almak başartmady.

Bankyň resmi websaýtynda kiçi we orta telekeçiler üçin berilýän karzlaryň görnüşleri barada maglumat berilse-de, olary almagyň düzgünleri hakda hiç zat aýdylmaýar.

Şol bir wagtda, websaýtda "Önümçilik maksatlary" üçin karzyň ýyllyk-7% bilen, 5 ýyla çenli möhlet bilen berilýändigi bellenilipdir.

Türkmen häkimiýetleri raýatlaryň, şol sanda kiçi we orta telekeçileriň döwlet tarapyndan goldanylýandygy, olaryň ýurduň banklaryndan karz pul almagy üçin ähli şertleriň döredilendigi barada yzygiderli çykyş edýärler. Bu barada döwlet mediasynda "banklardan karz pul alan raýatlar" barada wagtal-wagtal wideo reportažlar görkezilýär.

Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we türkmenistanlylaryň ençemesi türkmen banklaryndan karz pul almak bilen baglylykda raýatlaryň býurokratik bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny belläp, munuň örän çylşyrymlydygyny aýdyp gelýärler.

Şeýle-de, olar ýurtda ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmegi bilen, bu prosesiň soňky döwürde has-da kynlaşdyrylandygyny belleýärler.

Ýerli synçylaryň we telekeçileriň ençemesi “ýokarda arkasy bolmadyk telekeçileriň köplenç her dürli ýanamalara, para bermäge sezewar edilýändigini” we bu ýagdaýyň soňky otuz ýylda on müňlerçe adamyň iş ýerini ýitirmegine hem-de ýapmagyna sebäp bolandygyny aýdýar.

Transparency International guramasynyň korrupsiýa boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda ​ýaýradan soňky hasabatynda Türkmenistan Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa regionynda iň yzdaky orunda ýerleşdirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG